"Türkmen sporty" gazeti

Esaslandyryjysy: "Türkmen Sporty" gazetiniň redaksiýasy
Salgysy: Aşgabat şäheri, 1995-nji köçe 66 jaýy
Telefon belgileri: 22-33-91, 22-33-72

Habarlar

Bedew münen sag bolar

Türkmen durmuşynda bedewleriň ornuny öwrenmekde milli Liderimiziň eserleri gymmatly çeşmedir. Hormatly Prezidentimiz ahalteke bedewleri barada şeýle diýýär: «Biziň milli buýsanjymyz, Türkmenistanyň Döwlet tugrasynyň bezegi bolan ahalteke bedewi Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyzyň hakyky simwolydyr we onuň parahatçylyga we dünýäniň ähli halklary bilen dostluga ymtylyşynyň şaýadydyr». Türkmen halkynyň göz guwanjy bolan bedewleriň ynsan saglygyny goramakda we keselleriň öňüni almakda hem peýdasy uludyr. At münmek adamda duş gelýän dürli keselleri bedewe bolan ýakymly garaýyşlaryň, söýginiň täsiri bilen bejermek usulydyr. Eýýäm ir döwürlerden maýyplygy bolan adamlara saglyk kömegini bermekde ippoterapiýadan peýdalanylypdyr. Ippoterapiýada ruhy we beden sagdynlygy sazlaşýar. Has anyk düşündirip aýtsak, bedewiň ýanyna baran adam ýakymly duýgulary başdan geçirýär. Bedewiň gözelligi, mähirliligi, oňa dakylan esbaplaryň, şaý-sepleriň nepisligi, owadanlygy ruhy taýdan oňyn täsirini ýetirýär. Adam ownuk-uşak aladalardan saplanýar, göwni ganatlanýar. Ata-babalarymyz «Bedew münen hassa sagalar» diýip, ýöne ýere aýtmandyrlar. Bejergi üçin at münülende, ýarawsyz adam bedewiň üstünde eýersiz oturýar, şonuň netijesinde atyň endamynyň gyzgyny oňa täsirini ýetirýär. At münmek adamyň merkezi nerw ulgamynyň işjeňligini artdyrmak bilen, onuň hereketine tygşytlylyk, takyklyk, ynamlylyk h

Milli gymmatlyklarymyzyň naýbaşysy

Asyrlaryň jümmüşinden bitewiligini saklap gelen türkmen halkynyň dünýäniň maddy medeniýetine goşan goşandy örän uludyr. Şol gymmatlyklaryň biri-de ahalteke bedewleridir. Döwlet Baştutanymyzyň ýakyndan goldaw bermeginde türkmeniň atşynaslyk, seýisçilik sungaty özüniň gadymy dessurlaryny gaýtadan dikeldýär. Türkmen bedewiniň şan-şöhraty barha belende galýar. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen, her ýylyň aprel aýynyň soňky ýekşenbesinde ahalteke bedewleriniň gözellik bäsleşiginiň, şekillendiriş we amaly-haşam sungatynyň, ussat halyçylaryň, zergärleriň, suratkeşleriň we heýkeltaraşlaryň bedewiň waspyny ýetirýän eserleriniň arasynda döredijilik bäsleşikleriniň, halkara ylmy-amaly maslahatlaryň dabaraly ýagdaýda geçirilmegi atşynaslyk sungatyna goýulýan belent sarpanyň aýdyň subutnamasydyr. «Türkmen bedewi we dünýäniň seýisçilik sungaty» atly halkara ylmy-amaly maslahatynyň yzygiderli geçirilmegi bolsa dünýäniň ylmy jemgyýetçiliginiň ünsüni meşhur ahalteke bedewlerine gönükdirýär.

Küşt me­se­le­le­ri

Bölümi Türkmenistanyň milli oýunlarynyň merkeziniň baş tälimçisi B.Atabaýew alyp barýar.

TFF-niň täzelikleri

Özbegistanyň paýtagty Daşkentde 2022-nji ýylda futbol boýunça ýaşlar ýygyndylarynyň (U23) arasynda geçiriljek Aziýa Kubogynyň saýlama tapgyrynyň bijeleri çekildi. Onuň netijesinde ýygyndy toparlaryň 42-si toparçalaryň 11-sine bölündiler. Günbatar zolakda toparçalaryň altysy (23 ýygyndy) emele gelen bolsa, Gündogar zolagynda ýygyndylaryň 19-sy toparçalaryň bäşisinde çykyş ederler.

Taýjyk ussanyň pälwanlar maşgalasy

Oba arasynda tutulýan ady Taýjyk ussa bolsa-da, deň-duşlary oňa Pälwan diýip ýüzlenerdiler. Ol häzir segseni arka atan goja. Taýjyk ussa diňe bir Görogly etrabynyň «Berkarar» geňeşliginde däl, eýsem, tutuş etrapda sylanýan ýaşulularyň biri. Ömrüniň köpüsini daýhançylyk, maldarçylyk bilen geçiren gojanyň adynyň yzyna «ussa» sözi tirkelse-de, henize çenli onuň ussaçylyk edip, pil, kätmen bejerenini, orak dişänini gören adam ýok. Elbetde, biz bu babatda onuň özüne-de sowal berdik, ýöne anyk bir jogaby alyp bilmedik. Gürrüňi edilýän daýhan birleşigine köp ýyllaryň dowamynda ýolbaşçylyk eden, Taýjyk ussanyň deň-duşy Atajyk Muhammedow bilen bolan söhbetdeşlikde onuň bu «syry» açyldy duruberdi. – Taýjyk ýaşlykda örän ezberdi, onuň elinden gelmeýän hünär ýokdy. Haýsy işiň başyna barsa-da, öň görüp goýan ýalydy. Öz işiniň ussadydy. Ýaşlykda boş wagtlarymyz göreş tutardyk. Ol şoňa-da ýolbaşçylyk ederdi. «Öwlüýa ýabyň» ilersindäki kirşenlik ýer biziň türgenleşik meýdançamyzdy. Şeýdip onuň ussat ady wagtyň geçmegi bilen ussa öwrüldi gidiberdi – diýip, Atajyk aga gürrüň berýär.

Taryhda şu gün

1994-nji ýylyň 17-nji iýulynda 15-nji gezek geçirilen futbol boýunça dünýä çempionatynyň finalynda Braziliýanyň hem-de Italiýanyň milli ýygyndylary duşuşdylar. ABŞ-nyň futbol meýdanlarynda geçirilen dünýä birinjiliginiň aýgytlaýjy duşuşygyna barýan ýolda Italiýanyň ýygyndysy toparçalaýyn bäsleşikde Irlandiýadan 1:0 hasabynda ýeňleninden soň, galan iki duşuşygynda (Italiýa-Norwegiýa – 1:0, Italiýa-Meksika – 1:1) dört utuk toplap, ýaryşy 1/8 finaldan dowam etdiripdi. Şondan soň goşmaça wagtda Nigeriýadan 2:1, çärýek finaldyr ýarym finalda bolsa Ispaniýadyr Bolgariýadan esasy wagtda 2:1 hasabynda üstün çykmagy başarypdy. Braziliýanyň ýygyndysy bolsa diňe bir duşuşygyny deňlikde tamamlap, galan oýunlarynda ýeňiş (Braziliýa-Russiýa – 2:0, Braziliýa – Kamerun – 3:0, Braziliýa – Şwesiýa – 1:1, Braziliýa-ABŞ – 1:0, Braziliýa-Niderlandlar – 3:2, Braziliýa-Şwesiýa – 1:0) gazanypdy.

Welaýatlardan habarlar

Gahryman Arkadagymyzyň parasatly baştutanlygynda ähli ulgamlarda bolşy ýaly, sporta hem uly üns berilýär. Etrek etrabynyň sport we ýaşlar syýasaty bölümine degişli sport mekdeplerinde ýaşlaryň futbol, woleýbol, ýeňil atletika, milli göreş we beýleki görnüşler bilen meşgullanmagyna giň mümkinçilikler döredilendir. Sport mekdeplerinde zähmet çekýän tälimçi-mugallymlar ýaşlaryň berk bedenli, sagdyn durmuş ýörelgelerini berk berjaý edýän, öz saýlap alan sport görnüşleri boýunça tejribeli türgenler bolup ýetişmekleri üçin yhlas-başarnyklaryny gaýgyranoklar. Türkmen sportuny dünýä ýüzünde tanatmakda diýseň beýik işleri amal edýän hormatly Prezidentimize alkyşlarymyz egsilmezdir.

Sagdynlygyň, sportuň, syýahatçylygyň sazlaşygy

Sagdyn durmuş kadalaryny yzygiderli berjaý etmekde, sport bilen meşgullanmakda her bir raýata nusgalyk görelde bolup durýan hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow şu hepdede Balkan welaýatyna bolan iş saparynyň barşynda hem bu asylly durmuş ýörelgesine eýerdi. Arkadag Prezidentimiz hepdäniň sişenbe güni egindeşleri bilen «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynyň çägi boýunça welosipedli gezelenç etdi. Döwlet Baştutanymyz Awazanyň çäklerinde amatly ekologik ýagdaýy saklamak maksady bilen, bu ýerlerde döredilýän seýilgäh zolaklarynyň çäginiň giňeldilmelidigi bilen baglylykda degişli görkezmeleri berdi.

Türkmenistanyň birinjiligi

Ýakynda Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrliginiň Aşgabat şäheriniň sport we ýaşlar syýasaty Baş müdirliginiň Türkmenistanyň Gimnastika federasiýasy bilen bilelikde guramagynda çeper gimnastika boýunça ýurdumyzyň birinjiligi geçirildi. Aşgabat şäheriniň 13-nji sport mekdebiniň gimnastika sagaldyş-sport desgasynda ýaýbaňlandyrylan birinjilige ýurdumyzyň welaýatlarynyň we paýtagtymyzyň türgenleri gatnaşdylar. Ýaşlaryň (12 – 15 ýaş) we ulularyň (16 we uly ýaş) arasynda geçirilen bäsleşiklerde Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň baş tälimçisi Fiza Aýwazowanyň hem-de Galina Poýakinanyň, Jemile Muradowanyň, Mariýa Kartaşowanyň şägirtleri tapawutlandylar.

Olimpiýa oýunlaryna gatnaşarlar

Ýaponiýanyň paýtagty Tokio şäherinde geçiriljek XXXII tomusky Olimpiýa oýunlarynda çykyş etjek türkmen türgenleriniň atlary mälim boldy. Türkmenistanyň Milli Olimpiýa komitetiniň tassyklan düzümine görä, abraýly ýaryşda ýurdumyza 9 türgen wekilçilik eder. Şeýlelikde, dzýudo boýunça geçiriljek bäsleşige ussat türgenimiz Gülbadam Babamuratowa gatnaşar. Ikinji Olimpiadasynda çykyş edýän (Rio-de-Žaneýro, 2016-njy ýyl) Gülbadam 52 kilograma çenli agram derejesinde göreşer. Hojamuhammet Toýçyýew (+109 kg), Öwez Öwezow (109 kg çenli), Rejepbaý Rejepow (81 kg çenli), Polina Gurýewa (59 kg çenli) hem-de Kristina Şermetowa (55 kg çenli) agyr atletika boýunça ussatlyklaryny görkezerler. Ýeňil atletikanyň ýekedaban zyňmak görnüşinde Mergen Mämmedow bäsleşse, suwda ýüzmekde Darýa Semýonowa (100 metr brass) hem-de Merdan Ataýew (100 we 200 metr aralyklara arkanlygyna ýüzmekde) suw ýodasyna çykarlar.

Ussatlary ýetişdirýän mekdep

Elbetde, sporty düýpli ösdürmek, Watanyň abraýyny gorap biljek kämil türgenleri ýetişdirmek işi berk binýada esaslanýar. Binýadyň berkden tutulmagy hakynda aýdanymyzda, häzirki wagtda ýurdumyzyň olimpiýa ätiýaçlygyny emele getirýän mekdepleriň işiniň ähmiýetine aýratyn ünsi çekmek gerek. Bu millionlaryň söýgüsini gazanan futbol oýny hakynda söhbet edilende hem şeýledir. Futbol boýunça milli mekdebimiziň häzirki ussatlarynyň ençemesiniň sport ýolunyň Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrliginiň Futbol boýunça geljekki olimpiýaçylaryň ýöriteleşdirilen çagalar-ýetginjekler sport mekdebinden başlanandygy bu hakykaty subut etmek üçin ýeterlik bolsa gerek. Türkmen futbolunyň janköýerleriniň üns merkezinden ornuny tapan ussatlarymyzyň – Altymyrat Annadurdyýewiň, Arslanmyrat Amanowyň hem-de Serdar Geldiýewiň we beýlekileriň şu mekdepde kämillik ýoluna düşendikleri, şeýle ussatlaryň sanynyň barmak büküp sanardan köpdügi sport ojagynyň işiniň netijeliliginden habar berýär. Mekdebiň ussat tälimçileriniň alyp barýan türgenleşiklerini synlanyňda, olaryň zähmetiniň, yhlasynyň gysga döwrüň içinde miwesini berjekdigine guwanýarsyň.

Sport mekdeplerinde

Iýunyň ahyrky günlerinde Serdar şäher sport we ýaşlar syýasaty bölüminiň Türkmenistanyň TMÝG-niň Balkan welaýatynyň Serdar şäher geňeşi bilen bilelikde guramagynda Balkan welaýatynyň Serdar şäheriniň çägindäki «Dürdäne» çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezinde dynç alýan çagalaryň arasynda futzal ýaryşy geçirildi. Ýaryş diýseň şowhunly we çekeleşikli geçdi. Onda çykyş eden toparlar ezber türgenlere mahsus bolan häsiýetleri görkezdiler. Ýaryşyň netijesinde 1-nji orna «Bagtyýarlyk», 2-nji orna «Berkararlyk» toparlary mynasyp boldular. Ýeňijilere Serdar şäher sport we ýaşlar syýasaty bölüminiň Hormat hatlary we TMÝG-niň Balkan welaýatynyň Serdar şäher geňeşiniň sowgatlary gowşuryldy. Gülälek NURYÝEWA,

«Talyp sport» – ýeňiji

Ýakynda Türkmenistanyň Basketbol federasiýasynyň Kubogy ugrundaky bäsleşik tamamlandy. Ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň toparlarynyň arasynda geçirilen ýaryşa ýedi topar («Talyp sport», «Binagär», «Kerwen», «Bürgüt», «Maliýe», «Dragon-OIL», «Gurluşykçy») gatnaşdy. Toparlar ilki toparçalaýyn bäsleşikde güýç synanyşdylar. Geçirilen deslapky tapgyryň netijesinde «A» toparçada «Gurluşykçy» bilen «Dragon-OIL», «B» toparçada bolsa «Talyp sport» bilen «Binagär» toparlary öňe saýlandylar.

Zehinli türgen

Garaşsyz, baky Bitarap ata Watanymyzyň ýaşlary özlerini bagtly ynsan hasaplamaga haklydyr. Çünki Diýarymyzda bedenterbiýäni we sporty ösdürmek Berkarar döwletimiziň alyp barýan ynsanperwer syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup, sport we sagdyn durmuş ýörelgesi adamyň ähli mümkinçiliklerini doly açmaga ýardam edýär. Bu ugurda Gahryman Arkadagymyz ählimiz üçin görelde mekdebidir. Hormatly Prezidentimiz: «Mähriban ýaşlar! Watana wepaly bolmakda, zähmetsöýerlikde, ynsanperwerlikde, halallykda siz beýlekilere nusga bolmalysyňyz!» diýip sargyt etmek bilen, ýaşlara uly ynam bildirýär. Gahryman Arkadagymyzyň sargyt-pentlerine eýerip, öz üstünlikleri bilen Watanymyzyň ýaşyl Tuguny birnäçe döwletlerde parlatmagy başaran ýaşlaryň biri-de hazarly ýaş türgen Ýakub Meredowdyr. Ol 8 ýaşyndan Hazar şäheriniň sport we ýaşlar syýasaty bölüminiň 1-nji sport mekdebinde Batyr Aşyrowyň elinde boks boýunça tälim alyp başlaýar. Ýakup çagalykdan maksadaokgunly we zähmetsöýer bolup, şäherara we welaýat derejede geçirilýän bäsleşiklerde üstünlikli çykyş edip, öz deň-duşlaryndan tapawutlanmagy başarýar. Ol 2013-nji ýylda 56 kg agramda Türkmenistanyň çempionatynda 1-nji orna mynasyp bolýar. Türkmenistanyň Kubogy ugrundaky ýaryşda öňe saýlanýar. Şol ýyl Gazagystanyň Astana şäherinde geçirilen boks boýunça dünýä çempionatyna hem-de Tatarystan Respublikasynyň Kazan şäherinde guralan Uniwersia

Ýaş tälimçi

Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň sport fakultetiniň 3-nji ýyl talyby hem-de Türkmenistanyň Kikboksing federasiýasynyň tälimçisi Ýazberdi Paýanow öz ugrundan ussatlyga ýeten türgenleriň biridir. Biz golaýda Ýazberdi bilen söhbetdeş bolup, onuň sport ýolunda gazanan üstünlikleri hakynda beren gürrüňlerini ýazga geçirdik. – Kikboksing bilen 2008-nji ýyldan bäri meşgullanyp gelýärin. Meniň halypam Türkmenistanyň at gazanan tälimçisi A.N.Snagowskiý. Kakam Çarymyrat Paýanow hem bu hünärmenden tälim alyp, Türkmenistanyň ençeme gezek çempiony bolmagy başarypdy. Tejribeli tälimçi indi birnäçe ýyl bäri maňa kikboksingiň inçe tilsimlerini öwredip gelýär. Bu bolsa birnäçe ýaryşlarda üstünlik gazanmagyma getirdi.

Welaýatyň birinjiligi

Balkan welaýatynyň sport we ýaşlar syýasaty Baş müdirliginiň TMÝG-niň welaýat geňeşi, Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň welaýat komiteti bilen bilelikde guramaklarynda Balkan welaýatynyň sport we ýaşlar syýasaty Baş müdirliginiň 3-nji sport mekdebinde oglan-gyzlaryň arasynda agyr atletika boýunça welaýatyň birinjiligi geçirildi. Ýaryşda oglanlaryň arasynda 45 kg agramda Ysmaýyl Hajymämmedow, 49 kg agramda Rüstem Mämmiýew, 55 kg-de Yslam Musaýew, 61 kg-de Şamämmet Täçmämmedow, 67 kg agramda Salyh Nurmammedow, 73 kg-de Musa Jumagulyýew, +73 kg-de Remezan Töräýew dagy ýeňiji boldy. Gyzlaryň arasynda 41 kg-de Gülruh Japarawa, 45 kg-de Maýagözel Kürmenowa, 49 kg-de Keýki Aganazarowa, 55 kg-de Aýläle Sähedowa, 59 kg-de Artykgül Kadyrowa dagy öňdeligi eýeledi.

Welaýatlardan habarlar

«Arkadagyň bagtyýar nesilleri» çagalar dynç alyş we sagaldyş merkezinde dynç alýan çagalaryň arasynda «Sport parahatlykdyr, dostlukdyr, sagdynlykdyr we gözellikdir!» atly şygar bilen guralan wagyz-nesihat ähmiýetli çäre örän täsirli boldy. Ony «Türkmenistan» Ýaşlar bedenterbiýe-sport guramasy, Mary welaýatynyň Baş bilim müdirligi, Mary welaýatynyň Sport we ýaşlar syýasaty Baş müdirligi, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky ýaşlar guramasynyň Mary şäher geňeşi hem-de Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Oguzhan etrap birleşmesi bilelikde guradylar. Meýlis YLÝASOW,

Bedew münen sag bolar

Bilşimiz ýaly, gadymy döwürlerden bäri ahalteke atlaryny seýislemekde, atly gezelençler arkaly adamy bejermekde ata-babalarymyzyň ulanan täsin hem syrly usullary özüniň oňyn netijelerini berip gelipdir. Behişdi bedewlerini maşgala agzalarynyň biri hökmünde gören türkmen halky olaryň tohum arassalygyny saklamak bilen bir-birinden owadan, ýyndam atlary ösdürip ýetişdiripdir. Çaga terbiýesinde hem bedew atlaryň orny uly bolupdyr. Oglan-gyzlar çagalygyndan bedewler bilen ysnyşyp, olarda janly-jandara bolan söýginiň döremegine ýardam berlipdir. Seýisler at seýislän wagty ýaş oglanlaryň kömegine bil baglapdyrlar. Seýisçilik babatda hem gadymy bedew ussatlary özleriniň asylly hünärlerini nesillerine geçiripdirler. Ahalteke atlary diňe bir durmuş hajatlary üçin ulanylman, olaryň kömegi bilen hassalar bejerilipdir. Bilşimiz ýaly, çeper eserleriň birnäçesinde bedew atlaryň kömegi bilen adamlaryň bejerilişi hakynda giňden beýan edilýär. Bu babatda dünýä ýüzünde hem giň tejribe toplanandyr.

Bagtly çagalygyň ýurdy

Türkmenistan – bagtly çagalygyň ýurdy. Ýaş nesliň mynasyp bilim we terbiýe almagy, bedenterbiýe we sport, aýdym-saz, edebi-çeper döredijilik bilen meşgullanmagy, boş wagtyny şadyýan geçirmegi üçin ata Watanymyzda ähli tagallalar edilýär. Şu günler bagtyýar çagalar wagtlaryny bilim ojaklarynyň dynç alyş meýdançalarynda, Gökderedäki çagalar sagaldyş-dynç alyş merkezlerinde, şeýle-de, gözel paýtagtymyz Aşgabat şäheriniň seýilgählerinde şatlyk-şagalaňda geçirýärler. Hormatly Prezidentimiziň nygtaýşy ýaly, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe beden taýdan sagdyn, ruhubelent nesli kemala getirmek döwletimiziň esasy wezipeleriniň biridir. Şu nukdaýnazardan, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäher geňeşiniň guramagynda «Aşgabat» seýilgähinde çagalaryň arasynda şahsy arassaçylyk, sagdyn durmuş ýörelgeleri barada söhbetdeşlikler guralýar. Şeýle-de, çagalar ýapyk toplumlarda «kim çalasyn?», «bir aýakda towusmak», «haltada bökmek», «ýüpde bökmek» bäsleşiklerinde we küşt, düzzüm ýaly oýunlarda öz ukyp-başarnyklaryny ýüze çykarýarlar. Goý, il-günüň bagtly durmuşy, çagalaryň eşretli gelejegi ugrunda irginsiz alada edýän hormatly Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak bolsun, tutýan tutumly işleri mydama rowaçlyklara beslensin!

Türkmeniň gadymy sungaty

Mälim bolşy ýaly, gadymy döwürlerden bäri türkmen milli göreşi toýlaryň bezegi hasaplanypdyr. Uly-uly toýlara alysdan we ýakyndan pälwanlar çagyrylypdyr. Türkmen halkynyň köküni asyrlaryň jümmüşinden alyp gaýdýan milli göreşi halkyň durmuşynda biçak uly ähmiýete eýe bolupdyr. Muňa edebi mirasymyza ser salanymyzda hem göz ýetirýäris. Ençeme asyrlaryň dowamynda dilden-dile geçip gelýän «Görogly» şadessanyny okanymyzda, Göroglynyň, Bezirgeniň, gelin-gyzlaryň arasynda Harmandäliniň, Aýsoltanyň keşpleri arkaly halkymyzyň durmuşynda göreşiň nähili orna eýe bolýandygyny, pälwanlara nähili hormat-sarpanyň goýlandygyny görýäris. Türkmen milli göreşine taryhyň ähli döwürlerinde aýratyn ähmiýet berlipdir. Şu sebäpli hem, göreş tutýan pälwanlara il içinde uly hormat goýlupdyr.