Türkmenistanyň birinjiligi

9 Iýul 2021
979

Ýakynda Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrliginiň Aşgabat şäheriniň sport we ýaşlar syýasaty Baş müdirliginiň Türkmenistanyň Gimnastika federasiýasy bilen bilelikde guramagynda çeper gimnastika boýunça ýurdumyzyň birinjiligi geçirildi.

Aşgabat şäheriniň 13-nji sport mekdebiniň gimnastika sagaldyş-sport desgasynda ýaýbaňlandyrylan birinjilige ýurdumyzyň welaýatlarynyň we paýtagtymyzyň türgenleri gatnaşdylar. Ýaşlaryň (12 – 15 ýaş) we ulularyň (16 we uly ýaş) arasynda geçirilen bäsleşiklerde Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň baş tälimçisi Fiza Aýwazowanyň hem-de Galina Poýakinanyň, Jemile Muradowanyň, Mariýa Kartaşowanyň şägirtleri tapawutlandylar.

«Türkmen sporty».