Welaýatlardan habarlar

16 Iýul 2021
847

Gahryman Arkadagymyzyň parasatly baştutanlygynda ähli ulgamlarda bolşy ýaly, sporta hem uly üns berilýär. Etrek etrabynyň sport we ýaşlar syýasaty bölümine degişli sport mekdeplerinde ýaşlaryň futbol, woleýbol, ýeňil atletika, milli göreş we beýleki görnüşler bilen meşgullanmagyna giň mümkinçilikler döredilendir. Sport mekdeplerinde zähmet çekýän tälimçi-mugallymlar ýaşlaryň berk bedenli, sagdyn durmuş ýörelgelerini berk berjaý edýän, öz saýlap alan sport görnüşleri boýunça tejribeli türgenler bolup ýetişmekleri üçin yhlas-başarnyklaryny gaýgyranoklar.

Türkmen sportuny dünýä ýüzünde tanatmakda diýseň beýik işleri amal edýän hormatly Prezidentimize alkyşlarymyz egsilmezdir.