Sagdynlygyň, sportuň, syýahatçylygyň sazlaşygy

9 Iýul 2021
692

Sagdyn durmuş kadalaryny yzygiderli berjaý etmekde, sport bilen meşgullanmakda her bir raýata nusgalyk görelde bolup durýan hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow şu hepdede Balkan welaýatyna bolan iş saparynyň barşynda hem bu asylly durmuş ýörelgesine eýerdi. Arkadag Prezidentimiz hepdäniň sişenbe güni egindeşleri bilen «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynyň çägi boýunça welosipedli gezelenç etdi.

Döwlet Baştutanymyz Awazanyň çäklerinde amatly ekologik ýagdaýy saklamak maksady bilen, bu ýerlerde döredilýän seýilgäh zolaklarynyň çäginiň giňeldilmelidigi bilen baglylykda degişli görkezmeleri berdi.

«Türkmen sporty».