Zehinli türgen

9 Iýul 2021
919

Garaşsyz, baky Bitarap ata Watanymyzyň ýaşlary özlerini bagtly ynsan hasaplamaga haklydyr. Çünki Diýarymyzda bedenterbiýäni we sporty ösdürmek Berkarar döwletimiziň alyp barýan ynsanperwer syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup, sport we sagdyn durmuş ýörelgesi adamyň ähli mümkinçiliklerini doly açmaga ýardam edýär.

Bu ugurda Gahryman Arkadagymyz ählimiz üçin görelde mekdebidir. Hormatly Prezidentimiz: «Mähriban ýaşlar! Watana wepaly bolmakda, zähmetsöýerlikde, ynsanperwerlikde, halallykda siz beýlekilere nusga bolmalysyňyz!» diýip sargyt etmek bilen, ýaşlara uly ynam bildirýär. Gahryman Arkadagymyzyň sargyt-pentlerine eýerip, öz üstünlikleri bilen Watanymyzyň ýaşyl Tuguny birnäçe döwletlerde parlatmagy başaran ýaşlaryň biri-de hazarly ýaş türgen Ýakub Meredowdyr. Ol 8 ýaşyndan Hazar şäheriniň sport we ýaşlar syýasaty bölüminiň 1-nji sport mekdebinde Batyr Aşyrowyň elinde boks boýunça tälim alyp başlaýar. Ýakup çagalykdan maksadaokgunly we zähmetsöýer bolup, şäherara we welaýat derejede geçirilýän bäsleşiklerde üstünlikli çykyş edip, öz deň-duşlaryndan tapawutlanmagy başarýar. Ol 2013-nji ýylda 56 kg agramda Türkmenistanyň çempionatynda 1-nji orna mynasyp bolýar. Türkmenistanyň Kubogy ugrundaky ýaryşda öňe saýlanýar. Şol ýyl Gazagystanyň Astana şäherinde geçirilen boks boýunça dünýä çempionatyna hem-de Tatarystan Respublikasynyň Kazan şäherinde guralan Uniwersiada gatnaşýar.

Azat TÄÇMÄMMEDOW,
Hazar şäheriniň sport we ýaşlar syýasaty bölüminiň 1-nji sport mekdebiniň müdiriniň okuw-sport işleri boýunça orunbasary.