Ussatlary ýetişdirýän mekdep

9 Iýul 2021
795

Elbetde, sporty düýpli ösdürmek, Watanyň abraýyny gorap biljek kämil türgenleri ýetişdirmek işi berk binýada esaslanýar. Binýadyň berkden tutulmagy hakynda aýdanymyzda, häzirki wagtda ýurdumyzyň olimpiýa ätiýaçlygyny emele getirýän mekdepleriň işiniň ähmiýetine aýratyn ünsi çekmek gerek. Bu millionlaryň söýgüsini gazanan futbol oýny hakynda söhbet edilende hem şeýledir.

Futbol boýunça milli mekdebimiziň häzirki ussatlarynyň ençemesiniň sport ýolunyň Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrliginiň Futbol boýunça geljekki olimpiýaçylaryň ýöriteleşdirilen çagalar-ýetginjekler sport mekdebinden başlanandygy bu hakykaty subut etmek üçin ýeterlik bolsa gerek. Türkmen futbolunyň janköýerleriniň üns merkezinden ornuny tapan ussatlarymyzyň – Altymyrat Annadurdyýewiň, Arslanmyrat Amanowyň hem-de Serdar Geldiýewiň we beýlekileriň şu mekdepde kämillik ýoluna düşendikleri, şeýle ussatlaryň sanynyň barmak büküp sanardan köpdügi sport ojagynyň işiniň netijeliliginden habar berýär. Mekdebiň ussat tälimçileriniň alyp barýan türgenleşiklerini synlanyňda, olaryň zähmetiniň, yhlasynyň gysga döwrüň içinde miwesini berjekdigine guwanýarsyň.

Amanmyrat MYRADOW,
«Türkmen sporty».