Türkmeniň gadymy sungaty

9 Iýul 2021
1678

Mälim bolşy ýaly, gadymy döwürlerden bäri türkmen milli göreşi toýlaryň bezegi hasaplanypdyr. Uly-uly toýlara alysdan we ýakyndan pälwanlar çagyrylypdyr. Türkmen halkynyň köküni asyrlaryň jümmüşinden alyp gaýdýan milli göreşi halkyň durmuşynda biçak uly ähmiýete eýe bolupdyr. Muňa edebi mirasymyza ser salanymyzda hem göz ýetirýäris.

Ençeme asyrlaryň dowamynda dilden-dile geçip gelýän «Görogly» şadessanyny okanymyzda, Göroglynyň, Bezirgeniň, gelin-gyzlaryň arasynda Harmandäliniň, Aýsoltanyň keşpleri arkaly halkymyzyň durmuşynda göreşiň nähili orna eýe bolýandygyny, pälwanlara nähili hormat-sarpanyň goýlandygyny görýäris. Türkmen milli göreşine taryhyň ähli döwürlerinde aýratyn ähmiýet berlipdir. Şu sebäpli hem, göreş tutýan pälwanlara il içinde uly hormat goýlupdyr.

Gaýgysyz KAKALYÝEW,
Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň uly mugallymy.