Ýaş tälimçi

9 Iýul 2021
1104

Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň sport fakultetiniň 3-nji ýyl talyby hem-de Türkmenistanyň Kikboksing federasiýasynyň tälimçisi Ýazberdi Paýanow öz ugrundan ussatlyga ýeten türgenleriň biridir. Biz golaýda Ýazberdi bilen söhbetdeş bolup, onuň sport ýolunda gazanan üstünlikleri hakynda beren gürrüňlerini ýazga geçirdik.

– Kikboksing bilen 2008-nji ýyldan bäri meşgullanyp gelýärin. Meniň halypam Türkmenistanyň at gazanan tälimçisi A.N.Snagowskiý. Kakam Çarymyrat Paýanow hem bu hünärmenden tälim alyp, Türkmenistanyň ençeme gezek çempiony bolmagy başarypdy. Tejribeli tälimçi indi birnäçe ýyl bäri maňa kikboksingiň inçe tilsimlerini öwredip gelýär. Bu bolsa birnäçe ýaryşlarda üstünlik gazanmagyma getirdi.

Abdykerim Artykow,
Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky «Köpetdag» sport toplumynyň instruktory.