TFF-niň täzelikleri

16 Iýul 2021
885

Özbegistanyň paýtagty Daşkentde 2022-nji ýylda futbol boýunça ýaşlar ýygyndylarynyň (U23) arasynda geçiriljek Aziýa Kubogynyň saýlama tapgyrynyň bijeleri çekildi.

Onuň netijesinde ýygyndy toparlaryň 42-si toparçalaryň 11-sine bölündiler. Günbatar zolakda toparçalaryň altysy (23 ýygyndy) emele gelen bolsa, Gündogar zolagynda ýygyndylaryň 19-sy toparçalaryň bäşisinde çykyş ederler.

Orazgeldi GELDIÝEW,
«Türkmen sporty».