Bagtly çagalygyň ýurdy

9 Iýul 2021
904

Türkmenistan – bagtly çagalygyň ýurdy. Ýaş nesliň mynasyp bilim we terbiýe almagy, bedenterbiýe we sport, aýdym-saz, edebi-çeper döredijilik bilen meşgullanmagy, boş wagtyny şadyýan geçirmegi üçin ata Watanymyzda ähli tagallalar edilýär. Şu günler bagtyýar çagalar wagtlaryny bilim ojaklarynyň dynç alyş meýdançalarynda, Gökderedäki çagalar sagaldyş-dynç alyş merkezlerinde, şeýle-de, gözel paýtagtymyz Aşgabat şäheriniň seýilgählerinde şatlyk-şagalaňda geçirýärler. Hormatly Prezidentimiziň nygtaýşy ýaly, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe beden taýdan sagdyn, ruhubelent nesli kemala getirmek döwletimiziň esasy wezipeleriniň biridir. Şu nukdaýnazardan, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäher geňeşiniň guramagynda «Aşgabat» seýilgähinde çagalaryň arasynda şahsy arassaçylyk, sagdyn durmuş ýörelgeleri barada söhbetdeşlikler guralýar. Şeýle-de, çagalar ýapyk toplumlarda «kim çalasyn?», «bir aýakda towusmak», «haltada bökmek», «ýüpde bökmek» bäsleşiklerinde we küşt, düzzüm ýaly oýunlarda öz ukyp-başarnyklaryny ýüze çykarýarlar. Goý, il-günüň bagtly durmuşy, çagalaryň eşretli gelejegi ugrunda irginsiz alada edýän hormatly Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak bolsun, tutýan tutumly işleri mydama rowaçlyklara beslensin!

Hoşgeldi ANNAGELDIÝEW,
TMÝG-niň Aşgabat şäher geňeşiniň umumy bölüminiň esasy hünärmeni.