Bedew münen sag bolar

9 Iýul 2021
1200

Bilşimiz ýaly, gadymy döwürlerden bäri ahalteke atlaryny seýislemekde, atly gezelençler arkaly adamy bejermekde ata-babalarymyzyň ulanan täsin hem syrly usullary özüniň oňyn netijelerini berip gelipdir. Behişdi bedewlerini maşgala agzalarynyň biri hökmünde gören türkmen halky olaryň tohum arassalygyny saklamak bilen bir-birinden owadan, ýyndam atlary ösdürip ýetişdiripdir. Çaga terbiýesinde hem bedew atlaryň orny uly bolupdyr.

Oglan-gyzlar çagalygyndan bedewler bilen ysnyşyp, olarda janly-jandara bolan söýginiň döremegine ýardam berlipdir. Seýisler at seýislän wagty ýaş oglanlaryň kömegine bil baglapdyrlar. Seýisçilik babatda hem gadymy bedew ussatlary özleriniň asylly hünärlerini nesillerine geçiripdirler. Ahalteke atlary diňe bir durmuş hajatlary üçin ulanylman, olaryň kömegi bilen hassalar bejerilipdir. Bilşimiz ýaly, çeper eserleriň birnäçesinde bedew atlaryň kömegi bilen adamlaryň bejerilişi hakynda giňden beýan edilýär. Bu babatda dünýä ýüzünde hem giň tejribe toplanandyr.

Annamyrat ANNAMYRADOW,
Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň mugallymy.