"Türkmen sporty" gazeti

Esaslandyryjysy: "Türkmen Sporty" gazetiniň redaksiýasy
Salgysy: Aşgabat şäheri, 1995-nji köçe 66 jaýy
Telefon belgileri: 22-33-91, 22-33-72

Habarlar

Watançylygyň buýsançly kelamy

Gahryman Arkadagymyzyň halkymyza peşgeş beren «Hakyda göwheri» atly täze kitabyny okanyňda, onuň halkymyzyň şöhratly taryhyna bagyşlanan ajaýyp eserdigine göz ýetirýärsiň. Kitabyň ilkinji sahypalarynda alym Arkadagymyz bu hakykaty filosofik pikirleriň üsti bilen şeýle beýan edýär: «Adamzat taryhyna mahsus islendik ösüşiň gözbaşy hem, çürbaşy hem ynsanlar bilen bagly. Beýik ynsanlar beýik halky, beýik halklar bolsa beýik taryhy döredýärler». Kitabyň «Taryha syýahat» atly birinji babyndaky «Taryh şu ýerden başlanýar», «Änew medeniýeti», «Bürünç zamanynyň medeni ojaklary», «Beýik Seljuklar döwri», «Horezmşalar döwleti» ýaly bölümler okyjyny türkmeniň müňýyllyklara uzaýan ýolundaky şöhratly menzillere alyp gidýär. «Ruhy miras» diýlip atlandyrylan ikinji bapdaky «Zehin aýdyňlygy, paýhas käni», «Oguznama» – dünýä baýlygy», «Täsin söhbediň beýany», «Hazyna eýesine hazynadar diýerler», «Döwletliniň döwlet gözbaşy», «Gadymy heňňamyň aýdymy» ýaly bölümlerde türkmen halkynyň durmuş filosofiýasynyň ajaýyp ýörelgeleri, milli gymmatlyklar barada giňişleýin söhbet edilýär.

Şanly geçmişiň beýany

Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň halkara derejede uludan bellenilýän «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly şatlykly wakalara, şanly senelere, hoş habarlara beslenýär. Golaýda Gahryman Arkadagymyzyň «Hakyda göwheri» atly täze eseriniň elimize gowuşmagy şanly ýylymyzdaky ýatdan çykmajak wakalaryň biri boldy. Alym Arkadagymyzyň ýiti zehininden döreýän eserler diňe bir halkymyz däl, eýsem, dünýä ýurtlarynyň okyjylary üçin hem ähmiýetli gollanma öwrülýär. Milli Liderimiziň şöhratly geçmişimize bolan buýsanja, milli mirasymyza we medeniýetimize hormat-sarpa eýlenen «Hakyda göwheri» atly eseriniň türkmen hem-de iňlis dillerinde neşir edilmegi türkmen halkynyň abraýynyň dünýä dolmagyny şertlendirýär. Gahryman Arkadagymyzyň täze kitaby türkmen halkynyň taryhyň dowamynda döreden milli gymmatlyklarynyň waspnamasy bolmak bilen, zähmetsöýer ilimizi täze belentliklere ruhlandyrýar.

Dünýä çempionatynyň medallary

2 — 8-nji dekabr aralygynda Mongoliýanyň Ulan-Bator şäherinde ýaşlaryň we ýetginjekleriň arasynda kuraş boýunça geçirilen dünýä çempionaty türkmen ýygyndysynyň agzalary üçin diýseň düşümli boldy. Ildeşlerimiz çempionatyň 7 medalyna eýe boldular. Abraýly ýaryşa dünýäniň 34 döwletinden 140 türgen gatnaşdy. Türkmen ýygyndysyna bolsa 15 türgen wekilçilik etdi. Ýaryşa gatnaşan ýygyndy toparymyza Türkmenistanyň at gazanan tälimçileri Dörtguly Tejenow hem-de Şirin Kubaýewa ýolbaşçylyk etdi. Bu ýerde erkekler ýygyndy toparymyzyň agzalary hem, gyzlar ýygyndymyzyň wekilleri-de ajaýyp netijeleri görkezdiler.

Ruhubelentligiň hem sagdynlygyň baýramy

Asylly däbe eýerilip, «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň arasynda «Türkmenistan ― ruhubelentligiň we sagdynlygyň ýurdy» şygary astynda nobatdaky Uniwersiada dowam edýär. Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiziň sagdyn durmuş ýörelgesine eýermekde görkezýän nusgalyk göreldesi ähli ildeşlerimizi, aýratyn-da, ýaş nesli bedenterbiýe we sport bilen yzygiderli meşgullanmaga ruhlandyrýar. Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetiniň hem-de Bilim ministrliginiň guramagynda geçirilýän ýaryşlarda ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlary hem-de talyp türgenleri sportuň dürli görnüşleri boýunça güýç synanyşýarlar. Çekeleşikli bäsleşikler türgenleriň ukyp-başarnyklaryny ýüze çykarmaga, olary kämilleşdirmäge we geljekki ýaryşlara taýýarlamaga uly itergi berýär. Woleýbol, küşt, futzal, stol tennisi, suwda ýüzmek, tennis, basketbol, düzzüm ýaly görnüşler boýunça bäsleşikler çekeleşikli häsiýetde geçirilýär. Talyp ýaşlar diňe bir sportuň dürli görnüşleri boýunça bäsleşiklerde ukyp-başarnyklaryny görkezmek bilen çäklenmän, eýsem, Uniwersiadanyň geçişini köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde wagyz etmäge hem işjeň gatnaşýarlar. Bu ugurda žurnalistika hünäri boýunça bilim alýan ýaşlaryň paýyna jogapkärli wezipe düşýär.

Paýhas ummanynyň ägirdi

Magtymguly Pyragy halkymyzyň müňýyllyklaryň dowamynda kemala gelen dünýägaraýşyny ajaýyp şygyrlaryna siňdiren, ata-babalarymyzyň oý-hyýallaryny, ahlak we edep ýörelgelerini jahana ýaýan beýik söz ussadydyr. Köňülleriň we döwürleriň şahyry hasaplanýan Magtymguly Pyragy adamzadyň iň tämiz duýgularynyň waspçysydyr, dünýä edebiýatynyň taryhynda watansöýüjilik, parahatçylyk, hoşniýetlilik ýaly ynsanperwer ýörelgeleri dabaralandyryjydyr. Akyldaryň şahsyýetine, mirasyna dünýä derejesinde örän uly hormat hem sarpa goýulýar.  Akyldaryň özboluşly köpöwüşginli edebi mirasy külli adamzat üçin gymmatly hazynadyr. Şahyryň öňe süren ruhy ýörelgesi, adalatlylyk, erkinlik, halallyk bilen bagly durmuşy garaýyşlary şu gün hem juda gymmatly bolmagynda galýar. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda akyldar şahyrymyzyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli dabaralar diňe bir ýurdumyzda däl-de, dünýäniň çar künjeginde bir-birine ulaşdy. Şanly senede Magtymguly Pyragynyň täze ýadygärliginiň we medeni-seýilgäh toplumynyň açylyş dabarasynyň geçirilmegi bolsa has-da buýsandyryjy waka bolup, bu ägirt ýadygärlik halkymyzyň öz beýik ogluna buýsanjynyň çäksizdigini ýene bir ýola görkezdi. Bu seýilgäh toplumynda daşary ýurtly ýazyjy-şahyrlaryň heýkelleri hem oturdyldy. Munuň özi Magtymguly Pyragynyň arzuwlan berkarar döwletinde dost-doganly

Möhüm maksatnamanyň çäklerinde

Watanymyzda bedenterbiýäni we sporty ösdürmegiň ýolunda durmuşa geçirilýän beýik işleriň bu ugruň eýe bolýan ajaýyp sepgitleriniň gözbaşydygyny bellemek gerek. «Türkmenistanda 2021 – 2025-nji ýyllarda bedenterbiýäni we sporty goldamagyň hem-de ösdürmegiň Maksatnamasynyň», şeýle-de ony durmuşa geçirmek boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň meýilnamasynyň çäklerindäki sazlaşykly işler ulgamyň okgunly ösüşlerini şertlendirdi. Çünki bu resminamalar ýurdumyzda sporty we bedenterbiýäni ösdürmegiň esasy ýörelgelerini kesgitledi. Bu maksatnama Türkmenistanda bedenterbiýäni we sporty goldamagyň hem-de ösdürmegiň kanunçylyk binýadyny kämilleşdirmekde, daşary ýurtlaryň degişli sport guramalary bilen hyzmatdaşlygy ösdürmekde hem-de bu ugurda sanly we innowasion tehnologiýalar babatda dünýä tejribesiniň gazananlaryny ýurdumyzyň sport ulgamyna ornaşdyrmakda uly ähmiýete eýe boldy. Sanly ulgamyň mümkinçiliklerinden peýdalanmagy esasy ugurlaryň biri hökmünde kesgitleýän resminama sagdyn durmuş ýörelgesiniň berkarar edilmeginde hem möhüm mazmuna eýe bolan çäreleri özünde jemleýär.

Futbol täzelikleri

Türk­me­nis­ta­nyň Fut­bol fe­de­ra­si­ýa­sy­nyň eda­ra bi­na­syn­da ýur­du­myz­da ýet­gin­jek­ler we ýaş­lar fut­bo­ly­ny ös­dür­mek bo­ýun­ça mas­la­hat ge­çi­ril­di. Gel­je­gi na­zar­la­ýan mas­la­ha­ta ýur­du­my­zyň Ýo­ka­ry li­ga­sy­nyň, Türk­me­nis­ta­nyň Fut­bol fe­de­ra­si­ýa­sy­na ag­za fut­bol mek­dep­le­ri­niň hem-de Türk­me­nis­ta­nyň be­den­ter­bi­ýe we sport ba­ra­da­ky döw­let ko­mi­te­ti­niň fut­bol mek­dep­le­ri­niň we­kil­le­ri gat­naş­dy­lar.

Gulhan pälwan

Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynyň demirgazygyndaky Tilkiçyrla obasynda öz döwründe toýlarymyzyň bezegi bolan milli göreşimizde il-ulsumyzy guwandyryp bilen Gurbanmuhammet Hojarepow (halk arasynda ýörgünli ady Gulhan pälwan) ýaşaýar. Bir aý çemesi mundan öň – 16-njy noýabrda Kakadurdy Atalyýew hem-de Türkmenistanyň at gazanan artisti, bagşy Baýramguly Hojamgulyýew üçümiziň, şol oba sary ýola rowana bolmagymyzyň hem düýp sebäbi Gulhan pälwan bilen ýakyndan tanyşmak bilen baglydy. Biz Gökdepe obasyndan pälwanyň ýegre dosty Geldi Poşany hem alyp, Tilkiçyrla obasyna ugradyk. Aslynda, men Gulhan pälwany gaýybana tanaýardym. Il-sylagly, orny törde bolan Geldi Poşa pälwanyň we Kakadurdy Atalyýewiň beren gyzykly gürrüňleri mende bu pälwan bilen has içgin tanyşmak höwesini döretdi. Ine, bu gün bolsa biz Garagum sährasynda önüp-ösen meşhur pälwan bilen duşuşmaga barýarys.

Bedenterbiýe we sport

Ýakynda Daşoguz welaýatynyň S.Türkmenbaşy etrabynyň 1-nji sport mekdebinde woleýbol boýunça etrabyň açyk birinjiligi geçirildi. 2013-2014-nji ýyllarda doglan oglanlaryň arasynda guralan ýaryşa etrabyň sport mekdeplerinden birnäçe türgenler gatnaşdylar.

Gyzykly bäsleşikler

Golaýda Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynda ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyp ýaşlarynyň arasynda ýaýbaňlandyrylan innowasion sport hepdeliginiň çäginde fijital we kibersport görnüşleri boýunça ýaryşlar geçirildi. Şeýlelikde, fijital-futbol boýunça Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň topary 1-nji orny eýeledi. Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň topary 2-nji, Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň topary 3-nji orunlara mynasyp boldular. Fijital-basketbol we fijital-stol tennisi boýunça Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň topary ýeňiş gazanmagy başardy. Türkmen döwlet maliýe institutynyň we Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň toparlary degişlilikde 2-nji, 3-nji orunlary eýelediler. Ýaryşyň çäginde Türkmenistanda ilkinji gezek fijital-küşt bäsleşikleri geçirildi. Onda Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň topary öňe saýlandy. Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň topary 2-nji, Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň topary 3-nji orunlara mynasyp boldular. Kibersport (CS: Global Offensive) boýunça geçirilen ýaryşda Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň topary ýeňiş gazandy. Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň topary 2-nji, Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň topary 3-nji orunlary eýel

Olim­pia­da­lar­da tä­ze sport gör­nüş­le­ri

Olimpiýa oýunlarynyň maksatnamasyna her gezek sportuň täze görnüşlerini girizmek özboluşly däbe öwrüldi. Munuň sebäbi Oýunlary kabul edýän ýurduň Halkara Olimpiýa Komitetiniň yglan edýän hemişelik sanawyna sportuň birnäçe täze görnüşini goşmaga hukugynyň bolmagyndadyr. Ýakyn geljekde geçiriljek tomusky we gyşky Olimpiýa oýunlarynyň maksatnamasyna hem sportuň birnäçe görnüşiniň girizilmegine garaşylýar. 2028-nji ýylda ABŞ-nyň Los-Anjeles şäherinde geçiriljek tomusky Olimpiýa oýunlarynda bolsa kriket, lakross, skwoş, baýdakly-futbol, beýsbol ýaly görnüşler boýunça bäsleşikleri guramak meýilleşdirilýär. Kriket we beýsbol sport muşdaklaryna ozal hem tanyş bolup, dünýäde janköýerleriň iň köp tomaşa edýän görnüşlerine degişlidir. Hokkeý bilen amerikan futbolunyň birleşdirilmeginden dörän lakross oýnunda iki topar ýaşyl meýdançada ujunda torly gapan bolan taýagyň kömegi bilen topy birek-biregiň derwezesine geçirmäge synanyşýar. Tennise çalym edýän skwoş oýnunda türgenler ýapyk giňişlikde diwardan serpigýän topy raketka bilen gezekli-gezegine urup, garşydaşdan üstün çykmaga ymtylýarlar. Baýdakly futbol bolsa amerikan futbolyna çalym edýär. Bu oýunda topy almak üçin garşydaşy ýykmaga derek, onuň guşagyndaky lenta görnüşindäki baýdajygy goparmak ýeterlikdir.

Welaýatlardan habarlar

TMÝG-niň Magtymguly etrap geňeşi etrabyň polisiýa bölümi bilen bilelikde 1-nji, 2-nji, 13-nji, 19-njy orta mekdeplerde wagyz-nesihat duşuşygyny geçirdi. Täze ýyl baýramyny mynasyp garşylamak, tertip-düzgüni berjaý etmek mekdep okuwçylarynyň arasynda geçirilen wagyz-nesihat duşuşygynyň özenini düzdi. Duşuşykda ýaşuly nesliň berýän öwüt-ündewleri ýetginjekler üçin görelde mekdebi bolup hyzmat edýär. Özüňi edep-terbiýeli alyp barmagyň, göreldeli okap, mugallymlaryň berekellasyny almagyň ene-atalar üçin iň uly sowgatdygy edilen çykyşlarda aýratyn nygtaldy.

Kämillik ýolunda

Gahryman Arkadagymyzyň sahawatynyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň öňdengörüjilikli döwlet syýasatynyň netijesinde güneşli Diýarymyz bagtyýar çagalaryň, bagtly çagalygyň mekanyna öwrüldi. Berkarar döwletimizde bagtyýar ýaş nesillerimiz hemişe üns-alada bilen gurşalýar. Ata Watanymyzyň daýanjy, bagtyýar halkymyzyň dowamaty hasaplanýan çagalaryň kämil bilim-terbiýe almagy, sagdyn bedenli, milli ýörelgelerimize ygrarly şahsyýetler bolup ýetişmegi üçin ähli mümkinçilikler döredilýär.

Paýtagtyň açyk birinjiligi

Bu gün eziz Diýarymyzdaky sport mekdeplerinde kämil türgenleri ýetişdirmekde maksatnamalaýyn işler alnyp barylýar. Olarda ýaşlaryň sportuň dürli görnüşleri bilen meşgullanmagy üçin giň şert-mümkinçilikler döredilýär. Ýurdumyzda bedenterbiýäni we sporty ösdürmek, ýaşlary watansöýüjilik ruhunda terbiýelemek, köpçülikleýin bedenterbiýäni we sporty wagyz etmek maksady bilen, paýtagtymyzdaky we welaýatlardaky döwrebap sport mekdeplerinde dürli ýaryşlar yzygiderli guralýar. 7-8-nji dekabrda 2007-nji ýylda doglan we ondan kiçi ýaşly ýetginjek oglanlaryň arasynda woleýbol boýunça Aşgabat şäheriniň açyk birinjiligi geçirildi. Bu ýaryş Aşgabat şäheriniň bedenterbiýe we sport baradaky Baş müdirliginiň «Gökje» sport desgasynyň sport zalynda geçirildi. Çekeleşikli häsiýete eýe bolan bäsleşikde «Ýedigen-1» topary ýeňiji boldy. «Ýedigen-2» topary 2-nji, «Döwletliler» topary 3-nji orunlary eýelediler.

Sport — hemmeler üçin!

Sporty hem sagdyn durmuş ýörelgesini saýlaýan ýaşlaryň sanynyň yzygiderli artmagy Watanymyzda durmuşa geçirilýän döwletli syýasatyň miwesidir. Şunda islendik ugur boýunça bilim alýan ýaşlaryň hem sport we bedenterbiýe bilen meşgullanmagy üçin döredilýän mümkinçilikleriň ähmiýetine aýratyn ünsi çekmek gerek. Bu hakykaty tassyklamak üçin biziň bilim ojagymyzda — Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň ýanyndaky Daňatar Öwezow adyndaky Türkmen döwlet ýörite sazçylyk mekdebinde okaýan ýaşlaryň durmuşyndan mysal almak ýeterlikdir. Häzir mekdebimizde 13 bölüm hereket edip, talyp ýaşlarymyz aýdym-sazdan daşary bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmaga hem wagt tapýarlar. Olar Türkmenistanyň hünär-tehniki we orta hünär okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda her ýyl geçirilmegi asylly däbe öwrülen «Türkmenistan — ruhubelentligiň we sagdynlygyň ýurdy» atly sport ýaryşlarynyň woleýbol, basketbol, kiçi futbol, ýeňil atletika, küşt, şaşka, düzzüm, stol tennisi, welosiped sporty, milli göreş, tanap çekmek ýaly bäsleşiklerine işjeň gatnaşýarlar. Biziň ýaşlarymyz beýleki bäsleşiklerde hem ýeňiş ugrunda yhlaslaryny gaýgyrmaýarlar. Jemgyýetimizde sagdyn durmuş ýörelgesini berkarar etmegiň hem-de zyýanly endiklere garşy göreşmegiň ygtybarly serişdesi bolan bedenterbiýe we sport beden taýdan güýçli, ruhy taýdan sagdyn ýaş nesliň kemala gelmeginiň hem möhüm şertidir. Biz hem şol

Taryhda şu gün

Halkymyzyň beýik gymmatlygy

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimizde  her ýylyň 12-nji dekabrynda Halkara Bitaraplyk güni giňden bellenilip geçilýär. Bu baýramçylygyň bagtyýar türkmen halkyny aýratyn buýsanja besleýän şöhratly senedigini nygtamak ýakymlydyr. Sebäbi hut şol günde – 1995-nji ýylyň 12-nji dekabrynda Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan Garaşsyz döwletimiziň Bitaraplyk hukuk ýagdaýy ykrar edildi we bu senäniň bu günki gün dünýäniň ähli döwletleri tarapyndan baýram edilmegi türkmen Bitaraplygynyň umumadamzat ähmiýetine eýediginiň güwäsidir.

BITARAPLYK – JAHAN IÇRE MERTEBE

Bitaraplyk – jahan içre mertebeAk ýoluň dünýäniň nurly ha:laty,Taglymyňdan şöhrat alýar erteler,Garaşsyzlyk, Bitaraplyk ganaty,Dostanalyk — il-ýurdumyň zynaty. Hasyl bolup döwlet gurmak wysaly,Her säherler «ak ýol» diýýär Pyragy.Jahan bu gün bizden alyp mysaly,Çaýdy ýüreklere sönmez çyragy,Bitaraplyk ýakyn etdi yragy.

KALPLARY JOŞDURÝAN ESER

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe merdana halkymyz beýik geçmişinden we bagtyýar şu gününden ruhlanyp, röwşen geljege tarap ynamly ilerleýär. «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen belent şygary ýörelge edinen hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda halkymyzyň we döwletimiziň at-abraýy barha beýgelýär. Bu gün tutuş dünýäde türkmen halkynyň taryhyna gyzyklanma artýar. Nusgawy şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllyk ýubileýiniň ýokary derejede bellenilýän ýylynda eziz Watanymyza ýakyn-

Şanly taryhyň beýany

Golaýda Gahryman Arkadagymyz zähmet rugsadynda – dynç alyş günlerinde döredijilik bilen meşgul bolup, şöhratly taryhymyz hakynda toplan maglumatlary esasynda döreden «Hakyda göwheri» atly täze eserini ýazyp tamamlandygy barada hoş habary ildeşlerimize ýetirdi. Milli Liderimiziň halkymyzyň bütin taryhyň dowamynda döreden hem-de häzirki nesillere miras galdyran milli gymmatlyklaryna, şan-şöhratly ýoluna, taryhda yz galdyran şahsyýetlerine bagyşlan täze kitaby ýaş nesiller üçin gymmatly hazyna çeşmesi bolar. Milli Liderimiziň nygtaýşy ýaly, biziň her birimiz baý edebi mirasymyza, berkarar döwletimizde gazanylýan ösüşlere buýsanmaga hem guwanmaga haklydyrys. Hormatly Arkadagymyz «Hakyda göwheri» diýip atlandyran kitabynda türkmeniň akyldar şahyry Magtymguly Pyragynyň döreden eserleriniň adamzat gymmatlyklaryna ýetiren täsiri, şöhratly taryhymyzyň beýany, medeniýetimiziň dünýä siwilizasiýasyna goşan goşandy baradaky maglumatlary ýerleşdirendigini aýratyn belläp geçdi. Munuň özi täze kitaba bolan gyzyklanmany artdyrýar. Berkarar Watanymyzyň täze taryhy döwründe milli ýol-ýörelgeleriň dabaralanmagy, ýurdumyzyň gülläp ösmegi, kämil bilimli, watansöýüji nesliň kemala gelmegi ugrunda taýsyz tagalla edýän Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyşlarymyz çäksizdir.