"Türkmen sporty" gazeti

Esaslandyryjysy: "Türkmen Sporty" gazetiniň redaksiýasy
Salgysy: Aşgabat şäheri, 1995-nji köçe 66 jaýy
Telefon belgileri: 22-33-91, 22-33-72

Habarlar

The ocean of wisdom

Excellent conditions are created for the younger generations to study the life, creativity, and literary heritage of Magtymguly Pyragy, and to promote them in our country in the year ‘Ocean of Wisdom of Magtymguly Pyragy’. The youth in Turkmenistan grow up to be the developed, physically and mentally healthy, educated people with a broad outlook. In our epoch, great importance is attached to studying the cultural heritage of the Turkmen people and promoting it in the world. In this context, the international conferences and meetings are held in the country on a regular basis. They create an excellent opportunity for exchange of experience between scientists, writers, and historians.

Sarymsagyň saglyga peýdasy

Oba hojalygynda ösdürilip ýetişdirilýän ekinleriň her biri öz peýdaly alamatlary bilen tapawutlanýar. Şeýle ekinleriň biri hem sarymsakdyr. Sarymsak dürli naharlary we işdäaçarlary taýýarlamakda giňden peýdalanylýar. Gadymy wagtlardan bäri peýdalanylyp gelinýän sarymsagyň adam saglygyna peýdaly taraplary köpdür. Sarymsagyň düzüminde köp mukdarda mikroblary we bakteriýalary gyryjy maddalar – fitonsidler bar. Mundan başga-da, ondaky A, E, C, B1, B6, D, K, P toparlarynyň witaminleri, aminoturşylar, kaliý, marganes, sink ýaly mineral maddalara baýdyr.

Taryhda şu gün

2017-nji ýylyň 11-nji noýabrynda geçirilen birinji duşuşyk 0:0 hasabynda tamamlandy. 16-njy noýabrda geçirilen jogap oýnunda bolsa 2:0 hasabynda Peruwyň milli ýygyndysy üstün çykdy. Ýer eýelerine ýeňiş getiren toplary 27-nji minutda Jefferson Farfan bilen 65-nji minutda Kristian Ramos geçirdiler. Peruwyň ýygyndysynyň 1982-nji ýyldan soň ilkinji gezek dünýä çempionatynyň final tapgyryna çykandygyny bellemek gerek.

Tehnologiýalar – kämilligiň binýady

Sport we tehnologiýalar bir-biri bilen berk baglanyşykly düşünjelerdir. Häzirki zaman sportuny tehnologik enjamlardan, innowasion serişdelerden üzňe göz öňüne getirmek kyn. Tehnologiýalaryň ösmegi sportuň meşhurlygyny artdyrmaga ýardam edýär. Sportuň ösmegi bolsa bu ugurda tehnologiýalaryň barha köp peýdalanylmagyny şertlendirýär. Halkara bilermenler geljekde sportuň we bedenterbiýäniň meşhurlygynyň yzygiderli ýokarlanjakdygyny belleýärler. Hereket işjeňliginiň azlygy zerarly, bedeniň agramynyň artmagy häzirki wagtda dünýäniň köp ýurtlarynda möhüm meselä öwrüldi. Şoňa görä-de, öňdebaryjy tehnologiýalar sagdyn durmuş ýörelgesini ilerletmäge gönükdirilen enjamlaryňdyr mobil goşundylaryň işlenip taýýarlanylmagyny güýçlendirýärler. Ýakyn geljekde ýüregiň, dem alyş we ýürek-damar ulgamynyň işini ykjam mobil enjamlar arkaly seljermäge mümkinçilik berýän tehnologiýalary işläp taýýarlamakda öňegidişlik gazanmak meýilleşdirilýär. Şeýle-de, emeli aň tehnologiýalaryny şahsy tälimçi hökmünde peýdalanmagyň mümkinçilikleri artýar.

Bedenterbiýe we sport

Aşgabat şäheriniň bedenterbiýe we sport baradaky Baş müdirliginiň «Täze zaman» bedenterbiýe-sagaldyş toplumynyň sport zalynda 2010-2011-nji ýyllarda doglan ýetginjekleriň arasynda erkin göreş boýunça Aşgabat şäheriniň çempionaty geçirildi. Çekeleşikli geçen bu ýaryşda paýtagtymyzyň sport mekdepleriniň ýaş türgenleri ussatlyklaryny görkezdiler. Onda Orazmyrat Rejepow (41 kg), Mekan Muhammetgulyýew (35 kg), Hemra Halmyradow (38 kg), Rahym Geldiýew (52 kg), Dörtguly Haýdarow (52 kg) 1-nji orny eýelediler. Abdyrahman Myratgulyýew (62 kg), Rahymnazar Pälwanow (68 kg), Mälikmyrat Kiçigulyýew (75 kg), Aýmyrat Mämmedow (85 kg) 2-nji, Abdyrahman Batyrow (48 kg), Emirhan Röwşenow (48 kg) 3-nji orunlara mynasyp boldular.

Welaýatlardan habarlar

Ýaş nesilleri sporta we bedenterbiýä köpçülikleýin çekmek, olaryň berk bedenli, sagdyn ruhly bolup ýetişmeklerini gazanmak maksady bilen, TMÝG-niň Mary welaýatynyň Tagtabazar etrap geňeşiniň etrapdaky sport mekdebi bilen bilelikde guramagynda woleýbol boýunça bäsleşik geçirildi. Bäsleşik ýaş türgenlere ukyp-başarnyklaryny açyp görkezmäge şert döretdi. Çekeleşikli ýagdaýda geçen bäsleşikde «Berkarar» topary öňdeligi eýeledi. «Bagtyýar» topary 2-nji orna mynasyp boldy. Ýeňijilere guramaçylar tarapyndan Hormat hatlary we sowgatlar gowşuryldy.

Sagdynlygyň hem sportuň baýramy

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň 2-nji noýabry Türkmenistan Watanymyzyň sagdynlygyň, ruhubelentligiň, sportuň ýurdy hökmünde dünýäde gazanan at-abraýynyň täze belentliklere göterilen güni bolup dabaralandy. Şol gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda paýtagtymyzyň Saglyk ýolunda köpçülikleýin ýörişiň geçirilmegi jemgyýetimizde sagdyn durmuş ýörelgeleriniň berkidilmeginde, aýratyn-da, ýaşlaryň bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmaklarynda möhüm ähmiýete eýe bolmak bilen birlikde, şanly taryhy waka hökmünde kalplarda orun aldy. Mälim bolşy ýaly, 25-nji oktýabrda geçirilen Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde hormatly Prezidentimiz Türkmenistanyň başlangyjy bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasynda «Birleşen Milletler Guramasynyň oýunlary» atly Kararnamanyň kabul edilendigini aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz möhüm ähmiýetli bu Kararnamanyň kabul edilmegi mynasybetli 2-nji noýabrda sport çäresini geçirmegi, hemmeleriň bilelikde jemgyýet bolup sagdyn durmuş ýörelgesine eýerip, Saglyk ýolundan geçmegi, bu çärede ýylyň dowamynda halkara ýaryşlarda gowy netije gazanyp, ýaşyl Tugumyzy belentde parladan türgenlerimizi gazanan sport üstünlikleri bilen gutlamagy, mynasyp bolan sylaglaryny dabaraly ýagdaýda gowşurmagy teklip etdi.

Şa serpaýy täze üstünliklere ruhlandyrýar

Halkara ýaryşlarda, onda-da, dünýä çempionatynda ýeňiş gazanmak her bir türgen üçin uly bagt. Gazanan üstünligiň ykrar edilip, sylaga mynasyp bolmak bolsa şol şatlykly pursatlara özboluşly öwüşgin çaýýar. 2-nji noýabrda halkara ýaryşlarda ýeňiji bolan Türkmenistanyň milli ýygyndy toparlarynyň agzalaryny sylaglamak dabarasy hem bu hakykaty ýene bir gezek tassyklady. Şol dabarada ýaşlaryň arasynda geçirilen dünýä çempionatlarynda ýeňiş gazanyp, hormatly Prezidentimiziň Şa serpaýy bilen sylaglanan türgenlerimiziň – ezber pälwan Alp Arslan Begenjowyň hem-de gujurly agyr atletikaçy Şahzadbek Matýakubowyň üstünlikleri türkmen sportunyň ýeňişli ýollaryny dowam etdirýän çempionlaryň täze nesliniň kemala gelýändiginiň nyşanydyr. Şu ýylyň sentýabrynda Ispaniýanyň Pontewedra şäherinde erkin göreş boýunça 20 ýaşa çenli türgenleriň arasynda geçirilen dünýä çempionatynda 79 kilogram agram derejesinde ýeňiş gazanan Alp Arslan Begenjow soňky birnäçe aýda türkmen sportunyň ýagty ýyldyzyna öwrüldi diýsek, hakykatdan daş düşmeris. Dünýä çempionatyndaky uly üstünliginden öň hem diňe şu ýylyň özünde halkara ýaryşlaryň üçüsinde, ýagny mart aýynda Türkiýäniň Antalýa şäherinde geçirilen halkara ýaryşda we iýunda Iordaniýanyň paýtagty Ammanda guralan erkin göreş boýunça ýaşlaryň arasyndaky Aziýa çempionatynda bürünç medallary, iýulda bolsa Tailand Patyşalygynyň Siraça şäherinde sportuň erkin we

Aşgabat — sport ýur­du­nyň paý­tag­ty

Tennis — sportuň bütin dünýäde meşhurlygy barha artýan görnüşleriniň biri. Ýurdumyzda hem tennis bilen meşgullanýan ýaşlaryň köpelýändigi begendirýär. Halkara ýaryşlarda üstünlikli çykyş edip, Watanymyzyň abraýyny artdyrýan türgenleriň hatarynda ýaş tennisçilere aýratyn orun degişlidir. Munuň özi ýurdumyzda sportuň bu görnüşini ösdürmek üçin uly mümkinçilikleriň döredilmegi, şeýle hem soňky ýyllarda halkara ýaryşlaryň yzygiderli geçirilmegi bilen baglanyşyklydyr. Diýarymyzyň sport düzümleri iň iri ýaryşlary ýokary derejede geçirmäge mümkinçilik berýär. 40-a golaý desgany öz içine alýan hem-de sportuň dürli görnüşleri boýunça halkara derejeli ýaryşlary geçirmäge mümkinçilik döredýän paýtagtymyzyň Olimpiýa şäherçesi Aziýa sebitiniň türgenlerini, milli ýygyndy toparlaryny dünýä hem-de yklym çempionatlaryna, Olimpiýa oýunlaryna taýýarlamak üçin okuw-türgenleşik merkezine we kuwwatly binýada öwrülýär. Bu ýerdäki Tennis toplumy birbada 4 müň adama duşuşyklara tomaşa etmäge mümkinçilik berýär. Şu ýylyň 1-nji iýunynda Aziýanyň Tennis federasiýasy (ATF) tarapyndan Aşgabat şäherindäki Olimpiýa şäherçesiniň Tennis toplumynyň «Tennis boýunça Aziýa sebitiniň okuw-türgenleşik merkezi» diýlip yglan edilendigi baradaky güwänamanyň gowşurylyşy boldy. Bu wakanyň Çagalary goramagyň halkara güni mynasybetli geçirilen çagalaryň tennis festiwaly bilen utgaşmagy sport hyzmatdaşlygyny ösdürmek

Agzybirligiň hem jebisligiň binýady

Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda amala aşyrylýan çuňňur oýlanyşykly syýasy, ykdysady özgertmeleriň netijesinde Bitarap Türkmenistan ählumumy parahatçylygy we durnukly ösüşi üpjün etmäge uly goşant goşýan döwlet hökmünde belent abraýa eýe bolýar. Ýurdumyzyň parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetli goňşuçylyk ýörelgelerine esaslanýan asylly başlangyçlary dünýäde goldanylýar. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň 6-njy sentýabrynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasynda ýurdumyzyň başlangyjy bilen hem-de Milletler Bileleşigine agza döwletleriň biragyzdan goldamagynda «Birleşen Milletler Guramasynyň oýunlary» atly Kararnamanyň kabul edilmegi milli diplomatiýamyzyň nobatdaky ýeňşidir, sport ulgamyndaky üstünliklerimiziň ykrarnamasydyr. Kararnama dünýäniň 87 döwletiniň awtordaş bolup çykyş etmegi onuň tutuş adamzat üçin möhüm resminamadygyny aýdyň görkezýär.

Sagdyn durmuşa çagyryş

Sagdyn durmuş ýörelgesiniň berkarar edilmegi Watanymyzda jemgyýetiň bagtyýar ýaşamagy hakyndaky aladanyň gözbaşydyr. Çünki bagtyýarlyk saglykdan başlanýar. Golaýda Saglyk ýoluna guralan köpçülikleýin ýöriş hem watandaşlarymyzyň sagdyn durmuş ýörelgesini gündelik hemrasyna öwürmegini gazanmakda möhüm ähmiýete eýe boldy. Şol gün köpçülikleýin ýörişe gatnaşyjylaryň saglyklaryny berkitmek bilen birlikde, dag tebigatynyň maýyl ediji gözelliklerini synlandyklaryny hem bellemek gerek. Elbetde, Güýz paslynda gojaman Köpetdagyň etegi has-da gözel keşbe eýe bolýar. Tämiz dag howasynda goýry kölegeli baglaryň özboluşlylygyna syn edip, arassa hem giň ýollardan ynamly hereket etmek şähdiňi açýar, bedeniňi berkidýär we täze zähmet üstünliklerine ruhlandyrýar. Dag gerişlerinden seleňläp görünýän paýtagtymyzyň gözelligi bolsa hiç bir zat bilen çalşyp bolmajak ýakymly duýgulary bagyşlaýar.

Melhemler hazynasy

Sahawatly türkmen topragynda bitýän dermanlyk ösümlikleriň, aýdylyşy ýaly, sanasaň sogaby bardyr. Bu ösümlikler ynsan saglygyny goramakda, keselleriň öňüni almakda, adam ömrüniň dowamlylygyny uzaltmakda uly ähmiýete eýedir. Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly köp jiltli ylmy-ensiklopedik eseriniň XVI jildini okap çykanyňdan soňra bu hakykat ýene bir ýola bütin aýdyňlygy bilen dabaralanýar. Gymmatly gollanma bolan ylmy-ensiklopedik eseriň täze jildi türkmen halkynyň Milli Lideriniň giň okyjylar köpçüligine niýetlenen ajaýyp kitaplarynyň üstüni ýetirdi. Onda jana şypa berýän dermanlyk ösümlikleriň 106-synyň melhemlik häsiýetleri, ýaýran ýerleri, tebigy gorlary, olardan derman taýýarlanylyşy hem-de lukmançylykda ulanylyş usullary barada jikme-jik söhbet edilýär. Kitapda öň öwrenilmedik we halk lukmançylygynda ägirt uly ähmiýete eýe bolan dermanlyk ösümlikleriň suratlarynyň we olar baradaky ylmy maglumatlaryň ýerleşdirilmegi eseriň mazmunyny has-da baýlaşdyrýar. Gahryman Arkadagymyzyň düýpli ylmy-ensiklopedik işiniň dowamy bolan «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly kitabyň XVI jildi ynsan saglygyny goramakda we dikeltmekde, fitoterapiýany ösdürmekde gymmatly çeşme hökmünde giň okyjylar köpçüliginiň ünsüni özünde jemleýär.

Saglygym — baş baýlygym

Saglyk her adam üçin hem, tutuş jemgyýet we döwlet üçin hem iň uly baýlykdyr. Şu ýörelgeden ugur alnyp, ýurdumyzda raýatlaryň saglygyny goramak, keselleriň öňüni almak we bejermek ugrunda toplumlaýyn işler alnyp barylýar. Gahryman Arkadagymyzyň asylly işleri esasynda binýady berkden tutulan milli saglygy goraýyş ulgamy hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda has-da ösdürilýär. Şu ýylyň 9-njy oktýabrynda paýtagtymyzda hem-de ýurdumyzyň sebitlerinde döwrebap saglygy goraýyş düzümleriniň dabaraly ýagdaýda açylyp, ulanylmaga berilmegi, hususan-da, Halkara sagaldyş-dikeldiş merkeziniň hem-de Halkara fiziologiýa ylmy-kliniki merkeziniň işe girizilmegi Watanymyzda ynsan saglygy hakynda edilýän irginsiz aladalaryň nobatdaky nyşanyna öwrüldi. Raýatlaryň saglygyny goramak, ömrüniň dowamlylygyny uzaltmak, ýokary hilli lukmançylyk hyzmatlarynyň we önümleriniň elýeterliligini üpjün etmek, Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň halkara talaplaryna laýyk gelýän ýöriteleşdirilen keselleri anyklaýyş-bejeriş merkezlerini, hassahanalary, şypahanalary, derman serişdelerini öndürýän kärhanalary gurmak, inçe hünär ugurly lukmanlary taýýarlamak, halkara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak, köpçülikleýin bedenterbiýe-sagaldyş hereketini, sagdyn durmuş ýörelgelerini işjeňleşdirmek ýurdumyzda alnyp barylýan saglyk syýasatynyň esasy ugurlarydyr.

Behişdi bedewlere buýsanç

Bu gün ýurdumyzda atçylyk pudagyny ösdürmek at çapyşyklaryny we atly sport bäsleşiklerini halkara talaplaryna laýyklykda guramak we geçirmek, şeýle hem ussat türgenleri ýetişdirmek, janköýerler üçin amatly şertleri döretmek maksady bilen, Aşgabatda we welaýatlarymyzda döwrebap atçylyk sport toplumlarynyň birnäçesi guruldy, ozal bar bolanlarynyň durky täzelenildi. Bu toplumlarda mähriban halkymyzyň milli baýlygy we buýsanjy bolan, tebigat bilen sazlaşykda dörän gözelligiň ajaýyp nusgasyny alamatlandyrýan naýbaşy bedewleri ösdürip ýetişdirmek hem-de seýislemek üçin ähli şertler döredildi.

Pyragynyň goşgulary – durmuş mekdebi

Özüniň ölmez-ýitmez döredijiligi bilen dünýä edebiýatynyň ösmegine uly goşant goşan beýik söz ussady Magtymguly Pyragynyň ady halkymyzyň kalbynda baky ýaşaýar. Akyldar şahyrymyzyň baryp XVIII asyrda saglyk barada aýdan nesihatlary, öwüt-ündewleri, goşgulary bu gün ýaşlarymyzyň durmuş mekdebine öwrülýär. Magtymguly Pyragy şahyrana döredijiliginde sagdynlygy we ruhubelentligi, sagdyn durmuş ýörelgesini ilkinji orunda goýupdyr. Akyldar şahyr: «Saglygyň gadryn bilgil, hasta bolmazdan burun», «Dürdür bu janyň lezzeti, // Saglyk onuň soltanydyr» diýmek bilen, saglygyň gadyryny bilmegi, ony gorap saklamagy nesihat edipdir. Söz sungatynyň zergäri hasaplanylýan şahyrymyzyň şygyrlarynda päk ahlaklylyk, ruhubelentlik, geljege ýagşy umyt-niýet, adamkärçilik duýulýar.

Welaýatlardan habarlar

Aja­ýyp za­ma­na­myz­da ge­çi­ril­ýän bedenterbiýe we sport çä­re­leri, bäs­le­şik­ler ýaş­la­ryň has ze­hin­li­le­ri­ni ýü­ze çy­kar­mak­da uly äh­mi­ýe­te eýe bo­lup dur­ýar. Bi­ziň şä­he­ri­miz­de hem or­ta mek­dep­le­riň okuw­çy­la­ry­nyň gat­naş­ma­gyn­da «Sag­dyn jem­gy­ýet – ber­ka­rar döw­let», «Sag­dyn ne­sil – gel­je­gi­miz», «Sport – bag­ty­ýar­lyk», «Sag­dyn ne­sil – kuw­wat­ly Wa­tan» di­ýen şy­gar­lar bi­len spor­tuň dür­li gör­nüş­le­ri bo­ýun­ça ýa­ryş­lar yzy­gi­der­li gu­ral­ýar. Şo­la­ra bi­ziň mek­de­bi­mi­ziň okuw­çy­la­ry-da iş­jeň gat­naş­ýar­lar. Şeý­le bäs­le­şik­le­riň ola­ryň derslere ýe­ti­şigi­ni ýo­kar­lan­dyr­ýan­dy­gy­ny hem bel­le­mek ge­rek. Çün­ki sport­da tap­la­nan okuw­çy­nyň pi­kir­le­niş uky­by has-da art­ýar. Sag­dyn be­den­li, ru­hu­be­lent ýaş­la­ry­my­zyň gel­jek­de Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiziň ata Wa­ta­ny­my­zy gül­le­dip ös­dür­mek­de alyp bar­ýan be­ýik iş­le­ri­ne my­na­syp go­şant goş­jak­dyk­la­ry­na pug­ta ynan­ýa­rys.

Bedenterbiýe we sport

Ýakynda Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetiniň hem-de Türkmenistanyň Dzýudo federasiýasynyň bilelikde guramagynda Içeri işler ministrliginiň ýanyndaky «Awaza» sport toplumynyň sport zalynda dzýudo boýunça Türkmenistanyň açyk çempionaty geçirildi. Boýdan-başa gyzgalaňly ýagdaýda geçen çempionatda sport mekdebimiziň türgenleri hem ukyp-başarnyklaryny görkezdiler. Olardan Muhammetaly Myradow, Jemşit Hojamow (66 kg), Selman Nurimow (81 kg) 1-nji orna, Hojaahmet Ýusupow, Kerem Hashojaýew (50 kg), Annaoraz Bäşimow (60 kg), Amanmuhammet Amanmuhammedow (66 kg) dagy bolsa 3-nji orna mynasyp boldy. Türgenleri ýaryşa mekdebimiziň dzýudo boýunça tälimçisi Rahman Şamedow taýýarlady.

Gandbolçylarymyzyň şowly çykyşlary

Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiziň sport hünärmenleri üçin döredip berýän şert-mümkinçiliklerinden ruhlanýan Aşgabat şäheriniň bedenterbiýe we sport baradaky Baş müdirliginiň 9-njy sport mekdebiniň tälimçi-mugallymlary kämil türgenleri ýetişdirmek ugrunda yhlasly zähmet çekýärler. Bu hakykat mekdebimiziň gandbolçylarynyň ajaýyp netijelerinde hem aýdyň beýanyny tapýar. 2010-njy ýylda doglan we şondan kiçi oglanlaryň hem gyzlaryň arasynda guralan gandbol boýunça Aşgabat şäheriniň birinjiliginiň netijeleri aýratyn bellenilmäge mynasypdyr. Paýtagtymyzdaky 2-nji orta mekdebiň sport zalynda geçirilen ýaryşda mekdebimiziň oglanlar toparlary-da, gyzlar düzümleri hem örän netijeli çykyş etdiler. Oglanlaryň bäsleşiginde birinji orny 12-nji sport mekdebiniň topary eýelese, ikinji hem-de üçünji ýerler biziň birinji we ikinji düzümlerimize degişli boldy. Gyzlaryň ýaryşynda bolsa baýrakly orunlaryň ählisini paýtagtymyzyň 9-njy sport mekdebiniň toparlary eýelediler.

Ýurdumyzyň çempiony «Arkadag» topary

AFK-nyň Çagyryş ligasynyň toparçalaýyn bäsleşiginde taryhy netije gazanyp, çärýekfinala çykmagy başardy. Halkara ýaryşda ilkinji gezek çykyş edýän topar soňky tapgyryň duşuşygynda Kuweýtiň «Al-Arabisinden» 3:2 hasabynda ýeňlendigine garamazdan, toplan alty utugy bilen toparçada öňdeligi eýeledi. «Al-Arabi» bilen «Abdyş-Ata» (Gyrgyz Respublikasy) toparlarynyň hem hersi alty utuk toplady. Ýöne goşmaça görkezijileriň netijesinde türkmen topary 1-nji orny eýeledi.

Gözelligiň sazlaşygy

Sport we sungat göräýmäge bir-birinden tapawutly düşünjeler ýaly görünse-de, olaryň arasynda berk baglanyşyk bardyr. Türgenleriň hereketleriniň gözelligini, döredijilikli çemeleşmä esaslanýan çykyşlaryny sungata deňemek bolar. Sungat ussatlary hem gözellik döredip, adamlara ruhy lezzet paýlamakda sportdan üzňe bolmaýar. Öz gezeginde, meşhur türgenler tanymal suratkeşleriň, aýdymçylaryňdyr sazandalaryň, ýazyjylaryň eserlerinden ylham alýarlar. Joşgunly sazlar türgenleşiklerde, sport ýaryşlaryndaky duşuşyklaryň arakesmelerinde giňden peýdalanylýar. Iri sport baýramçylyklarynyň açylyş we ýapylyş dabaralaryny bolsa sungat ussatlarynyň çykyşlaryndan, köp sanly adamlaryň gatnaşmagynda guralýan giň gerimli teatrlaşdyrylan sahnalardan üzňe göz öňüne getirmek kyn. Şonuň ýaly-da, gadymyýetden häzirki güne çenli dürli döwürlerde döredilen sungat eserlerinde sport giňden şöhlelenýär. Başgaça aýdylanda, gadymy küýze bölekleriniň ýüzünde Olimpiýa oýunlaryndaky türgenleriň şekillendirilmeginden başlap, häzirki döwürdäki sporta bagyşlanan kinofilmler sungat dünýäsinde ajaýyp eserleriň döredilendigini görkezýär.