Ajaýyp zamanamyzda geçirilýän bedenterbiýe we sport çäreleri, bäsleşikler ýaşlaryň has zehinlilerini ýüze çykarmakda uly ähmiýete eýe bolup durýar.
Biziň şäherimizde hem orta mekdepleriň okuwçylarynyň gatnaşmagynda «Sagdyn jemgyýet – berkarar döwlet», «Sagdyn nesil – geljegimiz», «Sport – bagtyýarlyk», «Sagdyn nesil – kuwwatly Watan» diýen şygarlar bilen sportuň dürli görnüşleri boýunça ýaryşlar yzygiderli guralýar. Şolara biziň mekdebimiziň okuwçylary-da işjeň gatnaşýarlar. Şeýle bäsleşikleriň olaryň derslere ýetişigini ýokarlandyrýandygyny hem bellemek gerek. Çünki sportda taplanan okuwçynyň pikirleniş ukyby has-da artýar. Sagdyn bedenli, ruhubelent ýaşlarymyzyň geljekde Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiziň ata Watanymyzy gülledip ösdürmekde alyp barýan beýik işlerine mynasyp goşant goşjakdyklaryna pugta ynanýarys.