Sagdyn durmuşa çagyryş

8 Noýabr 2024
240

Sagdyn durmuş ýörelgesiniň berkarar edilmegi Watanymyzda jemgyýetiň bagtyýar ýaşamagy hakyndaky aladanyň gözbaşydyr. Çünki bagtyýarlyk saglykdan başlanýar. Golaýda Saglyk ýoluna guralan köpçülikleýin ýöriş hem watandaşlarymyzyň sagdyn durmuş ýörelgesini gündelik hemrasyna öwürmegini gazanmakda möhüm ähmiýete eýe boldy.

Şol gün köpçülikleýin ýörişe gatnaşyjylaryň saglyklaryny berkitmek bilen birlikde, dag tebigatynyň maýyl ediji gözelliklerini synlandyklaryny hem bellemek gerek. Elbetde, Güýz paslynda gojaman Köpetdagyň etegi has-da gözel keşbe eýe bolýar. Tämiz dag howasynda goýry kölegeli baglaryň özboluşlylygyna syn edip, arassa hem giň ýollardan ynamly hereket etmek şähdiňi açýar, bedeniňi berkidýär we täze zähmet üstünliklerine ruhlandyrýar. Dag gerişlerinden seleňläp görünýän paýtagtymyzyň gözelligi bolsa hiç bir zat bilen çalşyp bolmajak ýakymly duýgulary bagyşlaýar.