Tennis — sportuň bütin dünýäde meşhurlygy barha artýan görnüşleriniň biri. Ýurdumyzda hem tennis bilen meşgullanýan ýaşlaryň köpelýändigi begendirýär. Halkara ýaryşlarda üstünlikli çykyş edip, Watanymyzyň abraýyny artdyrýan türgenleriň hatarynda ýaş tennisçilere aýratyn orun degişlidir. Munuň özi ýurdumyzda sportuň bu görnüşini ösdürmek üçin uly mümkinçilikleriň döredilmegi, şeýle hem soňky ýyllarda halkara ýaryşlaryň yzygiderli geçirilmegi bilen baglanyşyklydyr.
Diýarymyzyň sport düzümleri iň iri ýaryşlary ýokary derejede geçirmäge mümkinçilik berýär. 40-a golaý desgany öz içine alýan hem-de sportuň dürli görnüşleri boýunça halkara derejeli ýaryşlary geçirmäge mümkinçilik döredýän paýtagtymyzyň Olimpiýa şäherçesi Aziýa sebitiniň türgenlerini, milli ýygyndy toparlaryny dünýä hem-de yklym çempionatlaryna, Olimpiýa oýunlaryna taýýarlamak üçin okuw-türgenleşik merkezine we kuwwatly binýada öwrülýär. Bu ýerdäki Tennis toplumy birbada 4 müň adama duşuşyklara tomaşa etmäge mümkinçilik berýär. Şu ýylyň 1-nji iýunynda Aziýanyň Tennis federasiýasy (ATF) tarapyndan Aşgabat şäherindäki Olimpiýa şäherçesiniň Tennis toplumynyň «Tennis boýunça Aziýa sebitiniň okuw-türgenleşik merkezi» diýlip yglan edilendigi baradaky güwänamanyň gowşurylyşy boldy. Bu wakanyň Çagalary goramagyň halkara güni mynasybetli geçirilen çagalaryň tennis festiwaly bilen utgaşmagy sport hyzmatdaşlygyny ösdürmek, çagalar hem-de ýaşlar sporty ulgamynda netijeli özara gatnaşyklary ýola goýmak, bedenterbiýäni we sporty ilerletmek ugrundaky tagallalaryň rowaçlanýandygynyň, Türkmenistanyň ösen sport infrastrukturaly ýurt hökmünde ykrar edilýändiginiň nyşanyna öwrüldi.