"Türkmen sporty" gazeti

Esaslandyryjysy: "Türkmen Sporty" gazetiniň redaksiýasy
Salgysy: Aşgabat şäheri, 1995-nji köçe 66 jaýy
Telefon belgileri: 22-33-91, 22-33-72

Habarlar

Täze kitap – ajaýyp sowgat

Türkmen halky kitaba uly hormat goýup, ony gymmatly hazyna deňeýär. Gahryman Arkadagymyzyň ýiti zehininden, jöwher paýhasyndan dörän eserler giň halk köpçüligi, ähli ýaşdaky adamlar üçin gymmatlydyr. Milli Liderimiziň täze ýazyp tamamlan «Hakyda göwheri» atly eseriniň elimize gowuşmagy hem bütin il-ulsumyzyň göwün guşuna ganat berdi. Çeper döredijilige gadyr goýýan hormatly Arkadagymyzyň şöhratly taryhymyz hakynda «Hakyda göwheri» diýen kitabyny ýazyp tamamlamagy «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň ýatdan çykmajak wakalarynyň biridir. Bu eserde Gündogaryň beýik akyldary Magtymguly Pyragynyň döreden eserleriniň adamzat gymmatlyklaryna ýetiren täsiri, şöhratly taryhymyz, medeniýetimiziň dünýä siwilizasiýasyna goşan goşandy baradaky gymmatly maglumatlaryň beýan edilmegi onuň ähmiýetini artdyrýar.

Ýeňişlere beslenýän ýyl

Tamamlanyp barýan «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň ajaýyp sport üstünlikleri milli sportumyzy ösüşiň täze belentliklerine çykarmak ugrunda durmuşa geçirilýän netijeli işleriň miwesidir. Elbetde, munuň milli sportumyzyň taryhy ýeňişlere uzaýan ýolunyň binýadyny goýan Gahryman Arkadagymyzyň hem-de şol döwletli başlangyçlary mynasyp dowam etdirýän hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen baglydygyny bellemek gerek. Bu ýyl iri sport merkezi hökmünde uly abraýdan peýdalanýan Watanymyzyň eýe bolan belent sepgitleri diýseň buýsandyryjydyr. Türkmenistanyň öňe sürýän başlangyçlarynyň halkara ykrarnamasyna eýe bolmagy Diýarymyzyň dünýädäki abraýynyň görkezijisidir. Şu ýylyň sentýabrynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasynda Türkmenistanyň başlangyjy bilen hem-de Milletler Bileleşigine agza döwletleriň biragyzdan goldamagynda «Birleşen Milletler Guramasynyň oýunlary» atly Kararnamanyň kabul edilmegi hem şeýle wakalaryň biri hökmünde göwnümizi galkyndyrdy. Golaýda paýtagtymyzda geçirilen tennis boýunça «Ashgabat Open 2024» atly halkara ýaryşyň ýokary derejesi bilen tapawutlanmagy bolsa ýurdumyzyň şeýle sport baýramçylyklaryny guramakdaky tejribesini äşgär etdi. Şol ýaryşda tennisçilerimiziň gazanan ajaýyp netijeleri türgenlerimiziň üstünlikleriniň üstüni ýetirdi.

Innowasion sport hepdeligi

Şu günler Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynda ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyp ýaşlarynyň arasynda innowasion sport hepdeligi geçirilýär. Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetiniň, Bilim ministrliginiň, Milli talyplar sporty hem-de Milli elektron sport federasiýalarynyň bilelikde guramagyndaky ýaryşlar institutyň sportuň olimpiýa görnüşleri fakultetiniň köpugurly sport toplumynda ýaýbaňlandyrylýar. Şol ýaryşlar sportuň hereketli we sanly, şeýle-de, elektron görnüşlerini özünde jemleýär. Ajaýyp dabaralara beslenýän innowasion sport hepdeligi ähmiýetli çäreleriň ençemesini özünde jemleýär. Onuň açylyş dabarasy has-da täsirli bolup, sportuň innowasion görnüşleriniň aýratynlyklaryny şöhlelendirdi. Fijital hem kibersport ýaryşlary bolsa onuň üstüni ýetirdi. Aslynda, bu ýaryşlaryň esasy maksady ýokary okuw mekdeplerde bilim alýan ýaşlaryň arasynda hoşniýetli hem netijeli gatnaşyklary pugtalandyrmakdan, olaryň sanly ulgamyň mümkinçiliklerini netijeli peýdalanmaklaryny gazanmakdan, talyplaryň fiziki işjeňligini ýokarlandyrmakdan, has zehinli türgenleri ýüze çykarmakdan hem-de fijital-sport boýunça özara tejribeleriň alşylmagyny ýola goýmakdan ybaratdyr.

Ýeňşe ruhlandyrýan güýç

Häzirki döwürde sport ýaryşlary aýdym-sazly dabaralar bilen utgaşyp, hakyky baýramçylyk ruhuna beslenýär. Şeýle dabaralar diňe bir janköýerleriň ruhuny galkyndyrmaga däl, eýsem, türgenler üçinem uly peýdasynyň bardygyny ylmy barlaglaryň netijeleri tassyklaýar. Aýdym-sazyň türgenleriň beden taýýarlygyna, adamlaryň saglygyna peýdaly täsir edýändigi baryp gadymy eýýamdaky akyldarlara mälim bolupdyr. Ýaş nesilleriň beden taýdan sagdyn kemala gelmegine aýratyn ähmiýet beren ilkinji döwletleriň biri hasaplanýan Gadymy Gresiýanyň Sparta şäherinde baryp biziň eýýamymyzdan öňki

Beýik söz ussady

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda ýurdumyzda Magtymguly Pyragynyň ömrüni we döredijiligini, edebi mirasyny öwrenmek hem-de dünýä ýaýmakda ähli mümkinçilikler döredilýär. Häzirki ajaýyp döwrümizde hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda giň dünýägaraýyşly, beden we ruhy taýdan sagdyn ýaş nesilleri ýetişdirmek, olary Watana söýgi, wepalylyk ruhunda terbiýelemek ugrunda beýik işler durmuşa geçirilýär. Halkymyzyň dana şahyry Magtymguly Pyragynyň şygyrlary ýaş nesilleri terbiýelemekde bahasyna ýetip bolmajak genji-hazyna bolup durýar. Mälim bolşy ýaly, XVIII asyr türkmen poeziýasy Magtymguly Pyragynyň ady bilen baglanyşyklydyr. Şol döwür türkmen döwletiniň binýadynyň berk, sarsmaz boljakdygynyň, nurana geljegiň, ykbalyň miýesser etjekdiginiň il-güne öňdengörüjilik bilen wagyz edilen aýratyn bir öwüşgine eýe bolan täze döwri bolupdyr. Şahyryň belent adamkärçiligi, halallygy, päkligi öwüt-ündew edýän terbiýeleýji şahyrana setirleri Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe täze öwüşgine eýe bolup, häzirki zaman türkmen jemgyýetiniň ruhy sagdynlygyna hem-de kämilligine öz sesini goşýar. Beýik Pyragy her bir ynsanyň sagdyn pikirli hem-de bütin jemgyýetiň sagdyn bolmagyny arzuwlapdyr. Bu arzuw hut biziň şu günlerdäki bagtyýar günlerimizde wysal bolýar. Akyldaryň ynamyna görä, durmuşyň hözirini görmek üçin sagdynlyk zerurdyr. Ol şonuň üçinem ýaşaýşyň di

Uniwersiadada gazanylan ýeňiş

Golaýda «Türkmenistan – ruhubelentligiň we sagdynlygyň ýurdy» atly Uniwersiadanyň talyp oglanlaryň arasyndaky woleýbol bäsleşigi tamamlandy. Ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň toparlaryny bir ýere jemlän ýaryş diýseň dartgynly geçdi. Bu ýerde biziň ýokary okuw mekdebimiziň – Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň talyplaryndan ybarat toparyň ýeňiş gazanmagy bilim berýän ýaşlarymyzyň uly üstünligi boldy. Turuwbaşdan çekeleşikli geçen ýaryşda garşydaşlarynyň ählisinden rüstem gelen toparymyz jemleýji duşuşykda Türkmen döwlet maliýe institutynyň «Maliýeçi» toparyny ýeňlişe sezewar etdi. Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň sport zalynda guralan duşuşykda görkezen ynamly oýny toparymyzyň has uly netijelere ýetip biljekdigini tassyklaýar.

Asylly ýörelge dowamat-dowam

Bag ekmek diýseň sogaply iş bolup, tebigat bilen sazlaşykly ýaşamagyň ygtybarly ýoludyr. Eziz Diýarymyzda tokaý zolaklarynyň çäkleriniň ýyl-ýyldan giňeldilmegi, köpçülikleýin bag ekmek çäreleriniň yzygiderli ýaýbaňlandyrylmagy Watanymyzda tebigatyň gaýtalanmajak gözelliklerini aýawly saklamagyň ýolunda amala aşyrylýan ähmiýetli ädimleriň möhüm bölegidir. 9-njy noýabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda ählihalk bag ekmek dabarasynyň guralmagy hem türkmen halkynyň Milli Lideriniň ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmek ugrundaky döwletli başlangyçlarynyň Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda üstünlikli dowam etdirilýändiginiň subutnamasy boldy. Çünki Watanymyzda asylly däbe, döwletli ýörelgä öwrülen bag nahallaryny ekmek çäreleri ýurdumyzda ekologiýa abadançylygyny üpjün etmek ugrundaky netijeli işleriň möhüm tapgyrydyr. Şol çäreleriň çäklerinde bag nahallaryny ekmek bilen bir hatarda, ozal bar bolan tokaý zolaklaryna ideg etmek işleri-de utgaşdyrylýar. Munuň özi ýurdumyzyň daşky gurşawy goramak boýunça ählumumy tagallalara goşýan mynasyp goşandynyň beýanydyr.

TFF-niň täzelikleri

Ýakynda Türkmenistanyň futbol çempionatynyň jemleýji 32-nji tapgyrynyň duşuşyklary geçirildi. Tapgyryň birinji oýnunda paýtagtymyzdaky «Nusaý» stadionynda «Arkadag» hem-de «Merw» toparlary duşuşdylar. «Arkadag» topary garşydaşyndan 5:0 hasabynda üstün çykdy. Arkadag şäheriniň adybir toparyna ýeňiş getiren toplary Didar Durdyýew, Begmyrat Baýow, Şanazar Tirkişow (2) hem-de Begenç Akmämmedow geçirdiler.

«Arkadag» toparynyň nobatdaky üstünligi

Döredilenine sanlyja ýylyň geçendigine garamazdan, Arkadag şäheriniň «Arkadag» futbol kluby nobatdaky Kubogyny gazandy. Balkanabat şäheriniň «Sport toplumy» stadionynda geçirilen ýurdumyzyň Naýbaşy kubogy ugrundaky duşuşykda «Arkadag» topary «Ahaldan» 3:1 hasabynda üstün çykdy. Duşuşygyň baş emini Arslan Goşşanowyň jürlewük çalan dessine hüjüme geçen «Arkadag» topary ilkinji howply pursady 7-nji minutda döretmegi başardy. Toparyň hüjümdäki «üçlüginiň» Didar Durdyýewyň, Şamämmet Hydyrowyň hem-de Şanazar Tirkişowyň bilelikdäki tagallalary ilkinji howply pursadyň döremegine getirdi. Soňlugynda hut şu oýunçylaryň netijeli çykyşlarynyň «Arkadag» toparyna ýeňiş getirendigini bellemek gerek. «Ahalyň» futbolçylary hem duşuşygyň ilkinji 10 minutynda howply hüjümleriň birnäçesini guradylar. Bu ugurda toparyň sag ýarymgoragçysy Toýly Batyrow bilen ortada hereket eden Begenç Mämiýew has-da tapawutlandylar. Ýöne olaryň howply urgularynyň gola öwrülmegine derwezeçi Rüstem Ahallyýewiň ynamly oýny ýol bermedi.13-nji minutda duşuşykdaky ilkinji gol hasaba alyndy. Şonda burçdan jerime meýdançasyna geçirilen topa ilki ýetişen Ş.Hydyrow tapawutlandy – 1:0. 16-njy minutda Ş.Tirkişowyň burçdan jerime meýdançasyna geçiren topuny kelle bilen derwezä gönükdiren D.Durdyýewe sähel şowlulyk ýetmedi. Duşuşygyň 21-nji minutynda Ş.Tirkişow oýnuň iň owadan goluny geçirmegi başardy. Şonda Şanazaryň jer

Sport dünýäsi kitap sahypalarynda

Sport diňe bir ýaryşlardyr oýunlar däl-de, eýsem, türgenleriň, tälimçileriň, tutuş toparlaryň kynçylyklary ýeňip geçip, üstünlige ýetýän pursatlary bilen millionlarça janköýeri maýyl edýär. Şeýle gyzykly wakalar sporta bagyşlanan kitaplarda täsirli beýan edilýär. Soňky ýyllarda sport bilen baglanyşykly edebiýatyň meşhurlygy barha artýar. Biz okyjylary sport dünýäsinde görnükli yz galdyran şahsyýetleriň galamyndan çykan kitaplaryň käbirleri bilen tanyşdyrýarys. «Ýaşyl meýdandaky öwrülişik». Jonatan Wilsonyň taryhy maglumatlar esasynda ýazan eserinde futbol oýnunyň ýyllaryň dowamynda özgerişi, tanymal tälimçileriň durmuşy barada jikme-jik beýan edilýär. Kitap futboldaky taktiki tilsimler bilen gyzyklanýan hünärmenler we janköýerler üçin gyzykly maglumatlary özünde jemleýär.

Ýaş hokkeýçileriň bäsleşigi

Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetiniň sport mekdebiniň guramagynda 2010 — 2014-nji ýyllarda doglan türgenleriň arasynda hokkeý boýunça mekdebiň açyk birinjiligi geçirildi. 19-njy noýabr — 5-nji dekabr aralygynda dowam eden ýaryş Türkmenistanda hokkeýi ösdürmek we wagyz etmek, ýaş türgenleriň ussatlygyny ýokarlandyrmak, ussat oýunçylary kesgitlemek maksady bilen guraldy. Ýaryş çekeleşikli häsiýete eýe boldy. Ýaşajyk hokkeýçiler buzuň üstünde ynamly hereket edip, ussatlyklaryny görkezse, tejribeli tälimçiler şägirtleriniň oýunlaryna baha bermäge mümkinçilik aldylar. Şeýlelikde, «Türkmengaz» döwlet konserniniň «Oguzhan» topary ýaryşda üstünlikli çykyş edip, 1-nji orny eýeledi. Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginiň «Şir» topary 2-nji, Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetiniň «Bürgüt» topary 3-nji orunlara mynasyp boldular.

Möhüm synag

21 – 29-njy noýabr aralygynda Özbegistan Respublikasynyň paýtagty Daşkent şäherinde geçirilen «3rd International President cup» atly halkara küşt ýaryşy mekdebimiziň ýetginjek küştçüleri üçin uly tejribe boldy. Halkara küşt ýaryşy «A» we «B» derejelerde geçdi. «A» derejede FIDE-niň reýtingindäki utuklary 2250-den ýokary, «B» derejede bolsa 2250-den pes bolan küştçüler bäsleşdiler. 15 döwletden bolan güýçli küştçüleriň ençemesini bir ýere jemlän ýaryş diýseň dartgynlylygy bilen tapawutlandy. «A» derejede 120 küştçi bäsleşse, «B» derejedäki ýaryşa 132 türgen çykdy.

Spor­tuň gö­zel gör­nü­şi

Irki dö­wür­ler­de buz­da typ­mak dynç al­ma­gyň bir gör­nü­şi sa­ýy­lyp, do­ňan der­ýa­lar­da, köl­ler­de, how­dan­dyr ho­wuz­lar­da typ­mak ýoň bo­lup­dyr. Rus­si­ýa Fe­de­ra­si­ýa­sy­nyň iri şä­her­le­rin­de XIX asy­ryň ikin­ji ýa­ry­myn­da kon­ki­de typ­mak üçin ýö­ri­te ýerler taýýarlanylyp, olar suw­dan dol­du­ry­lyp­dyr. 1865-nji ýyl­da şo­nuň ýa­ly il­kin­ji buz­da ty­pyl­ýan meý­dan­ça Sankt-Pe­ter­burg şä­he­rin­dä­ki Ýu­su­pow ba­gy­nyň ýa­nyn­da­ky how­dan­da dö­re­dil­ýär.

Türgenlerimiziň şowly çykyşlary

Eziz Diýarymyzda Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň hem-de Gahryman Arkadagymyzyň tagallalary esasynda ýaş türgenleriň sportuň dürli görnüşleri bilen meşgullanyp, halkara derejedäki ýaryşlarda üstünlikli çykyş etmegi, yzygiderli kämilleşmegi üçin giň mümkinçilikler döredilýär. Şunda ýurdumyzda geçirilýän dürli derejeli ýaryşlar hem ýaşlaryň kämilleşmegine şert döredýär. 29-30-njy noýabrda agyr atletika boýunça Aşgabat şäheriniň açyk çempionaty geçirildi. «Aşgabat» köpugurly stadionynda geçirilen ýaryşda sport mekdebimiziň türgenleri hem şowly çykyş etdiler. Oglanlaryň arasynda Yslam Sopyýew (38 kg) 1-nji orny eýeledi. Daýanç Ataýew (41 kg) 2-nji, Dawut Gurbanow (49 kg) 3-nji orunlara mynasyp boldular. Gyzlaryň arasynda Azeliýa Sopyýewa (38 kg), Medine Döwletgeldiýewa (49 kg), Nurana Surkiýewa (59 kg) ýeňiji boldular. Aýna Durdyýewa (38 kg) 2-nji orna mynasyp boldy. Ýeňijileri ýaryşa tälimçilerimiz M.Kerimow we M.Jannyýew taýýarladylar.

Bedenterbiýe we sport

Bilşimiz ýaly, bu gün ýurdumyzda geçirilýän her bir sport ýaryşlarynda çykyş edýän türgenleriň aglabasy talyp ýaşlardyr. Bu bolsa eziz Diýarymyzda ýaşlaryň sport bilen köpçülikleýin meşgullanmaklary barada durmuşa geçirilýän işleriň aýdyň subutnamasydyr. «Türkmenistan – sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýurdy» atly Uniwersiadanyň çäginde guralýan köpugurly ýaryşlar bolsa sportuň talyp ýaşlaryň durmuşynyň möhüm bölegine öwrülmegini şertlendirýär. Şol ýaryşlarda Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň talyplaryndan ybarat bolan toparlar hem ajaýyp netijeleri görkezýärler. Ýokary okuw mekdebimizde bilim alýan talyp deň-duşlarymyzyň birnäçesiniň ýurdumyzyň ýygyndy toparlarynyň agzalarydygyny hem bellemek gerek. Pursatdan peýdalanyp, watansöýüji, ruhubelent ýaş nesilleri terbiýeläp ýetişdirmekde, bagtyýar ýaşlarymyzyň zehin-ukyplaryny giňden açyp görkezmekde döredip berýän ajaýyp şert-mümkinçilikleri üçin Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza çäksiz alkyş aýdýarys.

Welaýatlardan habarlar

Golaýda «Türkmenistan – ruhubelentligiň we sagdynlygyň ýurdy» atly XIV Spartakiadanyň çäginde türkmen milli göreşi boýunça ýaryşyň Tejen etrap tapgyry geçirildi. 42-nji orta mekdebiň sport zalynda geçen ýaryşy «Türkmenistan» Ýaşlar bedenterbiýe-sport guramasynyň welaýat bölümi, etrabyň bedenterbiýe we sport bölümi, etrap bilim bölümi hem-de jemgyýetçilik guramalary bilelikde gurady. Şeýlelikde, 5-nji orta mekdebiň okuwçylary Baýrammyrat Atamyradow (40 kg) we Sähetmyrat Atamyradow (45 kg), 30-njy orta mekdebiň okuwçylary Mälikberdi Gurbandurdyýew (48 kg) hem-de Atageldi Atageldiýew (52 kg), 35-nji orta mekdebiň okuwçysy Serdar Baýymow (57 kg), 36-njy orta mekdebiň okuwçysy Gadyrgeldi Saparow (62 kg), 41-nji orta mekdebiň okuwçysy Azat Durdygulyýew (68 kg), 20-nji orta mekdebiň okuwçysy Pälwan Rejebow (74 kg) dagy ýeňiji bolmagy başardy. Ýeňijiler ýaryşyň welaýat tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazandylar. Akmeňli KAKABAÝEWA,

Sport – sag­dyn­ly­gyň, gö­zel­li­giň çeş­me­si

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» şygary astynda uly ösüşlere beslenýän 2024-nji ýylda geçilen menzillere ser salanyňda, bu şöhratly ýylyň türkmen sportunyň taryhyna hem altyn harplar bilen ýazylýandygynyň şaýady bolýarsyň. «Biz sportuň mümkinçiliklerini parahatçylygyň we dostlugyň bähbitlerine gönükdirmek arkaly täze sport düzümlerini dörederis. Hakyky sport söýüjileriň, ussat türgenleriň döwrebap neslini kemala getireris. Çünki ýaş nesillerimiziň bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmagy döwrüň möhüm talabydyr. Sport sagdynlygyň, gözelligiň çeşmesidir» diýip nygtaýan hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda diňe bir noýabr aýynda bolup geçen şanly wakalaryň mysalynda hem köpçülikleýin bedenterbiýäni jemgyýetimiziň ähli ulgamlarynda giň gerimde ýaýbaňlandyrmagyň, ýokary netijeli sporty ösdürmegiň döwlet syýasatynyň esasy ugurlarynyň biridigine, «Türkmenistanda 2021 – 2025-nji ýyllarda bedenterbiýäni we sporty goldamagyň hem-de ösdürmegiň Maksatnamasynyň» üstünlikli amala aşyrylýandygyna bütin aýdyňlygy bilen göz ýetirmek bolýar.

Sagdyn jemgyýet — berkarar döwlet

Gahryman Arkadagymyzyň asylly başlangyçlary esasynda sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýurduna öwrülen Watanymyzda hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda Olimpiýa hereketini, ýokary netijeli sporty ösdürmek, jemgyýetimizde sagdyn durmuş ýörelgesini berkarar etmek ugrunda giň gerimli işler durmuşa geçirilýär. Raýatlaryň sagdynlygy ýurduň we jemgyýetiň ösüşiniň wajyp şertidir. Türkmenistanda bu ulgamyň kanunçylyk we maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak babatda uly tagallalar edilýär. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň sport ulgamyny kämilleşdirmek, türkmen sportunyň dünýädäki abraýyny belende götermek, ilaty köpçülikleýin sport bilen meşgullanmaga çekmek, bedenterbiýe-sagaldyş hereketi arkaly sagdyn durmuş ýörelgelerini has-da ýaýbaňlandyrmak ýaly asylly maksatlardan gelip çykýan wezipeler üstünlikli durmuşa geçirilýär. «Bedenterbiýe we sport hakynda» Türkmenistanyň Kanuny raýatlaryň sagdyn durmuş ýörelgesini kemala getirmäge gönükdirilip, bedenterbiýe we sport babatda esasy ýörelgeleri kesgitleýär, jemgyýetçilik gatnaşyklaryny düzgünleşdirýär hem-de işiň hukuk, guramaçylyk, ykdysady we durmuş esaslaryny belleýär. Kanunyň 4-nji maddasyna laýyklykda, döwletimiziň raýatlarynyň bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmaga, Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda, bedenterbiýe we sport guramalaryny döretmäge, şol guramalara we aýry-aýry şahslara hyzmatlar

Gymmatly gollanma

Alym Arkadagymyzyň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly ylmy-ensiklopedik kitabynyň XVI jildinde keremli topragymyzda bitýän dermanlyk ösümlikleriň aýratynlyklary beýan edilýär. Şu jähetden, Milli Liderimiziň ensiklopedik işi halk lukmançylygynyň gadymy däpleri bilen gyzyklanýan okyjylar köpçüligi, lukmanlar, şeýle hem ýurdumyzyň baý ösümlik dünýäsini öwrenýän hünärmenlerdir talyp ýaşlar üçin gymmatly gollanmadyr. Şoňa görä-de, Gahryman Arkadagymyzyň düýpli ylmy gözlegleriň netijelerine daýanýan ylmy işi biziň ýankitabymyza öwrüldi. Ylmy-ensiklopedik kitabyň sahypalarynda dermanlyk ösümlikleriň melhemlik häsiýetleri, olary ylmy we halk lukmançylygynda ulanmagyň mümkinçilikleri jikme-jik beýan edilýär. Hut şoňa görä-de, bu özboluşly ensiklopediýa türkmen topragynda ösýän, asyrlaryň dowamynda dürli keselleri bejermek üçin netijeli ulanylyp gelinýän ösümlikleriň melhemlik häsiýetleri barada bilimleriň hazynasy bolup hyzmat edýär.

Bedenterbiýe we sport

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly hem sport üstünliklerine beslenýär. Aşgabat şäheriniň bedenterbiýe we sport baradaky Baş müdirliginiň 6-njy sport mekdebiniň öz işiniň ussady bolan tälimçi-mugallymlarynyň halypalyk edýän toparlarynda türgenleşýän zehinli türgenleriň ençemesi dürli ýaryşlara, spartakiadalara, şeýle-de, halkara derejede geçirilýän ýaryşlara gatnaşyp, baýrakly orunlary eýelemegi başarýarlar. Ýakynda Özbegistanyň Daşkent şäherinde taekwondo (ITF) boýunça geçirilen Dünýä kubogynda sport mekdebimiziň tälimçi-mugallymy Orazmyrat Çaryýew hem-de türgenimiz üstünlikli çykyş etdi. Şeýlelikde, Ysmaýyl Taýlyýew (35 kg) şahsy tuldan altyn, Orazmyrat Çaryýew (64 kg) kümüş medallara mynasyp boldular.