"Türkmen sporty" gazeti

Esaslandyryjysy: "Türkmen Sporty" gazetiniň redaksiýasy
Salgysy: Aşgabat şäheri, 1995-nji köçe 66 jaýy
Telefon belgileri: 22-33-91, 22-33-72

Habarlar

Taryhda şu gün

1877-nji ýylyň 9-njy noýabrynda Italiýanyň Wenesiýa şäherinde doglan Oliwýer 1908-nji ýylda Londonda geçirilen Olimpiýa oýunlarynda gylyçlaşmak boýunça Italiýanyň ýygyndy toparynyň düzüminde kümüş medala mynasyp bolýar. Antwerpende geçirilen Oýunlarda 42 ýaşyndadygyna garamazdan, ol ýygyndy toparyň üstünligine uly goşant goşýar.

Halkara ýaryşlarda ýeňiji bolan Türkmenistanyň ýygyndy toparlarynyň türgenlerine

Hormatly dabara gatnaşyjylar! Gadyrly türgenler!

Sporta, sagdyn durmuşa sarpa

Ýurdumyzda sporty ösdürmek, türkmen türgenleriniň halkara ýaryşlarda Watanymyzyň sport abraýyny belende götermeklerini gazanmak ugrunda uly işler alnyp barylýar, bu döwlet syýasatynda hemişe üns berilýän ugur bolup durýar. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň 25-nji oktýabrda sanly ulgam arkaly geçiren Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde bu hakykat ýene bir ýola aýdyň beýanyny tapdy. Döwlet durmuşynyň möhüm meselelerine garalan mejlise türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow hem gatnaşdy. Mejlisiň başynda hormatly Prezidentimiz türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa söz berdi.

Saglyk ýoly – sagdynlygyň mesgeni

Jemgyýetimizde sagdyn durmuş ýörelgeleriniň berkidilmegi, halkymyzyň, aýratyn-da, ýaşlaryň köpçülikleýin bedenterbiýe we sport bilen işjeň meşgullanmagy Gahryman Arkadagymyzyň binýadyny goýan hem-de hormatly Prezidentimiz tarapyndan üstünlikli alnyp barylýan döwlet syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biridir. Çünki saglyk her bir raýatyň we tutuş jemgyýetiň iň uly baýlygydyr. Ýurdumyzda sagdyn durmuş ýörelgesine eýerýän ildeşlerimiziň söýgüli mekanlarynyň biri hem Köpetdagyň eteginde ýerleşýän Saglyk ýoludyr. Gahryman Arkadagymyzyň ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamyna ýolbaşçylyk eden döwründe gurlup, ulanylmaga berlen Saglyk ýolunyň umumy uzynlygy 36 kilometre barabar bolup, onuň iň belent nokady deňiz derejesinden 1000 metr beýiklikde ýerleşýär. Şondan bäri Saglyk ýoly köpçülikleýin bedenterbiýe we sport ýaryşlarynyň yzygiderli geçirilýän hem-de sagdyn durmuş ýörelgesine eýerýän ildeşlerimiziň iň gelim-gidimli ýerine öwrüldi.

Halkara ykrarnamasy

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda ýurdumyzyň başlangyjy esasynda BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan «Birleşen Milletler Guramasynyň oýunlary» atly Kararnamanyň kabul edilmegine bagyşlanan halkara maslahat geçirildi. Oňa Daşary işler ministrliginiň, ýurdumyzdaky diplomatik wekilhanalaryň, jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylary, habar beriş serişdeleriniň wekilleri, professor-mugallymlar, talyplar we türgenler gatnaşdylar. Maslahatyň öňüsyrasynda bu ýerde Diýarymyzyň sport üstünliklerine, köpçülikleýin bedenterbiýäni ösdürmekde ýetilen sepgitlere bagyşlanan sergi guraldy.

Şanly ýylyň ýeňişli menzilleri

Garaşsyz Watanymyzda sportuň ösen ulgamyny döretmek, beden hem ruhy taýdan sagdyn nesilleri terbiýeläp ýetişdirmek, Olimpiýa hereketini ösdürmek, bu ugurda halkara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak babatda uly işler durmuşa geçirilýär. Türkmenistanly türgenleriň halkara ýaryşlarda gazanýan üstünlikleri döwletimiziň sporty ösdürmek ugrunda döredýän giň mümkinçilikleriniň oňyn netije berýändigini tassyklaýar. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda hem ildeşlerimiz abraýly halkara ýaryşlarda gazanan köp sanly medallary bilen sport muşdaklaryny begendirdiler. 4 – 7-nji ýanwar aralygynda Türkiýe Respublikasynyň Antalýa şäherinde kýokuşinkaý karate boýunça geçirilen Aziýanyň açyk çempionatynda ildeşlerimiz iki altyn medal gazandy. 5 – 19-njy ýanwar aralygynda Oman Soltanlygynyň Maskat şäherinde tennis boýunça 14 ýaşa çenli türgenleriň arasynda geçirilen Aziýa çempionatynyň saýlama ýaryşlarynda ýurdumyza wekilçilik eden Ilima Guseýnowa altyn medala mynasyp boldy. 31-nji ýanwar – 3-nji fewral aralygynda Gazagystanyň Aktau şäherinde boks boýunça geçirilen halkara ýaryşda türkmen türgenleri 1 altyn, 1 kümüş we 6 bürünç medal gazanmagy başardylar.

Türkmeniň uçar ganaty

Mukaddes topragymyzda pederlerimiz tarapyndan asyrlaryň dowamynda kemala getirilip, umumadamzat gymmatlygyna öwrülen behişdi bedewlerimiz Ýer ýüzünde bar bolan tohum atlaryň arasynda iň naýbaşylarynyň biri hasaplanylýar. Wepadarlygy, owadanlygy, ýyndamlygy, çydamlylygy bilen halkymyzyň göz-guwanjyna, ýakyn syrdaşyna öwrülen bedewlerimiz il-günümiziň uçar ganatydyr, köňül buýsanjydyr. Ata-babalarymyz öz kemala getiren bedewlerinde maksat-myradyny, milli seçgiçiligiň ajaýyp nusgasyny görüpdirler. Atlaryň ahalteke tohumy türkmen halkynyň köp asyrlaryň dowamynda çeken gaýduwsyz zähmetiniň altyn önümidir. Halkyň ýaşaýyş we ýerli howa şertlerine laýyk gelýän, ýyndam, owadan, Günüň jöwzaly yssysyna çydap bilýän, uzak ýolly ýörişleri geçmäge ukyply, ot-iýmiň we suwuň hemişelik ýetmezçiligine dözümli at tohumy diňe ahalteke tohumydyr.

Halk lukmançylygynyň hazynasy

Alym Arkadagymyzyň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly ylmy-ensiklopedik kitabynyň XVI jildi biz — lukmanlar we tutuş türkmen halky üçin gymmatly sowgat boldy. Düýpli ylmy gözlegleriň netijelerine esaslanýan eseriň nobatdaky jildiniň ýurdumyzyň saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň hünär baýramynyň öňüsyrasynda neşir edilmegi özboluşly mana eýe bolup, kalbymyzy buýsanja besledi. Milli Liderimiziň ensiklopedik işi ýurdumyzyň baý ösümlik dünýäsi hem-de halk lukmançylygynyň gadymy däpleri bilen gyzyklanýan okyjylar köpçüligi, aýratyn-da, lukmanlar üçin gymmatly gollanmadyr. Gahryman Arkadagymyzyň 2009-njy ýylda başyny başlan ylmy işiniň esasynda Gündogar lukmançylygynyň görnükli alymlarynyň hem-de «tebigy dermanhana» yzygiderli ýüzlenýän türkmen tebipleriniň nesilden-nesle geçip gelýän iň gowy tejribesi jemlenendir.

Dünýä çempionatlarynyň medallary

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň oktýabr aýynyň üçünji ongünliginde ildeşlerimiziň dürli ýurtlarda geçirilen halkara ýaryşlarda gazanan üstünlikleri türkmen sportunyň ýeňişli ýolunyň dowamata beslenýändigine şaýatlyk edýär. Oktýabryň 23 – 28-i aralygynda Gresiýanyň Iraklion şäherinde jiu-jitsu boýunça geçirilen dünýä çempionatynda ildeşlerimiz 5 altyn, 6 kümüş, 10 bürünç, jemi 21 medal gazandylar. Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň talyplary Gudrat Esenow kombat görnüşi, Yslam Öwezow bolsa HIF kombat görnüşi boýunça 62 kilogram agram derejesinde birinji orna mynasyp boldular. Şol ýokary okuw mekdebiniň 2-nji ýyl talyby Aminat Guwanjowa 45 kilogram agramda HIF kombat görnüşinde altyn medal, no-gi görnüşinde hem bürünç medal gazandy. Şu görnüşler boýunça 48 kilogram agram derejesinde zenanlaryň arasynda geçirilen tutluşyklarda üstünlikli çykyş eden Mary welaýatynyň bedenterbiýe we sport baradaky Baş müdirliginiň Ýolöten etrabyndaky sport mekdebiniň tälimçi-mugallymy Hurma Abdyýewa, degişlilikde, altyn we bürünç medallara eýe boldy. Lebap welaýatynyň bedenterbiýe we sport baradaky Baş müdirliginiň Darganata etrabyndaky 3-nji sport mekdebiniň tälimçi-mugallymy Ogulşat Nurmedowa hem HIF kombat görnüşinde 70 kilogramdan ýokary agram derejesinde ýaryşyň altyn medalyny gazandy.

Milli sport ösüş ýolunda

Gahryman Arkadagymyz tarapyndan binýady goýlup, hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda mynasyp dowam etdirilýän sport syýasaty milli sportumyzyň dünýä çykmagynda möhüm orny eýeleýär. Diýarymyzda yzygiderli geçirilýän dünýä hem yklym çempionatlary Türkmenistanyň sport ýurdy hökmünde uly abraýdan peýdalanýandygyny görkezýär. Şeýle sport baýramçylyklaryny geçirmegiň Türkmenistana ynanylmagy ýurdumyzyň sportdaky mümkinçiliklerine goýulýan belent hormatyň beýanydyr. Çünki Watanymyzyň sport düzümi diňe ulgamyň sazlaşykly ösüşlerini emele getirmek bilen çäklenmän, eýsem, Diýarymyzyň halkara arenasyndaky mynasyp ornuny has-da pugtalandyrmagynda möhüm ähmiýete eýedir.

Gözel tebigatymyzyň ajaýyplyklary

Köpetdagyň gözel gerişlerinden uzap gidýän Saglyk ýoly aşgabatlylaryň hem-de paýtagtymyzyň myhmanlarynyň höwes bilen dynç alýan ýerine öwrüldi. Muňa paýtagtymyzyň günorta böleginde baş şäherimiziň we onuň daş-töwereginiň tebigat gözelligini gorap saklamak boýunça geçirilýän çäreleriň netijesinde kemala gelen hoştap howaly tebigat hem gönüden-göni täsir edýär. Şu gün Saglyk ýoly boýunça geçiriljek köpçülikleýin ýöriş bolsa sagdyn durmuş ýörelgesine eýerýän talyp ýaşlaryň şatlygyny has-da artdyrdy. Bilşimiz ýaly, dag eteginiň tämiz howasynyň ýakymy, türkmen tebigatynyň ajaýyplyklaryny özünde jemleýän künjek bu ýerde bolanlarda ýatdan çykmajak täsir galdyrýar.

TFF-niň täzelikleri

Ýakynda ýurdumyzyň futbol çempionatynyň 27-nji tapgyrynyň senesi süýşürilen duşuşygynda «Ahal» topary paýtagtymyzyň «Köpetdagy» bilen bäsleşdi. Netijede 3:1 hasabynda ýeňiş gazanan «Ahal» utugyny 55-e ýetirip, kümüş medal ugrundaky göreşde «Altyn Asyrdan» üç utuk öňe saýlandy. 52 utugy bolan «Altyn Asyryň» garşydaşyna garanyňda, 2 duşuşygy az geçirendigini bellemek gerek.

Bedenterbiýe we sport

Bu gün eziz Diýarymyzda ýaş nesli sporta giňden höweslendirmek, sagdyn durmuş ýörelgelerini wagyz-nesihat etmek maksady bilen köpçülikleýin duşuşyklar geçirilýär. Wagyz-nesihat duşuşyklarynda berkarar Watanymyzda köpçülikleýin bedenterbiýä we sport-sagaldyş hereketine berilýän üns, döwrebap sport mekdepleridir desgalarynda bu ugurda döredilen mümkinçilikler, sport bilen meşgullanmagyň peýdasy barada täsirli söhbet edilýär. Ýurdumyzda sporty, köpçülikleýin bedenterbiýäni, sagdyn durmuş ýörelgesiniň kadalaryny ýaýbaňlandyrmaga goşant goşmagyň belent maksatlardan gözbaş alýandygy, sporty hemra edinen adama eşretli durmuşyň hemradygy şol çärelerdäki çykyşlaryň özenini düzýär. Şeýle hem duşuşyga gatnaşyjylar jemgyýetimizde sagdyn durmuşyň dabaralanmagy we türkmen sportunyň has-da ösmegi ugrunda taýsyz tagallalary edýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna alkyşly sözlerini beýan edýärler.

«Arkadag» toparynyň ýeňişli ýoly

Ýurdumyzyň çempiony «Arkadag» toparynyň ýeňişli ýoly halkara arenasynda hem dowam edýär. Aziýa Futbol Konfederasiýasynyň (AFK) Çagyryş ligasynyň toparçalaýyn tapgyrynyň «B» toparçasynda çykyş edýän Arkadag şäheriniň adybir topary ilkinji iki tapgyrda 6 utuk toplamagy başardy. Duşuşyklary merkezleşdirilen görnüşde Kuweýtde geçirilýän bu toparçada «Arkadag» toparynyň garşydaşlary Kuweýtiň çempiony «Al-Arabi», geçen möwsümde AFK-nyň Kubogynyň ýarymfinalynda çykyş eden Gyrgyz Respublikasynyň «Abdyş Ata» hem-de Maldiw adalarynyň futbol çempionatynyň ýeňijisi «Maziýa Sports» toparlary boldy. «Arkadag» topary birinji duşuşygyny düzümini ýewropadyr brazil futbolynyň wekilleri bilen güýçlendiren «Maziýa Sports» toparynyň garşysyna geçirdi. Toparymyz hüjüm yzyna hüjüm gurasa-da, birinji topy garşydaş topar geçirdi. 45-nji minutda jerime meýdançasynda dürs oýnan Jonatan Zorilla toparyny öňe saýlady. Ikinji ýarymda oýnuň erkini doly ele alan toparymyz 66-njy minutda çep gyradan geçirilen topy kelle urgusy bilen derwezä gönükdiren Didar Durdyýewiň goly bilen hasaby deňledi. Duşuşygyň 76-njy minutynda bolsa Altymyrat Annadurdyýew hut şeýle urgy bilen duşuşygyň gutarnykly netijesini kesgitledi – 2:1. Birinji tapgyryň beýleki duşuşygynda «Abdyş-Ata» topary «Al-Arabiniň» derwezesinden jogapsyz top geçirmegiň hötdesinden geldi.

Dostluk köprüsi

Ýakynda okuw-türgenleşik ýygnanyşygynda bolan owgan türkmenleriniň «Magtymguly Pyragy» adyndaky medeni jemgyýetiniň futzal topary paýtagtymyzyň hem-de Mary welaýatynyň toparlary bilen halkara ýoldaşlyk duşuşyklaryny geçirdi. Ahal welaýatynyň bedenterbiýe we sport baradaky Baş müdirliginiň sport mekdebinde iki duşuşyk geçirildi. Ilkinji duşuşyk paýtagtymyzyň «Köpetdag» toparynyň peýdasyna tamamlandy – 10:6. Soňra Türkmenistanyň «Senagat» paýdarlar täjirçilik bankynyň «Senagatbanky» bilen duşuşan myhman topar birinji oýunda goýberen säwliklerinden netije çykaryp, sazlaşykly oýun görkezmäge çalyşdy. Häzirki wagtda dowam edýän ýurdumyzyň Naýbaşy futzal ligasynda ikinji orny eýeleýän, Mergen Ataýewiň tälim berýän «Senagatbank» toparynyň hem erjel çykyş edendigini bellemek gerek. Ikitaraplaýyn hüjümlerde geçen duşuşygyň 2:2 hasabynda tamamlanandygyna garamazdan, toparlaryň ikisine-de ýeňiş gazanmaga gowy mümkinçilikler döredi. Bu oýun bank işgärlerinden düzülen toparymyzyň türkmen futzalynyň mümkinçiliklerini halkara ýaryşlarda hem görkezmäge ukyplydygyny aýan etdi. Duşuşygyň öňüsyrasy «Senagatbank» toparynyň tälimçileridir oýunçylarynyň myhman toparyň türgenlerine ýadygärlik sowgatlary gowşurandyklaryny aýratyn bellemek gerek. Baýrak gowşurylyş dabarasynda bolsa duşuşyklara gatnaşyjylara dabaraly ýagdaýda Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetiniň hem-de Türkm

Paýtagtyň açyk birinjiligi

Ýakynda Aşgabat şäheriniň bedenterbiýe we sport baradaky Baş müdirliginiň guramagynda 12 we 18 ýaşa çenli oglan-gyzlaryň arasynda düzzüm boýunça paýtagtyň açyk birinjiligi geçirildi. Şeýlelikde, 12 ýaşa çenli oglanlaryň arasynda Didarberdi Paşagulyýew 1-nji orny eýeledi. Gadyrmuhammet Nurlyýew 2-nji, Aýmyrat Öwezow 3-nji orna mynasyp boldy. Gyzlaryň arasynda Aýperi Öwezowa ýeňiji bolmagy başardy. Aýperi Baýramgulyýewa 2-nji, Medine Kadyrowa 3-nji orunlara mynasyp boldular.

Welaýatlardan habarlar

Golaýda 2007-2008-nji ýyllarda doglan oglan-gyzlaryň arasynda woleýbol boýunça Lebap welaýatynyň birinjiligi geçirildi. Ýaryşa Türkmenabat şäherinden, Çärjew, Köýtendag, Hojambaz, Saýat, Darganata, Dänew etraplaryndan türgenler gatnaşdy. Oglanlaryň arasynda 1-nji orny Türkmenabat şäheriniň 10-njy sport mekdebiniň topary eýeledi. Çärjew etrabynyň türgenleri 2-nji, Türkmenabat şäheriniň 9-njy sport mekdebiniň türgenleri 3-nji orna mynasyp boldular. Gyzlaryň arasynda 1-nji orny Çärjew etrabynyň, 2-nji ýeri Türkmenabat şäheriniň 10-njy sport mekdebiniň, 3-nji orny bolsa Saýat etrabynyň türgenleri eýelemegi başardylar. Biz ýaşlaryň röwşen ertiri, bagtyýar şu güni hakynda uly alada edýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş aýdýarys.

Hünär baýramyna bagyşlanan bäsleşik

Türkmenistanyň Energetika ministrliginiň Aşgabat şäherinde ýerleşýän edara-kärhanalarynyň hem-de okuw mekdepleriniň işgärleriniň arasynda hünär baýramyna bagyşlanan küşt we şaşka ýaryşlary tamamlandy. Erkekleriň arasyndaky küşt ýaryşyna höwesjeňleriň birnäçesi gatnaşdy. Bu ýerde garşydaşlarynyň ählisinden rüstem gelen «Döwletenergogözegçilik» kärhanasynyň Bagtyýarlyk etrap bölümçesiniň inspektory Şatmuhammet Aýdogdyýew 1-nji orny eýeledi. «Türkmenenergo» döwlet elektroenergetika korporasiýasynyň Merkezi dispetçer müdirliginiň operatiw uly dispetçeri Bekmyrat Goçew 2-nji, «Aşgabatenergo» önümçilik birleşiginiň 35 kW we ýokary elektrik geçiriji howa ulgam gullugynyň esasy inženeri Geldi Öwezow 3-nji orunlara mynasyp boldular.

Taryhda şu gün

Ol ilkinji ulagyny Hytaýda geçirilen bäsleşikde 150 metr aralykdan geçiren dürs urgusy üçin gazanýar. Ikinji ulagy bolsa 2-nji noýabrda Hytaý Taýbeýinde geçirilen bäsleşikde 133 metr aralykda görkezen netijesi üçin gowşurylýar.

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň itşynaslaryna, olaryň janköýerlerine we mähriban halkyna

Eziz watandaşlar! Hormatly itşynaslar!