Mukaddes topragymyzda pederlerimiz tarapyndan asyrlaryň dowamynda kemala getirilip, umumadamzat gymmatlygyna öwrülen behişdi bedewlerimiz Ýer ýüzünde bar bolan tohum atlaryň arasynda iň naýbaşylarynyň biri hasaplanylýar. Wepadarlygy, owadanlygy, ýyndamlygy, çydamlylygy bilen halkymyzyň göz-guwanjyna, ýakyn syrdaşyna öwrülen bedewlerimiz il-günümiziň uçar ganatydyr, köňül buýsanjydyr.
Ata-babalarymyz öz kemala getiren bedewlerinde maksat-myradyny, milli seçgiçiligiň ajaýyp nusgasyny görüpdirler. Atlaryň ahalteke tohumy türkmen halkynyň köp asyrlaryň dowamynda çeken gaýduwsyz zähmetiniň altyn önümidir. Halkyň ýaşaýyş we ýerli howa şertlerine laýyk gelýän, ýyndam, owadan, Günüň jöwzaly yssysyna çydap bilýän, uzak ýolly ýörişleri geçmäge ukyply, ot-iýmiň we suwuň hemişelik ýetmezçiligine dözümli at tohumy diňe ahalteke tohumydyr.