"Türkmen sporty" gazeti

Esaslandyryjysy: "Türkmen Sporty" gazetiniň redaksiýasy
Salgysy: Aşgabat şäheri, 1995-nji köçe 66 jaýy
Telefon belgileri: 22-33-91, 22-33-72

Habarlar

Kazandaky üstünlik

Tatarystan Respublikasynyň Kazan şäherinde guşakly göreş boýunça ulularyň arasyndaky dünýä çempionatynyň hem-de 20 ýaşa çenli ýaşlaryň arasyndaky dünýä birinjiliginiň Türkmenistanyň ýygyndy toparynyň uly üstünligi bilen jemlenmegi sportuň bu görnüşinden milli mekdebimiziň ajaýyp ýeňşine öwrüldi. Dünýä çempionatynda 34 ýurda wekilçilik eden türgenleriň 250-den gowragy baýrakly orunlar ugrunda göreşdi. Ulularyň dünýä çempionatynda Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň çagyryş boýunça harby gullukçylary Abdyresul Durdyýew (62 kg) bilen Pälwan Gurbangeldiýew (100 kg) hem-de Türkmen döwlet maliýe institutynyň 3-nji ýyl talyby Annagurban Allaberdiýew (90 kg) garşydaşlarynyň ählisinden üstün çykyp, altyn medallary gazanmagyň hötdesinden geldiler.

Erjel pälwan

Kämil mekdep hökmünde belli bolan türkmeniň pälwançylyk ýoly dünýä nusgalyk ägirtleri bilen halkymyzyň watansöýüjilik, edermenlik, gaýratlylyk hem tutanýerlilik häsiýetlerini äleme ýaýdy. Bu gün türkmen pälwanlarynyň dünýä derejesindäki ýaryşlarda gazanýan üstünlikleri bolsa nesilden-nesle geçip, biziň günlerimize gelip ýeten şol ýoluň has-da kämilleşdirilýändiginden nyşandyr. Ine, golaýda Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Kazan şäherinde geçirilen guşakly göreş boýunça dünýä çempionatynda hem-de 20 ýaşa çenli ýaşlaryň arasyndaky dünýä birinjiliginde türkmen pälwanlarynyň gazanan üstünlikleri hem bu hakykatyň subutnamasy boldy. Şol ýerde garşydaşlarynyň ählisinden rüstem gelip, dünýäniň çempiony bolmagy başaran ussatlarymyzyň biri hem Türkmenistanyň ýygyndy toparynyň agzasy Abdyresul Durdyýewdir. 62 kilogram agram derejesinde göreşen Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň çagyryş boýunça harby gullukçysy A.Durdyýew bu çempionatda täjik, gazak hem mongol pälwanlaryny ahmyrda goýup, finalda çykyş etmäge hukuk gazandy. Jemleýji duşuşykda garşylyklaýyn zyňyş emelini ulanmak bilen, gyrgyz türgenini ýeňmegi ildeşimiziň dünýäniň çempiony bolmagyny şertlendirdi. * * *

Awtomobil sporty: ýeňişli menziller

Ýurdumyzda sportuň beýleki görnüşleri bilen birlikde, awtomobil sportuny ösdürmek ugrundaky ädimleriň hem rowaçlyklara beslenýändigini aýratyn bellemek gerek. Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen ösüşiň möhüm tapgyrlaryny ynamly geçen awtomobil sporty boýunça milli mekdebimiz bu gün hormatly Prezidentimiziň döredýän şert-mümkinçilikleriniň netijesinde uly öňegidişliklere eýe bolýar. Türkmen ekipažlarynyň halkara derejesindäki ýaryşlarda gazanýan ajaýyp üstünlikleri munuň aýdyň mysalydyr. Bu hakykat hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň 26-27-nji noýabrda Aşgabat şäherinde geçirilen «Halkara ulag-üstaşyr geçelgeleri: özara arabaglanyşyk we ösüş — 2024» atly halkara foruma gatnaşmak üçin sapar bilen ýurdumyza gelen Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretarynyň ýol howpsuzlygy boýunça Ýörite wekili Žan Todt bilen bolan duşuşygynda hem beýan edildi. «Häzirki wagtda ýurdumyzda awtomobil sportuny ösdürmäge hem uly üns berilýär. Sportuň bu görnüşi bilen meşgullanýan türgenleriň ussatlygyny artdyrmak üçin degişli işler geçirilýär» diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy we olaryň halkara ýaryşlara gatnaşmagy bilen bagly meseleleriň döwletimiziň hemişelik üns merkezinde saklanýandygyny, munuň bolsa türkmen türgenleriniň halkara derejede ýokary netijeleri gazanmaklaryna giň ýol açýandygyny belledi.

Kämilligiň çägi ýok

Dünýäniň köp ýurtlarynda bolşy ýaly, eziz Diýarymyzda hem sportuň köpçülikleýin meşgullanylýan görnüşleriniň biri futboldyr. Heniz mekdep ýaşyna hem ýetmedik çagalaryň howlularynda ýa-da öýleriniň töwereginde top kowalap ýören pursatlaryna häli-şindi gabat gelmek bolýar. Elbetde, topuň yzynda ylgap ýören her bir körpeden futbolçy çykanok. Sportuň ähli görnüşinde bolşy ýaly, futbolda hem, ilkinji nobatda, dogabitdi zehin, ukyp, başarnyk gerek. Balkan welaýatynda önüp-ösen Tirkişmyrat Sarymyradow hem kiçiliginden şeýle başarnyga eýedigini görkezmegi başardy. Häzirki wagtda paýtagtymyzyň «Aşgabat» toparynda çykyş edýän ýarymgoragçy 2004-nji ýylda Gyzylarbat etrabynyň Hojagala obasynda dünýä inýär. Şu obadaky 13-nji orta mekdepde bilimler dünýäsindäki ilkinji ädimini äden geljekki futbolçynyň maşgalasy Balkanabat şäherine göçüp gelýär we ol 2-nji synpdan başlap 15-nji orta mekdepde okap ugraýar.

TFF-niň täzelikleri

Ýakynda Türkmenistanyň futbol çempionatynyň Ýokary ligasynyň 30-njy tapgyrynyň duşuşyklary geçirildi. Mary şäherinde ýerli «Merw» paýtagtymyzyň «Köpetdagynyň» derwezesinden jogapsyz iki top geçirip, utugyny 35-e ýetirdi. Ýeňiş gazanan toparyň gollaryny Şöhrat Öwmadow (45+1-nji minut)) bilen Serdar Annamämmedow (64-nji minut) öz atlaryna ýazdyrdylar. Türkmenbaşy şäherinde «Şagadam» Balkanabat şäheriniň «Nebitçisini»

Zenan futbolynyň taryhyndan

Zenanlaryň futbol oýnamagy orta asyrlara çenli Hytaýda-da, ösen Ýewropa ýurtlary bolan Angliýada, Germaniýada, Niderlandlarda hem kän bir oňlanylmandyr. Ýöne wagtyň geçmegi bilen, bu ugurdaky tagallalar ýerine düşüpdir. Şotlandiýada ХVII asyryň ahyrlarynda zenan toparlarynyň arasynda resmi ýaryşlaryň guralandygy barada maglumatlar bar. Şeýle-de bolsa, 1970-nji ýyla çenli dünýäniň aglaba ýurtlarynda futbol diňe erkek kişileriň meşgullanýan sport görnüşi hasaplanypdyr. Muňa garamazdan, ABŞ-da, Norwegiýada, Şwesiýada, Italiýada, Germaniýada futbol bilen çynlakaý meşgullanýan zenanlar ýyl-ýyldan köpelipdir.

Dil — ru­hy ha­zy­na

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwri ajaýyp ösüşlere, taryhy üstünliklere beslenýär. Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde bilim almaga, ylym öwrenmäge giň ýol açylýar, uly mümkinçilikler döredilýär. Elbetde, döwrebap ylym öwrenmek üçin dünýädäki ösüşlerden habarly bolmaly, munuň üçin bolsa daşary ýurt dillerini öwrenmek zerurdyr. Ýurdumyzda dünýä dillerini öwrenmäge döredilýän mümkinçilikler ýaşlara bildirilýän belent ynamyň netijesidir. Daşary ýurt dillerini öwrenmek islendik kärde işleseň-de, okasaň-da, döwür bilen aýakdaş gitmek üçin iň möhüm aýratynlykdyr. Bu sport babatda gürrüň edilende hem şeýledir. Çünki ýurdumyzyň köpugurly ösüşi tehnologiýalar ulgamynda halkara hyzmatdaşlygy giňeltmek hem-de pugtalandyrmak bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr.

Ähli döwürleriň beýik lukmany

«Abu Aly ibn Sinanyň ömrüniň 12 ýyldan gowragy Günbatardan Gündogara, Günortadan Demirgazyga uzap giden Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda ýerleşen biziň ýurdumyzyň topragy, türkmen halkynyň taryhy bilen mäkäm baglanyşyklydyr. Alym ömrüniň bu gysga döwründe Gündogaryň nur saçýan ylym merkezleri hökmünde meşhurlyk gazanan Ürgenç, Merw, Bawert, Nusaý şäherlerinde ýiti zehini, akyl-paýhasy, tejribeleridir gözlegleri, düýpli nazaryýetleri bilen täze ylmy açyşlary amala aşyrmak hem-de deňsiz-taýsyz eserleri döretmek bilen, geljek nesillere beýik mirasy galdyrypdyr» diýip, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow nygtaýar. Ine, şol beýik mirasy galdyran beýik ynsanyň abraý-mertebesiniň, şan-şöhratynyň Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe has belent derejelere göterilendigine onuň Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallasy bilen döredilen paýtagtymyzdaky «Ylham» seýilgähinde orun alan nurana heýkelini synlanymyzda-da aýdyň göz ýetirýäris. Dünýä ylmynda Awisenna ady bilen belli bolan meşhur alym, akyldar, lukman, tebigaty öwreniji, saz nazaryýetçisi, matematik, psiholog, derman öwreniji, astronom, şahyr Abu Aly Hüseýin ibn Abdylla ibn Aly ibn Hasan ibn Sina 980-nji ýylyň 16-njy awgustynda Buhara şäheriniň golaýyndaky Afşina atly obada dünýä inýär. Geljekki beýik şahsyýet alty ýaşyndaka maşgalasy Buhara göçüp barýar. Ibn Sinanyň eýýäm on ýaşyndaka Gurhany ýatdan bilmegi, arap w

Geljekki ýeňişlere badalga

Geçen asyryň 70 — 80-nji ýyllarynda Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň we ykdysadyýetiniň dürli pudaklarynyň alymlarynyň gatnaşmagynda 10 jiltlik ýörite ensiklopediýa taýýarlanylyp, olaryň her biri uly göwrümli kitap görnüşinde okyjylara ýetirilýär. Kitabyň ilkinji jildi çykanda, men mekdep okuwçysydym. Kyblam, alym Orazmyrat Garahanow kitaby öýümize alyp gelende aýdan sözleri häli-häzirem ýadymda: «Türkmeniň dana akyldary Magtymguly Pyragynyň şygyr bossanyndaky: «Kitap okan gullar magnydan dokdur...» diýen gyzyla gaplaýmaly nesihatlaryndan ugur alyp, şu kitaby we onuň indiki çykjak jiltlerini, umuman, kitaplary aýawly saklap, yzygiderli okasaň, geljekde saňa hemişe hemra we goltgy bolar...». Görkezilen kitabyň on jildini we goşmaça türkmen hem-de rus dillerinde çykarylan jiltlerini gözümiň göreji deý saklap gelýärin we mümkinçiligim boldugyndan olary yzygiderli okaýaryn.

Be­den maşk­la­ry – sag­dyn­ly­gyň sa­ka­sy

Ada­myň be­den taý­dan kä­mil­leş­me­gin­de maşk­lar örän äh­mi­ýet­li­dir. Sä­her bi­len ýe­ri­ne ýe­ti­ril­ýän maşk­lar ada­myň be­de­ni­ni tap­la­ýar, nerw dart­gyn­ly­ly­gy­nyň öňü­ni al­ýar, gan aý­la­ny­şy­gy­ny go­wu­lan­dyr­ýar. Ir­ki maşk­la­ry en­di­ge öwür­mek dur­mu­şy­ňy sag­dyn­ly­ga bes­le­me­giň esa­sy şert­le­ri­niň bi­ri­dir. Maşk­lar yzy­gi­der­li ýe­ri­ne ýe­ti­ri­len­de, ýü­rek myş­sa­la­ry­ny güýç­len­dir­ýär, öý­ke­ni tür­gen­leş­dir­ýär. Bu bol­sa be­de­niň kis­lo­rod bi­len üp­jün­çi­li­gi­ni ka­da­laş­dyr­ýar. Fi­zi­ki iş­jeň­lik ça­ga­la­ryň we ýet­gin­jek­le­riň süňk ul­ga­my­nyň ýag­da­ýy­ny go­wu­lan­dyr­ýar, myş­sa­la­ryň sag­dyn ös­me­gi­ne ýar­dam ed­ýär. Uky­ňy ka­da­laş­dyr­mak­da, keý­pi­ňi saz­la­mak­da hem maşk­la­ryň peý­da­sy ulu­dyr.

Sazyň jadylaýjy güýji

Sungatyň dünýäniň, adamzadyň ýaşaýşynyň has-da gözelleşmegine getiren görnüşleriniň biri-de sazdyr. Gözellikleri duýmak ukybyny ösdürýän sazy bütin durky bilen diňleýän adama onuň edýän täsirini söz bilen düşündirip bolmaz. Sazyň ynsan saglygyna ýetirýän täsiri-de taryplarça bardyr. Bu ugurda köp tejribesi bolan alymlaryň geçiren barlaglarynyň esasynda gelen netijelerine görä, öz halaýan aýdym-sazyny diňlän adamyň beýnisinde «oňyn energiýa we duýgular» ýüze çykýar. Şol pursatda bolsa adamyň işjeňligi artýar, şähdi açylýar, özüni rahat we ruhubelent duýýar, gaýgy-aladalaryny unudýar.

Welaýatlardan habarlar

Eziz Di­ýa­ry­myz­da ýaş nes­liň be­den­ter­bi­ýe hem-de sport bi­len meş­gul­lan­ma­gy üçin giň müm­kin­çi­lik­ler dö­re­dil­ýär. Biz hem TMÝG-niň Ma­ry we­la­ýa­ty­nyň Tag­ta­ba­zar et­rap ge­ňe­şi­niň hü­när­men­le­ri bo­lup et­ra­byň bi­lim bö­lü­mi hem-de sport mek­dep­le­ri bi­len bi­le­lik­de spor­tuň dür­li gör­nüş­le­ri bo­ýun­ça ýa­ryş­la­ryň gu­ral­ma­gy­na yzy­gi­der­li gat­naş­ýa­rys. Bu gün ýaş­lar ge­çi­ril­ýän bäs­le­şik­le­re iş­jeň gat­na­şyp, sag­dyn dur­muş ýö­rel­ge­si­ne eýer­ýän­dik­le­ri­ni gör­kez­ýär­ler. Çün­ki sport be­den hem ruhy taý­dan sag­dyn­ly­gyň, ru­hu­be­lent­li­giň we bag­ty­ýar­ly­gyň göz­ba­şy­dyr. Aja­ýyp za­ma­na­myz­da ge­çi­ril­ýän be­den­ter­bi­ýe we sport çä­re­le­ri, bäs­le­şik­ler ýaş­la­ryň has ze­hinli­le­ri­ni ýü­ze çy­kar­mak­da uly äh­mi­ýe­te eýe­dir.

Taryhda şu gün

Aslynda, bu iki milli ýygyndy şol ýylyň 30-njy noýabryna çenli ýoldaşlyk duşuşyklarynyň bäşisini geçiripdir. 1870-nji ýylyň 5-nji martyndaky ilkinji duşuşyk 1:1 hasabynda tamamlanýar. 19-njy noýabrda geçirilen duşuşykda angliýaly futbolçylar 1:0 hasabynda üstün çykýarlar. 1871-nji ýylyň 25-nji fewralyndaky duşuşykda ikinji gezek deňlik hasaba alynýar – 0:0. Soňky iki duşuşyk bolsa Angliýanyň milli ýygyndysynyň peýdasyna tamamlanýar (1871-nji ýylyň 18-nji noýabry – 2:1, 1872-nji ýylyň 24-nji fewraly – 1:0).

Sportuň hem dostlugyň rowaçlanýan diýary

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen sportunyň altyn sahypalary ýazylyp, Türkmenistan ýokary netijeli sportuň we köpçülikleýin bedenterbiýäniň okgunly ösýän, halkara sport ýaryşlarynyň yzygiderli geçirilýän ýurdy hökmünde tanalýar. Gahryman Arkadagymyzyň sportuň ösen milli ulgamyny döretmek, Olimpiýa hereketini, ýokary derejeli sporty ösdürmek, degişli ugurlarda halkara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak babatda başyny başlan asylly işleri hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda mynasyp dowam etdirilýär. Parahatçylygyň ilçisi, dost-doganlygyň ýoly hasaplanýan sporty ösdürmek ýurdumyzyň içeri we daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Kämil sport düzümlerine eýe bolan ýurdumyzda soňky ýyllarda geçirilen halkara ýaryşlar eziz Watanymyzyň abraýyny has-da artdyrdy. 11 – 17-nji noýabr aralygynda paýtagtymyzyň Olimpiýa şäherçesindäki Tennis toplumynda 14 ýaşa çenli ýetginjekleriň arasynda geçirilen «Ashgabat Open 2024» halkara ýaryşy hem uly üstünlige beslenip, türgenlerde hem, sport muşdaklarynda hem ýatdan çykmajak täsirleri galdyrdy.

Ýaş kalp­la­ryň joş­gu­ny

Eziz Watanymyzyň güýç-kuwwatyna, beýik geljeginiň eýelerine deňelýän ýaşlaryň ýokary derejede bilim almagy, bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmagy, sagdyn we bagtyýar durmuşda ýaşamagy ugrunda uly mümkinçilikler döredilýär. Şol mümkinçiliklerden göwünleri galkynýan ýaş nesiller ylym-bilim alyp, sportdur döredijilik bilen meşgullanyp, ykdysadyýetiň pudaklarynda tutanýerli zähmet çekip, ýurdumyzyň okgunly ösüşlerine mynasyp goşantlaryny goşýarlar. 16-njy noýabrda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň döredilen güni mynasybetli dürli ugurlarda tapawutlanan hem-de ýurdumyzyň içeri we daşary syýasatyny, durmuşa geçirilýän beýik özgertmeleri, olaryň halkymyzyň durmuşyndaky taryhy ähmiýetini wagyz-nesihat etmekde ýokary döredijilik başarnygyny, işjeňligini görkezen ýaşlaryň Türkmenistanyň Ýaşlar baýragy bilen sylaglanmagy hem hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýaşlaryň bagtyýarlygy hakynda edilýän köptaraply aladanyň hem-de olaryň zehinine, ukyp-başarnygyna, zähmetine goýulýan belent sarpanyň nyşanydyr. Hormatly ada mynasyp bolan ildeşlerimiziň hataryndan sport ulgamynyň ösmegi ugrunda yhlasyny gaýgyrmaýan ýaşlaryň birnäçesi bilen söhbetdeş bolup, olaryň ýürek buýsanjyny ýazga geçirdik. Daýanç OMIROW, Lebap welaýatynyň Kerki etrabyndaky 22-nji orta mekdebiň bedenterbiýe mugallymy:

Buýsanja beslenýän üstünlikler

Paýtagtymyzda 12 ýurda wekilçilik eden ýaş türgenleriň gatnaşmagynda geçirilen «Ashgabat Open 2024» halkara ýaryşy ýokary ruhubelentlige beslendi. Ýaryşyň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy tamamlanansoň, bu sport baýramçylygynda üstünlik gazanan zehinli ýaşlaryň birnäçesi bilen söhbetdeş bolup, olaryň buýsançly sözlerini ýazga geçirdik. Ilima GUSEÝNOWA,

Kiçi Bozagan pälwan

Garagum sährasyndaky obalarda ýaşamak, zähmet çekmek hakyky durmuş mekdebidir. Tomsuň epgegine döz gelip, gyşyň aňzagyna eýlenip, mal yzynda gezmek – edenliligi, ugurtapyjylygy, kesp-kär başarnygyny, umuman, häsiýeti terbiýeleýär. Garryçyrlanyň gaýra gündogarsyndaky Annagoç diýen çarwa obasynda ömür süren Amanýaz göbe hem şol mekdebi geçip, nesil dowamatyna guwanyp ýaşan adamlaryň biridir. 1918-nji ýylda Amanýaz göbäniň we Hansoltan ejäniň döwletli maşgalasynda on üçünji çaga – oglan bäbejik dünýä inýär. Oňa Bozagan diýip at dakýarlar. Bozagan oba mekdebini tamamlap, kolhozda hasapçy bolup işe başlaýar.

Milli oýunlar – terbiýe mekdebi

«Türkmenistan çagalygy adamyň ömrüniň möhüm tapgyry hökmünde ykrar edýär we ösüp gelýän ýaş nesilleri jemgyýetimizde doly derejeli durmuşa taýýarlamagy, olarda döredijilik işjeňligini, ukyp-başarnyklary ösdürmegi, ýokary ahlak häsiýetlerini, watançylyk, raýatlyk duýgularyny terbiýelemegi ileri tutulýan wezipeler hökmünde kesgitleýär» diýip, hormatly Prezidentimiz nygtaýar. Elbetde, şol wezipeleriň üstünlikli amala aşyrylmagynda milli mirasymyz, şol sanda onuň aýrylmaz bölegi bolan milli oýunlarymyz hem uly ähmiýete eýedir. Paýhasly pederlerimiz müňýyllyklardan gözbaş alýan şöhratly taryhymyzyň dowamynda sagdyn nesilleri kemala getirmek, olaryň ilhalar, giň gözýetimli, ýokary aň-düşünjeli, edep-terbiýeli, watansöýüji adamlar bolup ýetişmeklerini gazanmak üçin uly alada edipdirler. Muňa asyrlardan-asyrlara, nesillerden-nesillere geçip gelen milli oýunlarymyza nazar aýlanyňda hem aýdyň göz ýetirmek bolýar. Şol oýunlaryň ählisiniň diýen ýaly gözbaşynda çagalary edep-terbiýeli edip ýetişdirmek bilen birlikde, olarda sagdyn, berk bedenli, gaýduwsyz, hüşgär bolmak ýaly häsiýetleri kemala getirmek baradaky maksat durýandyr. Olardan «Çeke-çeke», «Aýterek-Günterek», «Gizlenpeçek», «Akja süňk», aşyk, bäşdaş, düzzüm, ýaglyga towusmak, sadranç ýaly terbiýeçilik ähmiýetli we paýhas oýunlaryny görkezmek bolar. Bu oýunlaryň aýratynlykda oglanlara we gyzlara degişli görnüşleri hem bolup,

Nusgalyk göreldä eýerip

Ajaýyp zamanamyzda hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda berkarar döwletimiziň dünýädäki abraýy täze belentliklere göterilýär. Ýurdumyzyň halkara derejede parahatçylygy, abadançylygy, birek-birege ynanyşmagy pugtalandyrmak bilen birlikde, sagdyn durmuş ýörelgesini, sporty, bedenterbiýäni wagyz etmekde aýratyn işjeňlik görkezmegi şol at-abraýyň belende göterilmeginiň esasy sebäpleriniň biridir. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary bilen häzirki wagtda türkmen türgenleri üçin döredilýän şert-mümkinçilikler dünýä nusgalykdyr. Merdana türgenlerimiziň dürli halkara ýaryşlarda görkezýän ýokary netijeleri bolsa biziň hemmämizi guwandyrýar, buýsandyrýar. Şeýle türgenlere sylaglary gowşurmak dabaralarynyň geçirilmeginiň ajaýyp zamanamyzda asylly däbe öwrülendigem aýratyn bellenilmäge mynasypdyr. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň 2-nji noýabrynda biz bu hakykata göz ýetirdik. Şol gün döwlet Baştutanymyzyň Saglyk ýolundan geçmegi bolsa Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň sagdyn durmuş ýörelgesine eýermekde, sport bilen meşgullanmakda her bir türkmenistanly üçin nusgalyk görelde bolup durýandygyny nobatdaky gezek aýan edip, kalplarymyzdaky buýsanjymyza buýsanç goşdy. Gahryman Arkadagymyzyň sport ulgamynda durmuşa geçiren ägirt uly işleriniň netijesinde Ýer ýüzünde sport ýurdy diýlip ykrar edilen Türkmenistan Watanymyzda dürli ýyllarda sebit, ykl

Halkara ýaryşyň medallary

Ýakynda paýtagtymyzyň Olimpiýa şäherçesiniň Tennis toplumynda 14 ýaşa çenli ýetginjek oglan-gyzlaryň arasynda «Ashgabat Open — 2024» atly halkara ýaryşy geçirildi. Bu halkara ýaryşda Aşgabat şäheriniň bedenterbiýe we sport baradaky Baş müdirliginiň 10-njy hem-de 11-nji sport mekdepleriniň ýaş türgenleri üstünlikli çykyş etdiler. 11-nji sport mekdebiniň türgeni Ilima Guseýnowa ýekelikde çykyş etmekde gyzlaryň arasynda öňdäki orny eýeledi. Ol jübütlikde çykyş etmekde paýtagtymyzyň 10-njy sport mekdebinde tälim alýan Aýlar Kakabaýewa bilen bilelikde altyn medala mynasyp boldy. Aýgytlaýjy duşuşykda Ilimadan ýeňlen Aýlar ýekelikde çykyş etmek görnüşinde kümüş medala mynasyp boldy. Jübütlikde gyzlaryň arasynda geçirilen bäsleşikde 2-nji orna mynasyp bolan Näzli Hudaýkuliýewa hem 11-nji sport mekdebinde tälim alýar. Şol mekdebiň türgenleri Nazargeldi Amangeldiýewiň Kerimgeldi Welibekowyň jübütlikdäki çykyşlary 1-nji orun bilen tamamlandy. Bu mekdebiň netijeli çykyş eden türgeni Süleýman Hudaýberdiýew oglanlaryň arasynda ýekelikde hormat münberiniň ikinji basgançagyna çykmagy başardy.