Ýaşlar - ýurduň gelejegi

20 Awgust 2021
668

Gahryman Arkadagymyzyň peşgeş beren ajaýyp zamanasyny biz uly buýsanç bilen «Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwri» diýip atlandyrýarys. Bu nurana döwrüň Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan Watanymyzyň taryhyndaky iň ösüşli eýýamdygy bolsa dünýä jemgyýetçiliginiň ykrarnamasyna eýe bolan beýik hakykatdyr. «Bagtyýarlyk», «bagtyýar durmuş» diýen düşünjelere diýseň köp oňat hem ajaýyp zatlaryň degişlidigi hemmä mälim. Ýöne durmuşyň bagtyýar bolmagynyň esasynda, düýp many-mazmunynda saglygyň, sagdynlygyň jemlenýändigini aýtsak, ylalaşmajak tapylmasa gerek.

Saglygyň beglikdigi, hemme gowy zatlaryň sakasynyň saglykdygy, il saglygynyň ýurduň baş baýlygy bolup durýandygy barada ençeme nakyllary, pähimleri döreden ata-babalarymyz sagdyn durmuş ýörelgelerini elmydama öz ýaşaýşynyň baş kadasyna öwrüp gelipdirler. Şol ýörelgeleriň Arkadag Prezidentimiziň taýsyz tagallasy hem-de parasatly baştutanlygy bilen Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe täze röwüşde dowam etdirilýändigi, özem dünýä nusgalyk derejede dowam etdirilýändigi şu günüň ajaýyp hakykatydyr. Pederlerimiziň saglyga, sagdynlyga esaslanýan ýörelgeleriniň döwrebap derejede dowam etdirilmegi hem-de Gahryman Arkadagymyzyň döwlet başyna geçen ilkinji günlerinden jemgyýetimizde sagdyn durmuş kadalaryny, sporty, köpçülikleýin bedenterbiýäni giň gerimde ýaýbaňlandyrmak babatda badalga beren tutumly başlangyçlarynyň sanlyja ýyllaryň içinde üstünlikli amala aşyrylmagy netijesinde Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiz bu günki gün Ýer ýüzünde sagdynlygyň, bagtyýarlygyň, ruhubelentligiň, sportuň mekany hökmünde belent ykrarnama eýe boldy.

«Türkmen sporty».