Welaýatlardan habarlar

27 Awgust 2021
774

Aşgabat şäherindäki Olimpiýa şäherçesiniň Başa-baş söweş sungaty sport toplumynda Türkmenistanyň taryhynda ilkinji olimpiýa medalyny gazanan, agyr atletika boýunça ýurdumyzyň milli ýygyndysynyň agzasy Polina Gurýewany we onuň tälimçilerini sylaglamak dabarasy boldy. Bu taryhy waka mynasybetli Balkan welaýatynyň sport we ýaşlar syýasaty Baş müdirliginiň TMÝG-niň Balkan welaýat geňeşi, Türkmenistanyň demokratik partiýasynyň Balkan welaýat komiteti bilen bilelikde guramagynda welaýat kitaphanasynda Baş müdirligimiziň hünärmenleriniň we tälimçileriniň gatnaşmagynda «Sporta sarpaň üçin, sag bol, eziz Arkadag!» atly hoşallyk maslahaty geçirildi.

Maslahatda çykyş edenler türkmen sportunyň ösmegi ugrunda edýän taýsyz tagallasy üçin hormatly Prezidentimize alkyş sözlerini aýtdylar.