Täsirli söhbetdeşlik

20 Awgust 2021
989

Bedenterbiýe, sport we sagdyn durmuş ýörelgeleri dünýä medeniýetiniň örän möhüm gymmatlyklarydyr. Bedenterbiýe we sport jemgyýetimizi jebisleşdirýän we ösüşe ruhlandyrýan güýçdir. Sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýurdunda – eziz Watanymyzda bedenterbiýäniň we sportuň ösdürilmegi, halkymyzyň saglygy, abadan hem-de bagtyýar durmuşda ýaşamagy ugrunda örän uly özgertmeler durmuşa geçirilýär.

Ine, şu özgertmelerden ugur alnyp, Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Aşgabat şäher komitetiniň guramagynda Jemgyýetçilik guramalarynyň merkeziniň mejlisler zalynda edara-kärhanalarda zähmet çekýän raýatlaryň gatnaşmaklarynda «Sagdyn durmuş ýörelgesi – bagtly durmuş ýörelgesi» atly şygar astynda wagyz-nesigat maslahaty geçirildi. Maslahatda çykyş edenler Gahryman Arkadagymyzyň baştutanlygynda ata Watanymyzda raýatlaryň saglygyny goramak, dürli ýokanç keselleriň öňüni almak maksady bilen geçirilýän giň göwrümli işleriň ähmiýeti barada hem-de her bir adamyň öz saglygy hakynda alada etmelidigini, sagdyn durmuş ýörelgelerine birkemsiz eýermelidigini aýtdylar. Şeýle-de, her bir adamyň hökmany ýagdaýda arassaçylygyň talaplarny berjaý etmelidigini, pasla görä geýinmelidigini, iş ýerinde we öýünde otaglaryň howasynyň tämiz bolmagyny gazanmalydygyny aýdyp, sagdyn iýmitlenmegi, hormatly Prezidentimiziň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly köp jiltli ylmy-ensiklopedik kitabynda beýan edilýän dermanlyk ösümliklerden taýýarlanan melhem çaýlary içmegi, arassa howada köpräk gezim etmegi, boş wagtlary sport we bedenterbiýe bilen meşgullanmagy maslahat berdiler. Agyz-burun örtüklerini dogry ulanmagyň, iki metr howpsuz araçägi saklamagyň ähmiýeti barada aýdylanlary hem ähmiýetli maslahatlaryň hatarynda görkezmek bolar. Bularyň ählisi Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe jemgyýetimiziň we döwletimiziň iň esasy gymmatlygy bolan adam hakyndaky aladanyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugry bolup durýandygyna aýdyň şaýatlyk edýär.

Didar MEREDOW,
TDP-niň Aşgabat şäher komitetiniň partiýa guramaçysy.