Diňe bilýard barada

2 Iýul 2021
185

Küşt ýaly, örän gadymy oýun bolan bilýardyň watany Aziýa ýa-da Hindistan, käbir bilermenleriň pikiriçe, Hytaý hasaplanylýar. Ilkinji bilýard stoly käbir resminamalara görä Luis XI döwründe Fransiýada peýda bolupdyr. Ony 1469-njy ýylda Henri de Winem ýasaýar. Şol döwürleriň iňlis şalary hem bu oýny oýnapdyr. Muny 1578-nji ýylda Şotlandiýanyň şa zenany Meri Stýuartyň hatlarynyň birinde halaýan bilýardlaryny başga bir otaga geçirmegini haýyş edýän sözleri tassyklaýar. Bilýard stoly XVI asyrda häzirki zaman görnüşlerine eýe bolup başlapdyr.

XIX asyryň başynda bilýard ýakymly güýmenje derejesinden çynlakaý bilimleri we başarnyklary, takyklygy, gowy gözi we hereketleriň dürslügini talap edýän sport görnüşi hökmünde uly abraýa eýe boldy. Çempionatlar geçirilip başlandy we olara jemgyýetçilik toparlary gatnaşdy.

Osman AŞYROW,
Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň institutynyň mugallymy, içerki gullugyň leýtenanty.