Ynsan saglygynyň goragynda

10 Sentýabr 2021
960

Häzirki wagtda hormatly Prezidentimiziň «Saglyk» Döwlet maksatnamasynyň giňden durmuşa geçirilmegi bilen raýatlaryň saglygyny goramaga bolan hukuklaryny amala aşyrmaklary üçin ähli zerur şertler döredilýär hem-de bu çygyrda ýüze çykýan jemgyýetçilik gatnaşyklaryny kadalaşdyrmak we dolandyrmak maksady bilen döwlet saglygy goraýyş ulgamy kämilleşdirilýär. Döwlet saglygy goraýyş ulgamy lukmançylyk we melhemçilik işini öz içine alýar. Aslynda, «lukmançylyk (medisina)» adalgasy adamlaryň saglygyny goramaga we berkitmäge, keselleriň öňüni almaga we olary bejermäge gönükdirilen ylmyň bir pudagyny aňladýar.

Adamyň saglygyny goramak çygry, tebigy gurşawyň abat saklanmagyna we onuň abadanlaşdyrylmagyna gönükdirilen çäreler bilen hem berk baglanyşyklydyr. Sebäbi adam, edil janly tebigatyň ähli jandarlary ýaly, arassa, tämiz howa, tebigy gözellige, ýaramly hem ýokumly, ekologiýa taýdan arassa iýmite, dürli witaminlere mätäçdir. Adam özüniň ýaşaýşy üçin zerur bolan ähli zatlary-da tebigatdan alýar. Ilkinji nobatda, dem almak üçin howany, suwy, ýagtylygy, iýmiti, geýimi... umuman adamyň diriligi tebigat bilen aýrylmaz baglydyr. Elbetde adamyň we raýatyň ähli hukuklary hem azatlyklary biri-biri bilen jebis baglanyşykdadyr, emma döwlet tarapyndan adamyň saglygyny goramaga bolan hukuklarynyň kepillendirilmegi onuň amatly daşky gurşawa bolan hukuklary bilen beýleki hukuklaryna hem azatlyklaryna garanyňda biri-birine has ýakyndyr.

Ýolaman MÄMMEDOW,
Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň hukuk fakultetiniň 3-nji ýyl talyby.