Döwletlilik münberi

17 Sentýabr 2021
952

Öňňin Gahryman Arkadagymyzyň hut özüniň gatnaşmagynda Köpetdag şaýolunyň ugrunda bina edilen täze Döwlet münberiniň toplumy açyldy. Nesip bolsa, eziz Diýarymyzyň taryhyndaky şanly seneler mynasybetli dabaraly çäreleriň geçiriljek ýeri bolan bu toplum ak şäherimiz Aşgabadyň günorta böleginde kemala gelýän täze edara ediş-medeni merkeziň ajaýyp binagärlik toplumy bilen sazlaşykly utgaşandygyny bellemek gerek.

Täze desganyň ajaýyp keşbinde milli binagärlik sungatynyň iň gowy däpleri hem-de häzirki zamanyň binagärlik çözgütleri ajaýyp sazlaşygy emele getiripdir. Toplum kaşaňlygy bilen haýran galdyrýar. Onuň umumy meýdany 20 müň 450 inedördül metre barabardyr, granit we ak mermer bilen örtülen bu toplum üsti gümmezli iki gatly binany, Prezident münberini hem-de myhmanlar üçin niýetlenen 2 müň orunlyk münberi öz içine alýar.

Baýram MÄMMETGULYÝEW,
Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň sportuň oýun görnüşleri kafedrasynyň müdiri.