Sagdynlyk ýörelgesi – durmuşyň gözelligi

10 Sentýabr 2021
929

«Türkmenistan – parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynyň güýz paslynyň ilkinji gününde ýurdumyzyň ýaşlary bilen geçiren duşuşygynda eden taryhy çykyşynda hormatly Prezidentimiz: «Sport ynsany beden we ruhy taýdan taplaýan, dünýägaraýşyny kämilleşdirýän gymmatlykdyr. Bedenterbiýä we sporta biz jemgyýetimizi jebisleşdirýän, halkymyzy beýik ösüşlere ruhlandyrýan güýç hökmünde garaýarys. Şundan ugur alyp, köpçülikleýin bedenterbiýe-sagaldyş hereketini ösdürýäris» diýip, aýratyn nygtady.

Gahryman Arkadagymyzyň bu pähim-parasatly sözleriniň döwrümiziň ajaýyp hakykatydygy bolsa Diýarymyzyň her bir raýatyna, şol bir wagtda hem dünýä jemgyýetçiligine mälim. Sagdyn durmuş ýörelgesine eýermekde, bedenterbiýedir sport bilen meşgullanmakda Arkadag Prezidentimiziň her bir türkmenistanla nusgalyk görelde bolup durýandygy-da Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň buýsanylýan, guwanylýan hakykatydyr. Bu hakykat bolsa geçen ýekşenbe gününde hem ýene bir ýola öz aýdyň beýanyna eýe boldy.

«Türkmen sporty».