Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiz ýaşlar baradaky meseläni döwletimizde ileri tutulýan ugurlaryň biri hökmünde kesgitleýär. Ýaşlaryň bagtyýar durmuşda ýaşamagy, ylymly-bilimli, ruhy-ahlak we beden taýdan kämil, ýokary düşünjeli adamlar bolup ýetişmekleri üçin ýurdumyzda giň mümkinçilikler döredilýär. Ösüp gelýän ýaş nesliň durmuş goraglylygyna, olaryň bilim derejeleriniň döwrebaplygyna aýratyn ähmiýet berilýär. Bu bolsa ýurdumyzyň ýaşlarynyň her biriniň kalbynda uly şatlyk döredip, täze üstünliklere ruhlandyrýar.
Ata Watanymyzyň gelejegi bolan ýaşlaryň hukuk düşünjeliligini has-da artdyrmak häzirki döwrüň talaplarynyň biri bolup durýar. Çagalaryň öz hukuklaryny hem-de borçlaryny doly bilmegi we dogry özleşdirilmegi olara hukuklaryna düşünmäge, borçlaryny berjaý etmäge bolan mümkinçilikleri döredýär. Hormatly Prezidentimiziň: «Garaşsyz Türkmenistan düýpli özgertmeler ýoluna düşüp, kanunyň hökmürowanlygyny, jemgyýetiň iň ýokary gymmatlygy hökmünde öz raýatlarynyň bähbitleriniň, hukuklarynyň we azatlyklarynyň goralmagyny döwlet ösüşiniň ileri tutulýan ugurlary hökmünde kesgitledi» diýip belleýşi ýaly, ýurdumyzyň hukuk ulgamy barha ösdürilýär. Milli hukuk ulgamy häzirki döwrüň talabyna laýyklykda yzygiderli kämilleşdirilýär.