"Türkmen sporty" gazeti

Esaslandyryjysy: "Türkmen Sporty" gazetiniň redaksiýasy
Salgysy: Aşgabat şäheri, 1995-nji köçe 66 jaýy
Telefon belgileri: 22-33-91, 22-33-72

Habarlar

Bagtyýarlyk döwri – ösüşleriň zamanasy

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň durmuşa geçirýän ägirt uly işleriniň netijesinde Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan Watanymyz dünýäde sagdynlygyň, ruhubelentligiň, sportuň mekany hökmünde uly abraýa eýe boldy. Bu hakykata Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň güni mynasybetli Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň mejlisler zalynda geçirilen «Saglygy goraýyş, bilim we sport Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe» atly halkara ylmy maslahatyň mysalynda hem bütin aýdyňlygy bilen göz ýetirdik. Halkara foruma sanly ulgam arkaly daşary ýurtlaryň birnäçesinden meşhur alym-professorlar, ylymlaryň doktorlary, saglygy goraýyş, bilim we sport ulgamlarynyň ýokary wezipeli wekilleri hem gatnaşdylar. «Biz uzak geljegi nazarlaýan giň möçberli özgertmeleri, ägirt uly işleri üstünlikli durmuşa geçirip, Garaşsyz döwletimiziň berk binýatly milli saglygy goraýyş, bilim we sport ulgamlaryny döretdik. Öňdebaryjy tejribeleri, ylmyň we tehnologiýalaryň gazananlaryny tapgyrlaýyn ornaşdyrmak, dünýä döwletleri, iri halkara guramalar bilen hyzmatdaşlygy giňden ýaýbaňlandyrmak bilen, bu ulgamlary dünýä ölçeglerine laýyklykda döwrebaplaşdyrdyk» diýip, milli Liderimiziň maslahata gatnaşyjylara iberen Gutlagynda nygtalýar. Elbetde, bu sözleriň döwrümiziň ajaýyp hem beýik hakyka

Bagtymyzyň gözbaşy

Ýurt Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllygy mynasybetli hormatly Prezidentimiziň «Garaşsyzlyk – bagtymyz» atly täze kitabynyň halkymyza gowuşmagy ajaýyp baýramçylyk sowgady boldy. Milli Liderimiziň şanly ýylda çapdan çykan kitaby asyrlaryň dowamynda ençeme beýik döwletleri döreden türkmen halkynyň iň täze taryhy barada giňişleýin gürrüň berýär. Hormatly Prezidentimiz täze kitabynyň sahypalarynda Garaşsyzlyk hem-de onuň gözbaşlary barada pikir ýöredip, hemme beýik ýeňişleriň, üstünlikleriň we ýurdumyzyň häzirki döwürde barha ýokarlanýan halkara abraýynyň özeninde hut döwlet özygtyýarlylygynyň durandygyny belleýär. Döwlet Baştutanymyz: «Bagtymyzy gazanmak, berkitmek, Watanymyzy ösüşleriň ýoly bilen öňe, diňe öňe äkitmek ugrunda amala aşyrylan we amala aşyrylýan işler il-halkymyzyň egsilmez gaýratynyň, joşgunly zähmetiniň netijesidir» diýip belleýär.

Dünýäde abraýy artýan diýarym

Arkadag Prezidentimiziň peşgeş beren ajaýyp zamanasynda Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan Watanymyz halkara derejesindäki dürli çäreleriň yzygiderli geçirilýän mekanyna öwrüldi. «Saglygy goraýyş, bilim we sport Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe» ady bilen ýakynda ýokary derejede geçirilen halkara ylmy maslahat hem ýurdumyzyň abraýyny artdyran şeýle çäreleriň biri boldy. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamynyň gazananlary, şeýle hem bilim, sport ulgamlarynda ýetilen belent sepgitler, gazanylan üstünlikler bilen halkara jemgyýetçiligini tanyşdyrmak, daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen gatnaşyklary ýola goýmak üçin ajaýyp mümkinçilikleri üpjün eden bu halkara forum Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiziň dost-doganlygyň, sagdynlygyň, ruhubelentligiň, sportuň mekanydygyny ýene bir ýola subut eden, kalbymyzda buýsanç duýgularyny artdyran wakadyr. Oňa Russiýa Federasiýasyndan, Germaniýadan, Fransiýadan, Rumyniýadan tanymal alym-professorlaryň, ylymlaryň doktorlarynyň, saglygy goraýyş, bilim we sport ulgamlarynyň ýokary wezipeli wekilleriniň sanly ulgam arkaly gatnaşmaklary, olaryň türkmen Lideriniň öňe sürýän möhüm halkara başlangyçlaryna ýokary baha bermekleri ýurdumyzyň, Gahryman Arkadagymyzyň abraý-mertebesiniň dünýäde uly ykrarnama eýediginiň nobatdaky subu

Lukmançylyk ylmynyň hazynasy

Hormatly Prezidentimiziň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly ylmy-ensiklopedik kitabynyň XIII jildiniň neşir edilmegi türkmen lukmanlary we tutuş halkymyz üçin gymmatly sowgat boldy. Täze kitap 11-nji oktýabrda Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň mejlisler zalynda halk köpçüligine tanyşdyryldy. Alym Arkadagymyzyň ensiklopedik işi ýurdumyzyň baý ösümlik dünýäsi hem-de halk lukmançylygynyň gadymy däpleri bilen gyzyklanýan okyjylar köpçüligine niýetlenendir. Milli Liderimiziň 2009-njy ýylda başyny başlan ylmy işiniň dowamy bolan täze kitaby halkymyz üçin uly gymmata eýe bolan gollanmadyr. Bu düýpli ylmy işiň esasynda Gündogar lukmançylygynyň görnükli alymlarynyň hem-de «tebigy dermanhana» yzygiderli ýüzlenýän türkmen tebipleriniň nesilden-nesle geçip gelýän iň gowy tejribesi jemlenendir.

Täze üstünliklere badalga

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Arkadag Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda her bir ynsanyň döredijilikli zähmet çekmegi üçin ähli zerur şetlerdir mümkinçilikler döredilýär. Şol bir wagtyň özünde şeýle şertlerden peýdalanyp, edilýän yhlasa, çekilýän zähmete diýseň ýokary baha berilýär. Ine, mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllyk toýunyň bellenilýän günleri hem bu hakykatyň nobatdaky görkezijisine öwrüldi Gahryman Arkadagymyzyň Permany bilen ykdysadyýetimiziň dürli pudaklarynda zähmet çekýän ildeşlerimiziň birnäçesi döwlet sylaglary bilen sylaglanyldy, ençemesine bolsa hormatly atlar dakyldy. Şol gün men hem «Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medaly bilen sylaglandym. Döwlet sylagyna eýe bolmagym meni diýseň bagtyýar etdi. Täze zähmet üstünliklerine ruhlandyrdy, göwün guşumy ganatlandyrdy.

Sport we ýaşlar syýasaty

Şu günler hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Garaşsyzlyk – bagtymyz» atly täze kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy ýurdumyzyň ministrliklerinde, ähli pudaklaýyn we bilim edaralarynda giňden ýaýbaňlandyrylýar. Şolarda çykyş edýänler ýurdumyzyň Garaşsyzlyk ýyllary içinde milli Liderimiziň öz ajaýyp kitabynda Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň ähli ulgamlarynda, şol sanda sportda gazanan uly üstünliklerini, türkmen halkynyň döredijilikli kuwwatyny hemmetaraplaýyn beýan edýändigini aýratyn belläp geçýärler. Tanyşdyrylyşa gatnaşyjylar «Garaşsyzlyk – bagtymyz» atly täze kitabyň giň okyjylar köpçüligine türkmen döwletiniň taryhynyň möhüm sahypalary bilen tanyşmaga, 30 ýylda ýetilen sepgitlere baha bermäge mümkinçilik berýändigi barada nygtaýarlar. Dabaranyň ahyrynda eziz Diýarymyzda halkymyzyň saglygyny goramakda, berkitmekde hem-de sagdyn durmuş ýörelgesiniň berkararlygyny gazanmakda uly işleri durmuşa geçirýän Arkadag Prezidentimiziň adyna alkyş sözleri aýdýarlar. Merjen TÄÇLIÝEWA, sport synçysy.

Ýaşlar Saglyk ýolunda

Arkadag Prezidentimiziň paýtagtymyzyň gözel künjeginde ýerleşýän Saglyk ýoluny geçmegi türkmen ýaşlarynda uly seslenme döretdi. Şeýle ajaýyp wakadan ruhlanan talyp ýaşlarymyz hem geçen ýekşenbe güni Saglyk ýoluna çykdylar. Bu ýerde Türkmenistanyň saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň güni mynasybetli guralan görkezme çykyşlary hem diýseň gyzyklylygy hem täsirliligi bilen tapawutlandy. Şol çärelere biziň bilim berýän ýaşlarymyz – Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň talyplary-da işjeň gatnaşdylar. Çäräniň ahyrynda Saglyk ýoluny ilkinji bolup geçmegi başaran ýaşlaryň sylaglanylmagy dabaranyň iň täsirli pursatyna öwrüldi. Şeýlelikde, biziň ýokary okuw mekdebimiziň sportuň olimpiýa görnüşleri fakultetiniň 2-nji ýyl talyby Hangeldi Atageldiýewiň bu ajaýyp ýoluň menzillerini iň tiz geçmegi başarandygy yglan edildi. Ol Saglyk ýoluny 33 minut 43 sekuntda geçdi. Ikinji orna Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň talyby Maksat Öwliýakuliýew (34 minut 52 sekunt), üçünji ýere bolsa Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutyndan Ezizhan Guşşyýew (34 minut 55 sekunt) mynasyp boldy.

Köpugurly mümkinçilikleriň ojagy

Bu gün hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde ýurdumyzda sportuň batly gadamlar bilen ösmegi ugrunda beýik işler durmuşa geçirilýär. Sagdyn durmuş ýörelgesi berkarar edilýär we köpçülikleýin bedenterbiýäniň ösüşine uly ähmiýet berilýär. Munuň özi halkymyzyň saglygy baradaky aladanyň hem iş ýüzünde dabaralanmasydyr. Çünki sportuň we bedenterbiýäniň ynsan saglygyny gazanmagyň esasy çeşmeleriniň biridigi asyrlaryň subut eden hakykatydyr. Türkmen türgenleriniň halkara sport giňişliginde gazanýan üstünlikleri, ýetilýän sepgitler bu günki gün biziň başymyzy Göge ýetirýär. Çünki nobatdaky olimpiýa üstünligi dünýäniň ünsüni türkmen sportunyň ösüşlerine, onuň ynamly gelejegine gönükdirdi. Şeýle üstünlikleriň ählisiniň gözbaşyny Arkadag Prezidentimiziň türkmen türgenlerine döredip berýän mümkinçiliklerinden alyp gaýdýandygy bolsa aýratyn bellenilmäge mynasypdyr. Çünki ýurdumyzda gurlup ulanylmaga berilýän sport toplumlarynda, desgalarda şeýle arzyly sepgide uzaýan menzilleri ynamly külterlemek üçin ähli zerur mümkinçilikler bar.

Ýaşlar beýik işleriň ýolunda

2021-nji ýylyň 13-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Bilim ministrligi, Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýeti, Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrligi bilen bilelikde sanly ulgam arkaly «Türkmen ýaşlary, golunda eýýamyň beýik işleri» atly okuw-maslahat geçirildi. «Türkmenistanda ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň 2021 – 2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasyny» üstünlikli amala aşyrmagyň, ýaşlarda watansöýüjilik, ynsanperwerlik, parahatçylyk söýüjilik, ýokary ahlaklylyk ýaly häsiýetleri ösdürmegiň çäklerinde sanly ulgam arkaly geçirilen okuw-maslahat diýseň täsirli boldy. Okuw sapagynyň bu gezekki temasy «Türkmenistanda ýaşlar barada döwlet syýasatynyň 2021 – 2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasynyň» çäklerinde ýurdumyzyň ýaşlar barada döwlet syýasatynyň çygryndaky kanunçylygynyň kämilleşdirilmegi we bu işlere ýaşlary çekmekde ýaş meýletinçileriň orny bilen bagly boldy. Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň mugallymynyň bu babatdaky çykyşy maglumatlara we maslahatlara baý boldy.

Welaýatlardan habarlar

«Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda Balkan welaýatynyň sport we ýaşlar syýasaty Baş müdirligi, Balkan welaýat kitaphanasy, Balkan welaýat Agrar partiýasy bilen bilelikde welaýat kitaphanasynda sport we ýaşlar syýasaty Baş müdirliginiň hünärmenleriniň, tälimçileriniň gatnaşmagynda hormatly Prezidentimiziň «Garaşsyzlyk — bagtymyz» atly kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi. Maslahatda çykyş edenler milli Liderimiziň mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllyk şanly senesi mynasybetli halkymyza sowgat eden ajaýyp eseriniň many-mazmuny, ähmiýeti, ýokary çeperçiligi baradaky söhbede giň orun berdiler. Döwlet Baştutanymyzyň okyjylar köpçüliginiň söýgüsine mynasyp bolan täze kitabynda Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyzyň bedew badyna deňelýän okgunly ösüşleriniň açylyp görkezilýändigini hem-de onuň ýurdumyzyň iň täze taryhy bilen gyzyklanýan her bir adam üçin gymmatly gollanma bolup durýandygyny buýsanç bilen bellediler. Täze neşiriň ýaş nesilleri watançylyk ruhunda terbiýelemekdäki ähmiýetini aýratyn nygtadylar. Maslahatyň ahyrynda hormatly Prezidentimiziň janynyň sag, başynyň dik, il-ýurt bähbitli tutumly işleriniň rowaç bolmagyny arzuw etdiler. Döwran PAKGYÝEW, Balkan welaýat sport we ýaşlar syýasaty Baş müdirliginiň başlygynyň orunbasary.

«Sagdyn nesil–bagtyýar gelejek»

Hormatly Prezidentimiziň parasatly hem-de öňdengörüjilikli ýolbaşçylygynda Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe bedew bady bilen öňe barýan Watanymyzda adam we onuň saglygy hakynda uly aladalar edilýär. Döwrebap saglyk öýleri, ähli zerur mümkinçilikler bilen üpjün edilen sport desgalary, sport mekdepleri ýaş nesliň sagdyn ösüp kemala gelmeginde, saglyklaryny berkitmekde, wagtlaryny peýdaly we şadyýan geçirmeklerinde diýseň ähmiýetlidir. Aşgabat Dokma toplumynyň Magtymguly adyndaky Ilkinji ýaşlar guramasynyň toplumyň mejlisler jaýynda «Sagdyn nesil – bagtyýar gelejek» ady bilen geçiren wagyz-nesihat duşuşygy şeýle ähmiýetli başlangyçlara bagyşlandy. Duşuşykda saglygymyzy goramak, jemgyýetçilik ýerlerine barlanda, daşary çykylanda agyz-burun örtüklerini doly we dogry dakynyp, howpsuz bolan 2 metr aralygy saklamak, ellerimizi ýygy-ýygydan ýuwmak we pasyllara görä geýinmek, şahsy we jemgyýetçilik arassaçylyk tertip-düzgünlerini berk berjaý etmek, sagdyn iýmitlenmek barada giňişleýin nygtalyp geçildi. Sagdyn durmuş ýörelgelerine eýermek bagtyýar ýaşaýşyň açarydyr. Şol sebäpden hem, bu ýerde ynsan saglygyny döwletiň baş aladalarynyň biri hökmünde ileri tutýan Gahryman Arkadagymyzyň janynyň sag, ömrüniň uzak bolmagy, alyp barýan il-ýurt bähbitli işleriniň hemişe rowaç almagy arzuw edildi.

Atçylyk düzümi yzygiderli ösdürilýär

Golaýda hormatly Prezidentimiziň tabşyrygy boýunça Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynyň çäklerinde 600 baş ahalteke atlaryny saklamaga niýetlenen döwrebap athananyň düýbüni tutmak dabarasy bolup geçdi. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe döwlet Baştutanymyz atçylygyň nesil dowamyny ösdürmäge hem-de halkara derejesindäki ugurdaş pudaga goşulyşmagyna, degişli düzümiň kemala getirilmegine aýratyn üns berýär. 15,4 gektar meýdanda ýaýbaňlandyryljak gurluşyk işleri desgalaryň birmäçesini şol sanda dolandyryş binasyny öz içine alar. Geljekde toplumda ýurdumyzda atçylygy mundan beýläk-de ösdürmek, arassa ganly bedewleriň sanyny artdyrmak, tohum häsiýetlerini gowulandyrmak ýaly işler alnyp barlar. Şeýle hem toplumda sanly ulgama hem uly orun berlip, onuň kömegi bilen bedewleriň saglyk ýagdaýyna gözegçilik we dürli bejergi işleri alnyp barlar. Toplumyň hojalyk bölümine höwür atlaryň 60-sy üçin niýetlenen athanalaryň 2-si, bedewleriň 80-sine niýetlenen athanalaryň 6-sy, 8 sany bassyrma hem-de bimäçe kömekçi desgalar girer. Athanalarda oňaýly howa ýagdaýy we adaty howa çalşygy saklanar, bedewleri köpeltmek, gezdirmek, türgenleşdirmek hem-de çapyşyklara taýýarlamak, çapyksuwarlaryň we seýisleriň netijeli işlemegi üçin hemme şertler dörediler.

Ylmy-döredijilik maslahaty

Golaýda Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynda «Abu Bekr Muhammet As-Suly we küşt oýnunyň nazaryýeti» ady bilen ylmy-döredijilik maslahaty geçirildi. Maslahatda Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň mugallymlary S.Atabaýew, G.Mättaganow we TYA-nyň Dil, edebiýat we milli golýazmalar institutynyň ylmy işgäri M.Kiçiýew çykyş edip, tanymal küştçi Abu Bekr Muhammet As-Sulynyň ömri we döredijiligi, küşt älemindäki mirasy, häzirki döwürde ýaşlaryň arasynda sportuň bu görnüşiniň eýeleýän orny, türkmen küştçüleriniň küşt äleminde goýan yzlary barada gürrüň berdiler. Şeýle hem maslahata gatnaşyjylar ýurdumyzda ussat türgenleriň kemala gelmeginde ähli şert-mümkinçilikleri döredip berýän hormatly Prezidentimize alkyş sözlerini aýtdylar.

Arassaçylyk düzgünlerini berjaý edeliň!

Ellerimizi wagtly-wagtynda ýuwmak bizi zyýanly mikroblaryň bedenimize düşmeginden goraýar. Elleriňi nahar iýmezden öň we soň, daşary çykyp, öýe gireniňde, islendik işiňi edip bolanyňdan soň hökman sabyn bilen ýuwmalydyr. ***

«Ýörän ýol aşar»

Pyýada ýöremegiň ynsan saglygy üçin örän peýdalydygy hemmelere mälim hakykat. Hatda pyýada ýöremek sportuň meşhur görnüşleriniň biri hökmünde Olimpiýa oýunlarynyň maksatnamasynda hem orun alýar. Sagdynlygyň we bagtyýarlygyň mekany bolan ýurdumyzda bedenterbiýe hem-de sport bilen meşgullanýan ildeşlerimiziň sany günsaýyn artýar. Bu hakykata diňe yzygiderli guralýan sport ýaryşlaryndan däl, eýsem, her gün işe pyýada ýa-da welosipedli gatnaýan adamlary göreniňde hem göz ýetirýärsiň. Sport ýedi ýaşdan ýetmiş ýaşa çenli ähli ynsanlar üçin zerur diýip aýdýarlar. Biziň bu günki gürrüňini etjek ildeşimiz ýaşy ýetmişden bireýýäm geçen hem bolsa, özüniň beden taýýarlygy babatda ýaşlar bilen bäsleşip biljek. Paýtagtymyzyň 75 ýaşa gadam basan ýaşaýjysy, pensioner Orazmämmet Mämmedalyýew ýakynda, has takygy, şanly Garaşsyzlygymyzyň baýramynyň bellenilen gününde goňşusy Ilmyrat bilen bilelikde uzak aralygy pyýada ýöräp geçmek üçin Aşgabatdan ýola çykdylar. Olar 6 günde 260 kilometrden gowrak aralygy geçip, Balkan welaýatynyň Magtymguly etrabyna bardylar.

TFF-niň täzelikleri

Ýakynda FIFA-nyň guramagynda oňa agza bolan milli ýygyndy toparlaryň kapitanlarynyň gatnaşmagynda onlaýn-maslahat geçirildi. FIFA-nyň prezidenti Janni Infantinonyň açmagy bilen başlanan wideoaragatnaşyk arkaly duşuşygyň dowamynda her dört ýyldan bir gezek geçirilýän futbol boýunça dünýä çempionatynyň wagtlaryny ýygjamlatmak bilen bagly FIFA-nyň öňe süren üýtgeşmeleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Taryhda şu gün

Umumylykda, öňki soýuzyň futbol çempionatynda toparynyň düzüminde 432 duşuşyga gatnaşan Blohin garşydaşlarynyň derwezesinden 215 topy geçirmegi başarypdy.

Nusgalyk görelde – naýbaşy ýörelge

Adamlar sagdyn durmuş ýörelgesiniň kadalaryny berjaý etmegi, sport bilen meşgullanmagy özleriniň gündelik endiklerine öwren bolsalar, onda şol jemgyýete diňe öňegidişligiň, ösüşleriň, täze-täze üstünlikleriň ýaran bolýandygy ikirjiňlenme döretmeýän hakykatdyr. Gahryman Arkadagymyzyň parasatly baştutanlygynda Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe türkmen jemgyýetiniň ösüşiniň hut şol hakykatyň aýdyň subutnamasy bolup durýandygyny biz buýsanç bilen aýdyp bileris. «Sport ynsany beden we ruhy taýdan taplaýan, dünýägaraýşyny kämilleşdirýän gymmatlykdyr. Bedenterbiýä we sporta biz jemgyýetimizi jebisleşdirýän, halkymyzy beýik ösüşlere ruhlandyrýan güýç hökmünde garaýarys. Şundan ugur alyp, köpçülikleýin bedenterbiýe-sagaldyş hereketini ösdürýäris» diýip nygtaýan hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň sagdyn jemgyýeti berkarar etmek üçin ägirt uly işleri durmuşa geçirmek bilen birlikde, bedenterbiýedir sport bilen yzygiderli meşgullanmakda hem her bir raýata, esasan-da, bagtyýarlyk döwrüniň bagtly ýaşlaryna nusgalyk görelde bolup durýanlygy-da zamanamyzyň iň beýik hem ajaýyp hakykatlarynyň biridir. Bu durmuş hakykaty geçen dynç gününde hem bütin aýdyňlygy bilen dabaralandy.

Sport – Arkadagymyzyň durmuşynyň aýrylmaz bölegi

Golaýda Gahryman Arkadagymyz TASS agentliginiň baş direktorynyň birinji orunbasary Mihail Gusmanyň Türkmenistan bilen Russiýa Federasiýasynyň arasyndaky gatnaşyklaryň dürli ugurlary baradaky sowallaryna jogap berdi, durmuş ýörelgeleri barada gürrüň berdi, şeýle hem Türkmenistanyň Owganystanyň täze hökümeti bilen hyzmatdaşlyga taýýardygy barada aýtdy. Söhbetdeşligiň çäklerinde myhman hormatly Prezidentimiziň sport taýýarlygy barada öwgüli sözleri aýtdy we «Siz sportuň ynsan üçin örän möhümdigine, zerurdygyna, sportuň Siziň durmuşyňyzyň aýrylmaz bölegi bolup durýandygyna haçan göz ýetirdiňiz?» diýip sowal berdi. Milli Liderimiz: «Bu duýgy, elbetde, beden üçin zerurlykdan emele gelen tebigy duýgudyr. SSSR döwründe geçen çagalyk ýyllarymda ýetginjekleri sport bilen meşgullanmaga çekmek işleri oňat ýola goýlupdy» diýip belledi. «Men beýleki ähli ýetginjekler ýaly, özüme ýaraýan, nyşana ok atmak, erkin we nusgawy göreş, welosiped we awtomobil sporty bilen işjeň meşgullandym. Hormatly nyşanlara we beýleki sylaglara birnäçe gezek mynasyp boldum, ýetginjekleriň arasynda nusgawy göreş boýunça Respublikanyň birinjiliginde öz agram derejämde 1-nji orny eýeledim. Şol bir wagtda DOSAAF guramasy tarapyndan ýetginjekleriň arasynda geçirilýän ýaryşlarda pnewmatik ýaragdan ok atmak boýunça bäsleşiklerde tapawutlanyp, birinji orny eýeledim. Harby taýýarlyk boýunça bäsleşiklerde bolsa tüpeňden ok

Göwünlerimizi ganatlandyran kitap

Şu günler ýurdumyzyň dürli ulgamlarynda hormatly Prezidentimiziň ýakynda halkymyza gowşan «Garaşsyzlyk – bagtymyz» atly täze kitabynyň tanyşdyrylyş dabaralary giň gerimde geçirilýär. Ildeşlerimiz ol dabaralara toý ruhy, egsilmez şatlyk-şowhun bilen gatnaşýarlar. Täze kitapda bellenilişi ýaly, Garaşsyzlyk ýyllarynda ýurdumyzyň ähli ulgamlary bilen bir hatarda, ylym-bilim, saglygy goraýyş we sport ulgamlarynda hem düýpli özgertmeler amala aşyryldy. Bu taryhy eýýamyň Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwri diýlip atlandyrylan ajaýyp döwründe bolsa milli Liderimiziň taýsyz tagallalarynyň netijesinde ýaş nesle berilýän ylym-bilim mazmun we hil taýdan has-da döwrebaplaşdyrylýar. Sanly bilim ulgamy ornaşdyrylyp, guwandyryjy üstünlikler gazanylýar. Döwrebap saglygy goraýyş edaralary, dynç alyş merkezleri, şypahanalar gurlup, ulanylmaga berilýär. Olarda halka ýokary derejede hyzmat edilýär.