«Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda Balkan welaýatynyň sport we ýaşlar syýasaty Baş müdirligi, Balkan welaýat kitaphanasy, Balkan welaýat Agrar partiýasy bilen bilelikde welaýat kitaphanasynda sport we ýaşlar syýasaty Baş müdirliginiň hünärmenleriniň, tälimçileriniň gatnaşmagynda hormatly Prezidentimiziň «Garaşsyzlyk — bagtymyz» atly kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi. Maslahatda çykyş edenler milli Liderimiziň mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllyk şanly senesi mynasybetli halkymyza sowgat eden ajaýyp eseriniň many-mazmuny, ähmiýeti, ýokary çeperçiligi baradaky söhbede giň orun berdiler. Döwlet Baştutanymyzyň okyjylar köpçüliginiň söýgüsine mynasyp bolan täze kitabynda Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyzyň bedew badyna deňelýän okgunly ösüşleriniň açylyp görkezilýändigini hem-de onuň ýurdumyzyň iň täze taryhy bilen gyzyklanýan her bir adam üçin gymmatly gollanma bolup durýandygyny buýsanç bilen bellediler. Täze neşiriň ýaş nesilleri watançylyk ruhunda terbiýelemekdäki ähmiýetini aýratyn nygtadylar. Maslahatyň ahyrynda hormatly Prezidentimiziň janynyň sag, başynyň dik, il-ýurt bähbitli tutumly işleriniň rowaç bolmagyny arzuw etdiler.
Döwran PAKGYÝEW, Balkan welaýat sport we ýaşlar syýasaty Baş müdirliginiň başlygynyň orunbasary.