Taryhy wakalara beslenen «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda hormatly Prezidentimiziň Türkmenistanda fiziologiýa ylmyny ösdürmegiň 2024 – 2028-nji ýyllar üçin Milli maksatnamasyny, Türkmenistanda lukmançylyk sagaldyş-dikeldiş çäreleriniň 2024 – 2028-nji ýyllar üçin Milli strategiýasyny, Türkmenistanyň immuno öňüni alyş boýunça 2024 – 2028-nji ýyllar üçin Milli maksatnamasyny tassyklamak, Ilatyň derman serişdeleri we lukmançylyk maksatlaryna niýetlenen önümler bilen üpjün edilmegini kämilleşdirmek, Halkara sagaldyş dikeldiş merkezini, Halkara fiziologiýa ylmy-kliniki merkezini döretmek, Balkan, Lebap we Mary welaýatlarynda onkologiýa hassahanalarynyň gurluşygynyň taslamalaryny maliýeleşdirmek hakynda Kararlara gol çekmegi döwletiň iň gymmatly baýlygy bolan adamyň saglygy hakynda edilýän bimöçber aladanyň beýany bolup dabaralandy.
Mälim bolşy ýaly, Arkadag şäherinde «akylly» şäher konsepsiýasyndan ugur alnyp bina edilen desgalaryň hatarynda Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky çagalar sagaldyş-dikeldiş merkezi, Köpugurly hassahanasy, Arkadag şäheriniň Onkologiýa merkezi, Arkadag şäheriniň Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş merkezi, Tiz kömek merkezi, Saglyk öýi we sport maksatly desgalaryň onlarçasy bar. Gahryman Arkadagymyz «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly eserinde: «... Saglyk baradaky alada ömrüň baradaky aladadyr» diýip belleýär. Arkadag şäheri sagdynlygyň we bagtyýarlygyň mekanydyr. Onda gurlan saglyk maksatly binalar ýaş nesliň sagdyn bedenli, belent ruhly kemala gelmegine uly ýardam edýär.