Baýramçylyk dabarasy

17 sagat öň
14

Golaýda Täze ýyl baýramçylygy mynasybetli Türkmen döwlet gurjak teatrynda Türkmenistanyň Energetika ministrliginiň «Türkmenenergo» döwlet elektroenergetika korporasiýasynyň «Döwletenergogözegçilik» kärhanasynyň kärdeşler arkalaşygy tarapyndan kärhananyň merkezi diwanynyň işgärleriniň we edara-kärhanalaryň arasynda geçirilýän Spartakiadalara işjeň gatnaşýan türgenleriň gatnaşmaklarynda dabara geçirildi.

Uly ruhubelentlige, joşguna beslenip geçirilen medeni çärede çagalar üçin «Şadyýan sazandalar» atly sahna oýny we «Täze ýylda körpe nesil şatlanýar» atly aýdym-sazly tomaşa görkezildi.

Ýazmyrat ÇONANOW,
«Döwletenergogözegçilik» kärhanasynyň kärdeşler arkalaşygynyň başlygy, zähmet weterany.