Golaýda Gahryman Arkadagymyz TASS agentliginiň baş direktorynyň birinji orunbasary Mihail Gusmanyň Türkmenistan bilen Russiýa Federasiýasynyň arasyndaky gatnaşyklaryň dürli ugurlary baradaky sowallaryna jogap berdi, durmuş ýörelgeleri barada gürrüň berdi, şeýle hem Türkmenistanyň Owganystanyň täze hökümeti bilen hyzmatdaşlyga taýýardygy barada aýtdy. Söhbetdeşligiň çäklerinde myhman hormatly Prezidentimiziň sport taýýarlygy barada öwgüli sözleri aýtdy we «Siz sportuň ynsan üçin örän möhümdigine, zerurdygyna, sportuň Siziň durmuşyňyzyň aýrylmaz bölegi bolup durýandygyna haçan göz ýetirdiňiz?» diýip sowal berdi. Milli Liderimiz: «Bu duýgy, elbetde, beden üçin zerurlykdan emele gelen tebigy duýgudyr. SSSR döwründe geçen çagalyk ýyllarymda ýetginjekleri sport bilen meşgullanmaga çekmek işleri oňat ýola goýlupdy» diýip belledi.
«Men beýleki ähli ýetginjekler ýaly, özüme ýaraýan, nyşana ok atmak, erkin we nusgawy göreş, welosiped we awtomobil sporty bilen işjeň meşgullandym. Hormatly nyşanlara we beýleki sylaglara birnäçe gezek mynasyp boldum, ýetginjekleriň arasynda nusgawy göreş boýunça Respublikanyň birinjiliginde öz agram derejämde 1-nji orny eýeledim. Şol bir wagtda DOSAAF guramasy tarapyndan ýetginjekleriň arasynda geçirilýän ýaryşlarda pnewmatik ýaragdan ok atmak boýunça bäsleşiklerde tapawutlanyp, birinji orny eýeledim. Harby taýýarlyk boýunça bäsleşiklerde bolsa tüpeňden ok atmak boýunça «Türkmenistanyň çempiony» diýen derejä mynasyp boldum» diýip, hormatly Prezidentimiz sporta ýaşlykdan imrinendigi barada aýdyp geçdi.