Lukmançylyk ylmynyň hazynasy

15 Oktýabr 2021
1070

Hormatly Prezidentimiziň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly ylmy-ensiklopedik kitabynyň XIII jildiniň neşir edilmegi türkmen lukmanlary we tutuş halkymyz üçin gymmatly sowgat boldy. Täze kitap 11-nji oktýabrda Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň mejlisler zalynda halk köpçüligine tanyşdyryldy.

Alym Arkadagymyzyň ensiklopedik işi ýurdumyzyň baý ösümlik dünýäsi hem-de halk lukmançylygynyň gadymy däpleri bilen gyzyklanýan okyjylar köpçüligine niýetlenendir. Milli Liderimiziň 2009-njy ýylda başyny başlan ylmy işiniň dowamy bolan täze kitaby halkymyz üçin uly gymmata eýe bolan gollanmadyr. Bu düýpli ylmy işiň esasynda Gündogar lukmançylygynyň görnükli alymlarynyň hem-de «tebigy dermanhana» yzygiderli ýüzlenýän türkmen tebipleriniň nesilden-nesle geçip gelýän iň gowy tejribesi jemlenendir.