"Türkmen sporty" gazeti

Esaslandyryjysy: "Türkmen Sporty" gazetiniň redaksiýasy
Salgysy: Aşgabat şäheri, 1995-nji köçe 66 jaýy
Telefon belgileri: 22-33-91, 22-33-72

Habarlar

Türkmenistan – Gyrgyz respublikasy: sport we ýaşlar babatdaky hyzmatdaşlyk

Bu gün Arkadag Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ynamly öňe barýan ýurdumyz dünýäniň 150-den gowrak döwleti bilen diplomatik gatnaşyklary, 100-den gowrak döwleti bilen hem söwda-ykdysady gatnaşyklaryny alyp barýar. Abraýly halkara guramalarynyň 40-dan gowragynyň agzasy bolup durýar. Döwletimiziň esasy hyzmatdaşlarynyň biri-de Gyrgyz Respublikasy bolup, 1992-nji ýylyň 5-nji oktýabrynda gol çekilen Teswirnama esasynda diplomatik gatnaşyklar ýola goýuldy. Şondan bäri iki döwletiň arasyndaky köpugurly hyzmatdaşlyk ýylsaýyn ösýär. Gyrgyz Respublikasy Türkmenistanyň Garaşsyzlygyny, şeýle hem ýurdumyzyň BMG-niň Baş Assambleýasynyň 1995-nji we 2015-nji ýyllardaky degişli Kararnamalary bilen iki gezek berkidilen hemişelik Bitaraplyk derejesini goldamak bilen, türkmen tarapynyň ýurdumyzyň ägirt uly parahatçylyk söýüjilik mümkinçilikleriniň durmuşa geçirilmegine gönükdirilen wajyp halkara başlangyçlaryny makullaýar.

Maslahat geçirildi

Aşgabat şäheriniň sport we ýaşlar syýasaty Baş müdirliginiň Ýöriteleşdirilen küşt we şaşka mekdebinde «Öňe barýan eziz Diýar, Gahryman Arkadagymyz bar» ady bilen maslahat geçirildi. Aşgabat şäheriniň sport we ýaşlar syýasaty Baş müdirliginiň TMÝG-niň we TDP-niň Aşgabat şäher geňeşleri, Aşgabat şäheriniň Saglygy goraýyş müdirligi bilen bilelikde guramagynda geçirilen maslahatda çykyş edenler hormatly Prezidentimiziň alyp barýan il-ýurt bähbitli syýasatynyň möhüm taraplary barada giňişleýin gürrüň berdiler. Ýurdumyzda bedenterbiýe sport hereketini, ýokary netijeli sporty ösdürmekde alnyp barylýan uly işler çykyşlarda giň beýanyny tapdy. Bilşimiz ýaly, sport ulgamynda zähmet çekýän adamlaryň, türgenleriň öz işlerini döwrebap alyp barmaklary üçin ähli mümkinçilikler döredilendir. Halkara ülňülerine laýyk gelýän enjamlar bilen enjamlaşdyrylan sport toplumlarydyr desgalary höwesjeň şeýle hem professioanal derejeli türgenleriň üstünliklerine giň ýol açdy. Halkymyzyň ýaşaýyş durmuş derejesi gowulandyryldy. Ýurdumyz bagtyýarlygyň, ruhubelentligiň mekanyna öwrüldi. Bu hormatly Prezidentimiziň alyp barýan il-ýurt bähbitli işleriniň üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň ýene bir subutnamasydyr.

Arkadagymyzyň eserlerinde türkmen bedewiniň keşbi

Türkmen halkyny arassa ganly ahalteke bedewsiz göz öňüne getirmek mümkin däl. Ajaýyp keşbi bilen dünýäni haýrana goýan ahalteke bedewi gözelligiň, päkligiň, wepadarlygyň nusgasydyr, toý-tomaşalaryň gelşigidir. Her bir ynsanyň söýgüsini gazanmagy başarýan gamyşgulak bedewlerimiz Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe günsaýyn ösýän ýurdumyzyň abraýy hem mertebesidir. Häzirki döwürde ýurdumyzda atçylygy ösdürmäge, ahalteke atlarynyň tohum arassalygyny goramaga aýratyn üns berilýär. Milli Liderimiz bu beýik, gaýtalanmajak derejedäki kämil sungatyň syrlaryny öwrenmek, dünýä ýaýmak, gorap saklamak ugrunda giň möçberli çäreleri durmuşa geçirýär. Alym Prezidentimiziň «Ahalteke bedewi – biziň buýsanjymyz we şöhratymyz», «Ganatly bedewler», «Gadamy batly bedew» atly gymmatly eserleri seýisçilik sungatyna bagyşlanandyr. Gahryman Arkadagymyzyň bu ajaýyp eserlerinde älemi baglan ahalteke bedewlerini ösdürip ýetişdirmek, dogry we dürs seýislemek hakynda gymmatly maglumatlar berilýär. Şonuň ýaly-da, ahalteke bedewleriniň dünýä arenasyndaky abraýyny has belende göterjek peýdaly maslahatlar, terbiýeçilik ähmiýetli düşündirişler öz beýanyny tapýar. Milli Liderimiziň «Älem içre at gezer», «Döwlet guşy» ýaly ajaýyp eserlerinde türkmeniň bedew atyna bolan sarpasy, söýgüsi uly buýsanç bilen beýan edilýär. Bu gymmatly eserleri okanymyzda milletimiziň bedew atyna bolan söýgüsiniň,

Basketbol bäsleşigi

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwri hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda sagdyn durmuş ýörelgelerini durmuşa düýpli ornaşdyrmagyň, şeýle hem türkmen sportuny dünýä derejesine çykarmagyň eýýamy hökmünde ýurdumyzyň taryhyna altyn harplar bilen ýazyldy. Ýurdumyzyň dürli künjeklerinde geçirilýän sport bäsleşiklerine ýaşlaryň höwes bilen gatnaşýandygy bolsa bu babatda durmuşa geçirilýän işleriň rowaçlanmasyna öwrülýär. Golaýda hormatly Prezidentimiziň doglan gününe bagyşlanyp Aşgabat şäheriniň sport we ýaşlar syýasaty Baş müdirliginiň guramagynda basketbol boýunça 2003-2004-nji ýyllarda doglan oglanlaryň arasynda Aşgabat şäheriniň açyk birinjiligi geçirildi. Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň sport zalynda guralan bäsleşikde 6 topar çykyş etdi. Her bir geçirilen ýaryşyň örän çekeleşikli häsiýete eýe bolandygyny bolsa aýratyn nygtamak gerek. Şeýlelikde, Aşgabat şäheriniň sport we ýaşlar syýasaty Baş müdirliginiň 9-njy sport mekdebiniň «Bürgüt» topary öňdeligi eýeledi. Sport mekdebimiziň «Bürgüt-2» topary bolsa ýaryşy 2-nji orunda tamamlady. «Bagtyýarlyk» topary 3-nji orna mynasyp boldy.

Sylaglanyş dabarasy

Golaýda Türkmenistanyň Ýokary sport ussatlygy mekdebiniň Aziýa çempionatynda we halkara ýaryşlarynda üstünlikli çykyş eden türgenleri sylaglamak dabarasy guraldy. Dabaranyň başynda Türkmenistanyň Ýokary sport ussatlygy mekdebiniň direktorynyň okuw işleri boýunça orunbasary B.Jepbarow çykyş edip, hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzda bedenterbiýäni we sporty ösdürmek, köpçülikleýin bedenterbiýäni ýaýbaňlandyrmak, ýaş nesli sagdyn ruhda hem-de milli terbiýede ösdürip ýetişdirmek boýunça alyp barýan beýik işlerinden ugur alnyp, durmuşa geçirilýän işleriň netijesinde uly üstünlikleriň gazanylýandygyny belledi. Ol 2021-nji ýylyň 16 – 25-nji aprelinde Daşkent şäherinde (Özbegistan Respublikasy) geçen agyr atletika boýunça Aziýa çempionatynyň, 12 – 17-nji aprel aralygynda suwda ýüzmek boýunça halkara ýaryşynyň, mundan başga-da, Almaty şäherinde (Gazagystan Respublikasy) erkin we grek-rim göreşleri boýunça yklym çempionatynyň mekdebiň türgenleri üçin diýseň düşümli bolandygyny nygtady. Şeýle-de, çykyşda 2018-nji ýylda Aşgabatda geçirilen Agyr atletika boýunça dünýä çempionatyna +109 kg agramda gatnaşan mekdebimiziň türgeni H.Toýçyýewyň itekläp götermek görnüşi boýunça üstünlikli çykyş edip, bürünç medalyň eýesi bolandygy aýdyldy. Soňra Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşiniň dolandyryş-hojalyk bölüminiň baş hünärmeni A.Orazdurdyýewa söz berildi. Ol ata Wa

Gün urmasyndan goranalyň!

Tomus paslynyň dowam edýän şu günlerinde howanyň aşa gyzmagy saglyk ýagdaýymyza has ünsli bolmagy talap edýär. Yssy howada ýeňil, rahat, arassa nah matadan tikilen, açyk reňkli egin-eşikleri geýmeli. Tomsuna bedendäki suw deňagramlylygyny saklamak möhümdir. Howanyň aşa gyzmagy bilen, der üsti bilen bedenden köp mukdarda suwuklyk bölünip çykýar. Fiziki hereket bilen meşgullanýanlarda bu has-da ýokary. Munuň özi diňe bir bedeniň suw deňagramlylygyny bozman, eýsem, ganyň goýulaşmagyna getirýär.

Welaýatlardan habarlar

Golaýda Mary welaýatynyň köpugurly sport mekdebinde futbol boýunça ussatlyk sapagy geçirildi. Welaýat sport we ýaşlar syýasaty bölüminiň başlygy J.Hudaýgulyýew, TFF-niň welaýat bölüminiň başlygy J.Orazmuhammedow, «Merw» sport klubunyň başlygy G.Myradow hem-de şäheriň 5-nji sport mekdebiniň tälimçisi Ý.Baýramow dagynyň gatnaşan ussatlyk sapagynda «Merw» toparyndan M.Saparow, R.Gereýhanow, P.Gazakow 5-nji sport mekdebiniň oýunçylary bilen türgenleşik geçdiler. Duşuşyk ýaşlarda ýatdan çykmajak täsirleri galdyryp, saýlap alan sportuna has-da höweslendirdi. Selbi HANOWA,

Sport mekdeplerinde

Golaýda Mary şäheriniň Ýöriteleşdirilen Olimpiýa ätiýaçlyk sport mekdebinde hormatly Prezidentimiziň türkmen milli oýunlaryny wagyz etmek baradaky tabşyryklaryny durmuşa geçirmek maksady bilen, sport mekdebiniň türgenleriň arasynda «Aýterek-günterek», «Ogar-ogar», «Guba gazlar» atly türkmen milli oýunlary boýunça bäsleşikler guraldy. Oýunlar gyzykly, göçgünli we özüne çekiji ýagdaýda geçdi. Ata-babalarymyz hem şahsyýeti hemmetaraplaýyn ösdürmek maksady bilen, çagalar üçin köpsanly oýunlary döredipdirler. Milli oýunlar dürli ýerlerde ugur tapmak, çakgan bolmak, güýjüňi we çalasynlygyňy artdyrmak ýaly adaty endiklerden başga-da, çagalarda zehini hem-de ruhy-ahlak häsiýetleri, tutanýerliligi, sazlaşykly hereket etmek başarnygyny kemala getirmäge gönükdirilendir. Milli oýunlar boýunça geçirilen bäsleşiklerde tapawutlanan türgenlere Hormat hatlary gowşuryldy.

Ýurdumyzyň futzal çempionaty

5-nji iýulda toparlaryň sekizisiniň («Köpetdag», «Senagatbank», «Migrasiýa», «Gümrükçi», «Serhetçi», «Milli goşun» – hemmesi-de Aşgabat şäheri, TNGIZT, «Deňizçi» – ikisi-de Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäheri) gatnaşmagynda Türkmenistanyň nobatdaky futzal çempionaty – «Naýbaşy ligasy» başlanar. Futzal çempionaty dört aýlawdan ybarat bolup, jemleýji, 28-nji tapgyrynyň duşuşyklary şu ýylyň 6-njy noýabrynda geçiriler. «Naýbaşy ligasynyň» duşuşyklary Aşgabat, Mary, Türkmenbaşy hem-de Daşoguz şäherlerinde geçiriler.

Gandbol meýdançasynda

Gandbol boýunça 2007-2008-nji ýyllarda doglan çagalaryň arasyndaky paýtagtymyzyň açyk birinjiligini Aşgabat şäheriniň sport we ýaşlar syýasaty Baş müdirligi hem-de müdirligiň garamagyndaky 8-nji sport mekdebi gurady. Oňa paýtagtymyzyň sport mekdepleriniň toparlary gatnaşdylar. Paýtagtymyzyň 2-nji orta mekdebinde ýaýbaňlandyrylan bäsleşik diýseň çekeleşikli häsiýete eýe boldy. Netijede Aşgabat şäheriniň sport we ýaşlar syýasaty Baş müdirliginiň 8-nji sport mekdebinde tälim alýan ýaşlardan düzülen topar ýaryşyň ýeňijisi boldy. Bu topara 8-nji sport mekdebiniň hünärmeni Baýram Çulumbaýew baş tälimçilik etse, şol mekdepden Zarina Myradowa toparyň birkemsiz türgenleşdirilmegine ýardam etdi. Paýtagtymyzyň 11-nji sport mekdebiniň ýetginjekleri 2-nji orna mynasyp boldular. Topary mekdebiň ussat tälimçisi Nurgözel Öwezowa ýaryşa taýýarlady. Ýaryşyň iň netijeli toparlarynyň ilkinji üçlügini jemlemek bolsa paýtagtymyzyň 9-njy sport mekdebiniň ýetginjeklerine miýesser etdi. Mekdebiň gandbolçy ýetginjekleri Swetlana Hannyýewanyň hem-de Oksana Kobzewanyň ýolbaşçylygynda tälim alýarlar.

Taryhda şu gün

2004-nji ýylyň üçünji iýulynda 17 ýaşly russiýaly tennisçi Mariýa Şarapowa taryhy netije gazandy. Şol gün «Uly Tuwalga» bäsleşiginiň çägine girýän «Uimbldonyň» finalynda Şarapowa ABŞ-ly Serena Wilýamsdan 6:1, 6:4 hasabynda üstün çykyp, ilkinji gezek abraýly ýaryşda üstünlik gazandy. 1987-nji ýylyň 19-njy aprelinde Russiýanyň Nýagan şäherinde doglan M.Şarapowa professional karýerasynyň dowamynda «Uly Tuwalga» bäsleşikleriniň hemmesinde ýeňiş gazanmagy başaran az sanly tennisçileriň hataryna girýär. Ol «Uimbldon» bäsleşiginden başga «Awstraliýanyň Açyk çempionatynda» (2008), «Rolan Garrosda» (2012, 2014) hem-de «ABŞ-nyň Açyk çempionatynda» (2006) üstünliklerini baýram edipdi. Mundan başga-da, russiýaly tennisçi WTA-nyň bäsleşikleriniň 36-synda hem ýeňiş gazanypdy.

Duşuşyk geçirildi

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzyň iň gymmatly baýlygy bolan ynsan saglygyny gorap saklamak, ýaş nesliň geljekde beden we ruhy taýdan sagdyn, ruhubelent adamlar bolup ýetişmegini gazanmak möhüm döwlet wezipeleriniň biri bolup durýar. Türkmen halky hemişe gujur-gaýratyna, dury akyldyr paýhasyna bil baglap ýaşapdyr. Beden saglygy we ruhy saglyk jemgyýetiň sagdynlygynyň girewine öwrülipdir. Hut şu maksat bilen hem Aşgabat Dokma toplumynyň Magtymguly adyndaky ilkinji ýaşlar guramasynyň guramagynda ýaşlaryň gatnaşmaklarynda toplumyň mejlisler jaýynda «Sport – sagdyn durmuşyň gözbaşy» ady bilen wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi. Duşuşykda çykyş edenler ýurdumyzda her bir ynsanyň beden taýdan berk we sagdyn bolmagyny gazanmak, sport we bedenterbiýäni ählihalk islegine öwürmek, sagdyn jemgyýeti terbiýelemek üçin uly işleriň alnyp barylýandygy, munuň bolsa döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridigini aýratyn bellediler. Şeýle-de, duşuşykda häzirki wagtda howanyň düzüminde zyýanly tozan bölejikleriniň agdyklyk edýändigi sebäpli agyz-burun örtügini dakynmaklygy, köpçülik ýerlerinde ulaga münülende, düşülende zyýansyzlandyryş serişdelerini ulanmaklygy, 2 metr araçägi saklamaklygy, şeýle-de, günüň dowamynda ýeterlik suw içmekligi ündediler, witamine baý miweleri, gök önümleri iýmekligi, köpräk şypaly derman otlaryndan taýýarlanylan çaýlary içmelidigi barada gi

Baş baý­rak «Ahal­da»

Türk­me­nis­ta­nyň Fut­bol fe­de­ra­si­ýa­sy­nyň (TFF) Ku­bo­gy ug­run­da­ky ýa­ry­şyň aý­gyt­laý­jy du­şu­şy­gyn­da «Ahal» bi­len «Merw» to­par­la­ry du­şuş­dy­lar. Iki­ta­rap­la­ýyn hü­jüm­ler­de ge­çen bu du­şu­şyk­da dö­re­den müm­kin­çi­li­gi­ni has ýer­lik­li peý­da­la­nan «Ahal» 1:0 ha­sa­byn­da ýe­ňiş ga­za­nyp, baş baý­ra­ga my­na­syp bol­dy. Ahal we­la­ýa­ty­nyň to­pa­ry­na ýe­ňiş ge­ti­ren to­py oý­nuň 44-nji mi­nu­tyn­da 11 metr­lik je­ri­me ur­gu­syn­dan Ser­dar Gel­di­ýew ge­çir­me­gi ba­şar­dy.

Diňe bilýard barada

Küşt ýaly, örän gadymy oýun bolan bilýardyň watany Aziýa ýa-da Hindistan, käbir bilermenleriň pikiriçe, Hytaý hasaplanylýar. Ilkinji bilýard stoly käbir resminamalara görä Luis XI döwründe Fransiýada peýda bolupdyr. Ony 1469-njy ýylda Henri de Winem ýasaýar. Şol döwürleriň iňlis şalary hem bu oýny oýnapdyr. Muny 1578-nji ýylda Şotlandiýanyň şa zenany Meri Stýuartyň hatlarynyň birinde halaýan bilýardlaryny başga bir otaga geçirmegini haýyş edýän sözleri tassyklaýar. Bilýard stoly XVI asyrda häzirki zaman görnüşlerine eýe bolup başlapdyr. XIX asyryň başynda bilýard ýakymly güýmenje derejesinden çynlakaý bilimleri we başarnyklary, takyklygy, gowy gözi we hereketleriň dürslügini talap edýän sport görnüşi hökmünde uly abraýa eýe boldy. Çempionatlar geçirilip başlandy we olara jemgyýetçilik toparlary gatnaşdy.