Türkmen halkyny arassa ganly ahalteke bedewsiz göz öňüne getirmek mümkin däl. Ajaýyp keşbi bilen dünýäni haýrana goýan ahalteke bedewi gözelligiň, päkligiň, wepadarlygyň nusgasydyr, toý-tomaşalaryň gelşigidir. Her bir ynsanyň söýgüsini gazanmagy başarýan gamyşgulak bedewlerimiz Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe günsaýyn ösýän ýurdumyzyň abraýy hem mertebesidir. Häzirki döwürde ýurdumyzda atçylygy ösdürmäge, ahalteke atlarynyň tohum arassalygyny goramaga aýratyn üns berilýär. Milli Liderimiz bu beýik, gaýtalanmajak derejedäki kämil sungatyň syrlaryny öwrenmek, dünýä ýaýmak, gorap saklamak ugrunda giň möçberli çäreleri durmuşa geçirýär. Alym Prezidentimiziň «Ahalteke bedewi – biziň buýsanjymyz we şöhratymyz», «Ganatly bedewler», «Gadamy batly bedew» atly gymmatly eserleri seýisçilik sungatyna bagyşlanandyr.
Gahryman Arkadagymyzyň bu ajaýyp eserlerinde älemi baglan ahalteke bedewlerini ösdürip ýetişdirmek, dogry we dürs seýislemek hakynda gymmatly maglumatlar berilýär. Şonuň ýaly-da, ahalteke bedewleriniň dünýä arenasyndaky abraýyny has belende göterjek peýdaly maslahatlar, terbiýeçilik ähmiýetli düşündirişler öz beýanyny tapýar. Milli Liderimiziň «Älem içre at gezer», «Döwlet guşy» ýaly ajaýyp eserlerinde türkmeniň bedew atyna bolan sarpasy, söýgüsi uly buýsanç bilen beýan edilýär. Bu gymmatly eserleri okanymyzda milletimiziň bedew atyna bolan söýgüsiniň, buýsanjynyň beýikligine, nesiller üçin nusgalykdygyna göz ýetirýäris.