"Türkmen sporty" gazeti

Esaslandyryjysy: "Türkmen Sporty" gazetiniň redaksiýasy
Salgysy: Aşgabat şäheri, 1995-nji köçe 66 jaýy
Telefon belgileri: 22-33-91, 22-33-72

Habarlar

Sport we ýaşlar syýasaty

Balkan welaýatynyň Magtymguly etrabynda sagdyn durmuş ýörelgesini wagyz etmekde netijeli işler durmuşa geçirilýär. Sport we ýaşlar syýasaty bölümi, jemgyýetçilik guramalary etrabyň ýaşaýjylarynyň arasynda wagyz-nesihat duşuşyklaryny yzygiderli geçirýärler. Şunda bedenterbiýäni we sporty wagyz etmekde sport hünärmenleri görelde görkezýärler. Ýaşlaryň sport bilen meşgullanmaklary üçin döredilýän mümkinçilikler ýurdumyzda sport syýasatynyň öz miwesini berýändigini görkezýär. Tejribeli tälimçileriň işe çagyrylyp, olaryň tejribelerinden peýdalanylmagy bolsa Gahryman Arkadagymyzyň halypa-şägirtlik ýoluny dikeltmek barada berýän tabşyryklarynyň rowaçlanmasydyr. Aýlar MÄMMEDOWA, Balkan welaýatynyň Magtymguly etrabynyň ýaşaýjysy.

Futbola bagyşlanan ömür

Baýram Durdyýew - 1955-nji ýylda Aşgabat şäherinde doguldy. 1962 – 1972-nji ýyllar aralygynda paýtagtymyzdaky 2-nji orta mekdepde bilim aldy. 1973 – 1977-nji ýyllar aralygynda M.Gorkiý adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň (häzirki Magtymguly adyndaky TDU-nyň) bedenterbiýe fakultetinde bilim aldy. Futbolçy hökmünde diňe bir toparda («Stroitel», «Kolhozçy», «Köpetdag») çykyş etdi (1973 – 1986-njy ýyllar). Tälim beren toparlary: Türkmenistanyň milli ýygyndysy, «Köpetdag», «Ýelimaý» (Gazagystan), «Sonata-Naft» (Eýran), «Talyp sporty», «Ahal», «Altyn Asyr», «Energetik».

Sportda täze belentliklere

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Gahryman Arkadagymyzyň baştutanlygynda durmuşyň ähli pudaklarynda asyrlara barabar beýik işler amala aşyrylýar. Ýurdumyzda bedenterbiýäni we sporty ösdürmegiň esasy maksady türkmenistanly raýatlaryň sagdynlygyny we bagtyýarlygyny üpjün etmekden, okuwçylaryň bedenterbiýä höwesini artdyrmakdan, ussat türgenleri taýýarlamakdan, ýurdumyzda geçirilýän iri halkara ýaryşlarynda baýrakly orunlary eýelemekden, Diýarymyzyň sport abraýyny has-da belende götermekden ybaratdyr. Türkmenistan häzirki döwürde Aziýada, Ýewropada hatda bütin dünýäde sport merkezi hökmünde tanalýar diýsek, hakykatdan daş düşmeris. Bu gün Türkmenistan döwletimiziň her bir raýatynyň bedeniniň berk, ömrüniň uzak bolmagy, olaryň saglygyny gorap saklamagy üçin niýetlenip gurlan we gurulýan, iň soňky tehnologiýalar bilen üpjün edilen sport we bedenterbiýe desgalary, sagaldyş-dynç alyş merkezleri, seýilbaglary barmak büküp sanardan köpeldi. Ol desgalarda kiçi ýaşly çagalardan başlap, ýaşululara çenli günüň bütin dowamynda türgenleşip, saglyklaryny dikeldýärler. Bu ýagdaý ýaş nesliň saglyklaryny gorap saklamaklaryna, wagtlaryny peýdaly geçirmeklerine giň mümkinçilikler berýär. Mekdep okuwçylarynyň bedenterbiýe okuw sapaklarynyň we sapakdan daşary geçirilýän gurnaklaryň, ders bäsleşikleri yzygiderli geçirilip durulmagynyň etrap, welaýat çäklerindäki bäsleşikleriň, spartakiadalary

Welosipedli rekordlar

Ýaş žurnalistiň mekdebi

Pyýada ýöremek peýdaly Pyýada ýöremek bedeniň has oňat we netijeli işlemegine, rahatlanmagyna ýardam berýär. Adamlar pyýada ýöränlerinde gündeki gaýgy-aladalardan daşlaşýarlar, güýçlerini tiz dikeldýärler. Ýürek we damarlar berkeýär hem-de olaryň işi has gowulaşýar. Ýöreýän adamlarda ähli bar bolan keselleriň döremek töwekgelligi peselýär, olaryň immuniteti ýokarlanýar.

Tehnologiýanyň sportdaky orny

Sport lukmançylygynyň we häzirki zaman tehnologiýalarynyň ösmegi türgenleşikleriň netijelerini ýokarlandyrmaga ýardam edýär. Munuň özi bolsa türgenleriň taýýarlyk derejesiniň ýokarlanmagyna täsirini ýetirýär. Alymlaryň pikiriçe, beýnini dogry netijä gelmäge uýgunlaşdyrmagyň barşynda aň ukybyny güýç maşklary, galyberse-de oýun endikleri bilen gezekleşdirip türgenleşdirmeli. Elbetde, tehniki serişdeleri seljermegiň, anyklamagyň usuly hökmünde hem peýdalanyp bolar. Olar her bir türgen barada maglumat toplamaga, onuň bilen gelejekde nähili iş alyp barmalydygy babatda hem tälimçä köp ýeňillikleri döredip biler. Täze tehnologiýalaryň üsti bilen alnan maglumatlar türgeniň ussatlygyny artdyrmakda, türgenleşikleriň netijeliligini ýokarlandyrmakda uly ähmiýete eýedir.

TFF-niň täzelikleri

Paýtagtymyzyň «Altyn Asyr» topary futbol çempionatymyzyň tamamlanmagyna 2 tapgyr galanda sekizinji gezek çempionlyk gazanmagy başardy. Ýazguly Hojageldiýewiň tälim berýän topary bu üstünlige 12-nji tapgyryň çäginde «Aşgabatdan» 4:0 hasabynda üstün çykanyndan soň eýe boldy. Ýaryş tertibinde ikinji basgançagy eýeleýän «Ahal» topary bu tapgyryň çäginde «Köpetdag» bilen geçiren duşuşygyny 2:2 hasabynda deňlikde tamamlady. Türkmenbaşy şäheriniň «Şagadamy» myhmançylykda «Energetikden» 3:2 hasabynda üstün çykdy. Şeýlelikde, bu tapgyrdan soň «Ahal» toplan 23 utugy bilen ýaryş tertibinde eýeleýän ikinji ornuny saklap galdy. «Şagadam» topary 20 utugy bilen üçünji orunda ornaşdy.

Welaýatlardan habarlar

Golaýda Gökdepe etrabynyň Yzgant şäherçesiniň Mälikguly Berdimuhamedow adyndaky Medeniýet köşgünde ýurdumyzyň baky Bitaraplygynyň şanly 26 ýyllygyna bagyşlanyp «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanym!» ady bilen dabaraly maslahat geçirildi. Ony Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň etrap komiteti, TMÝG-niň etrap geňeşi, welaýat häkimliginiň 5-nji başlangyç hünär okuw mekdebi hem-de etrabyň medeniýet bölümi bilelikde gurady. Oňa jemgyýetçilik guramalarynyň işjeň agzalary hem-de talyp ýaşlar gatnaşdy. Maslahatda çykyş edenler Bitaraplyk ýyllarynda gazanylan üstünlikler barada buýsanç bilen gürrüň etdiler. Milli Liderimiziň baştutanlygynda Türkmenistanyň sebitde, dünýäde parahatçylygy wagyz ediji ýurtdygy barada aýdylanlar uly gyzyklanma bilen diňlendi.

Taryhda şu gün

2014-nji ýylyň 18-nji dekabrynda ildeşimiz Gurban Berdiýew «Rostow» futbol klubunyň baş tälimçisi wezipesine bellenildi. Ol bu wezipede ýerli hünärmen Igor Gamulanyň ornuna geldi. Şol wagt topar geçirilen 17 tapgyrdan soň toplan 11 utugy bilen ýaryş tertibinde iň soňky orny eýeleýärdi. Berdiýewiň ýolbaşçylygynda «Rostow» topary 2015-nji ýylyň netijesi boýunça Russiýanyň futbol çempionatynda ikinji orny eýelemegi başardy. Şeýle-de, topar Çempionlar ligasynyň toparçalaýyn bäsleşiginde çykyş etmäge mümkinçilik aldy. Möwsümiň jemi boýunça topar Ýewropanyň ligasynda 1/8 finala çykmagyň hötdesinden geldi.

Futzalyň taryhyndan

Futzal oýnuny ilkinji bolup braziliýalylar oýnapdyrlar. Awstriýanyň milli ýygyndysynyň ýolbaşçylarynyň biri Ýozef Argauer 1958-nji ýylda Şwesiýada futbol boýunça dünýä çempionatynyň geçýän günlerinde braziliýalylaryň binanyň içindäki futbol türgenleşigini synlaýar. Bu ýagdaý onda uly täsir galdyryp, ol öz Watanyna dolanyp gelenden soňra öz tälim berýän oýunçylaryna türgenleşikde zalyň içindäki futboly, ýagny futzal oýnamagy teklip edýär. Şondan soňra sportuň bu görnüşi Gollandiýa, Ispaniýa, Italiýa hem ornaşyp başlaýar. 1968 – 1969-njy ýyllarda Niderlandlarda ilkinji gezek futzal boýunça milli çempionat geçirilip, onda «Saga-66» topary ýeňiji bolmagy başarýar.

Halkara wirtual serginiň tanyşdyrylyş dabarasy

9-njy dekabrda Halkara Bitaraplyk güni hem-de «Türkmenistan – parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýyly mynasybetli geçirilýän halkara wirtual serginiň tanyşdyrylyş dabarasy guraldy. Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda guralan halkara wirtual serginiň tanyşdyrylyş dabarasynda ýurdumyzyň ähli ulgamlarda ýeten beýik ösüşleri, gazanan üstünlikleri giňişleýin beýanyny tapdy. Bu ýerde ýurdumyzyň toplumlarynyň wekilleri çykyş edip, ýetilen belent sepgitler bilen tanyşdyrdylar. Tanyşdyrylyş dabarasynda Türkmenistanyň sport we ýaşlar syýasaty ministriniň orunbasary çykyş edip, sport ulgamynda we ýaşlar syýasaty boýunça ýetilen sepgitleri giňişleýin beýan etdi.

Baky Bitarap Watan

Bu gün ilim bagtyýar, ajap bossanym Watan,Her günüň bir jennetdir, ömür seýranym Watan,Döwrüm gadyryn bilýär, işläp gurýanyň Watan,Sebit Merkezin gurduň, ak ýol çar ýanyň Watan,Waspyn edip kendimiň,                                         Hem bagtyýar günde men,Bitaraplyk ýörelgäň dünýäniň messanydyr. Ýagşylyklar ýarandyr, bagtyň dabarasy bu,Ýagtylyklar hemradyr, döwrüň hemaýaty bu,Ýurdumda halkyň Arkadagly zamanasy bu,Döwletli-döwran gelen ilimiň keramaty bu,Garaşsyzlyk ganaty,                                        Bitaraplyk halaty,Saglyk, sport gülleýär, döwrümiň dessanydyr.

Dünýä nusgalyk ýörelge

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan anyk ýörelgelere we aýdyň maksatlara esaslanýan, köptaraplaýyn hem-de toplumlaýyn häsiýete eýe bolan daşary syýasaty amala aşyrýar. Onuň esasynda oňyn Bitaraplygyň binýatlaýyn ýörelgeleri goýlandyr. Eziz Diýarymyzyň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna esaslanýan daşary syýasy strategiýasy ählumumy parahatçylygy, howpsuzlygy we durnukly ösüşi üpjün edýän oňyn özgertmeleri amala aşyrmakda zerur bolan ähli mümkinçilikleri döredýär. Bu günki gün döwletimiz türkmen halkyna mahsus bolan beýik ynsanperwerlik ýörelgelerine we adam hukuklary baradaky ählumumy ykrar edilen kadalara daýanýan daşary syýasaty üstünlikli alyp barýar. Milli Liderimiziň baştutanlygynda amala aşyrylýan ynsanperwer çäreler bu ugurdaky halkara tejribäniň mazmunyny barha baýlaşdyrýar. Türkmenistan bu ugurda iri halkara guramalary, ilkinji nobatda, Birleşen Milletler Guramasy we onuň düzüm birlikleri bilen hoşniýetli hyzmatdaşlyga aýratyn ähmiýet berýär. Döwletimiz BMG-niň Baş Assambleýasynyň mejlislerinde umumadamzat bähbitli başlangyçlary yzygiderli öňe sürýär. Ýurdumyzyň öňe sürýän döredijilikli başlangyçlary Milletler Bileleşiginiň çäklerinde durmuşa geçirilýän işjeň diplomatiýanyň möhüm bölegine öwrülmek bilen, häzirki zaman halkara gatnaşyklarynyň derwaýys meselelerine oňyn täsir etmegiň, syýasy we hukuk taýdan netijeliligini has-da ýokarlandyrmagyň täze mümkinçilikle

Bitaraplyk –parahatçylygyň daýanjy

Türkmen halky Garaşsyzlyk döwründe milli döwletlilik syýasatynyň iň esasy gazananlarynyň biri bolan hemişelik Bitaraplygymyzyň 26 ýyllyk baýramyny uly dabaralara besleýär. Önümçilikde, ylymda, medeniýetde uly üstünlikler gazanylýar. Halkymyzyň hal-ýagdaýy ýokarlanýar. Özara bähbitli hyzmatdaşlygyň gerimi giňelýär. Türkmenistan bu gün dünýäde bolup geçýän çylşyrymly ýagdaýlara garamazdan, durmuş-ykdysady ösüşlerde islendik meseläniň çözgüdini tapýan, halkara hyzmatdaşlygyň täzeçe ugurlaryny ýola goýmakda öňegidişlikleri gazanýan kuwwatly döwlete öwrüldi. Gahryman Arkadagymyzyň parahatçylykly ösüşe gönükdirilen paýhasly başlangyçlary ähli üstünliklerimiziň gözbaşydyr.

Sport we ýaşlar syýasaty

Ýakynda Mary şäherindäki 25-nji orta mekdepde şäheriň orta mekdeplerinde zähmet çekýän bedenterbiýe mugallymlarynyň gatnaşmaklarynda ýaşlary sporta çekmek hakynda hem-de sportuň täze görnüşleri boýunça wagyz-nesihat çäresi geçirildi. Duşuşyk «Türkmenistan» Ýaşlar bedenterbiýe-sport guramasynyň welaýat bölüminiň, TMÝG-niň welaýat geňeşiniň hem-de welaýat Baş bilim müdirliginiň bilelikde guramaklarynda geçirildi. Onda Mary welaýat Baş bilim müdirliginiň hünärmeni Welmyrat Annaýew, «Türkmenistan» Ýaşlar bedenterbiýe-sport guramasynyň Mary welaýat bölüminiň hünärmeni Serdar Akmyradow, Mary şäherindäki 25-nji orta mekdebiň bedenterbiýe mugallymy, kärdeşler arkalaşyklarynyň işjeň agzasy Ýakup Gylyçdurdyýew dagy çykyş etdi. Ogulşirin HOMMYÝEWA,

Ilkinji synanyşyklar, ilkinji netijeler

8-nji dekabrda Özbegistanyň Daşkent şäherinde geçýän Agyr atletika boýunça dünýä çempionatynda ildeşlerimiziň ilkinji çykyşlary başlandy. Şol gün 49 kliogram agram derejesiniň «A» toparçasyndaky ýaryşlara orun berlip, oňa ildeşimiz Ýulduz Jumabaýewa hem gatnaşdy. Şu agramda dünýäniň iň güýçli zenan türgenleriniň 11-sini jemlän bäsleşik diýseň çekeleşikli geçdi. Birbada götermek boýunça turuwbaşdan 76 kg agramy buýran zehinli agyr atletikaçymyz ikinji synanyşygynda bu agyrlygy boýun egdirdi. Ýulduzyň bu netijesi birbada galdyrmak boýunça bäsleşigiň bürünç medaly bilen bellendi. Onuň bu usulda görkezen netijesi tailandly Surodçana Khambaonyňkydan (86 kg) hem-de ýaponiýaly türgen Rira Suzukiniňkiden (78 kg) soň üçünji boldy.

Ýaş nesil – Watan buýsanjy

Bagtyýar nesillerimiziň beden taýdan sagdyn bolup ýetişmegini gazanmak ýurdumyzda alnyp barylýan ýaşlar syýasaty bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr. Biz munuň şeýledigini Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Diýarymyzyň ähli künjeklerinde ýylyň-ýylyna gurlup, ulanylmaga berilýän stadionlardyr bedenterbiýe-sagaldyş toplumlarynda, beýleki sport desgalarynda hem aýdyň görýäris. Olar hemişe köp adamly, ylaýta-da, ýaşlar, çagalar boş wagtlarynyň köp bölegini bu ýerde geçirip, bedenlerini taplaýarlar . Häzirki wagtda ýurdumyzda sagdyn durmuş ýörelgelerini wagyz etmäge gönükdirilen çäreler giň gerime eýe bolýar. Adamlaryň saglygyny üpjün etmekde, beden taýdan kämil ýaş nesli terbiýelemekde olaryň peýdasy diýseň uludyr. Bu babatda alnyp barylýan köptaraply işleriň netijesinde bedenterbiýe we sport biziň her birimiziň, şol sanda ýaşlaryň hem iň ýakyn hemrasyna öwrüldi. Ýurdumyzyň raýatlarynyň sagdyn durmuş ýörelgelerine eýermeklerinde Saglyk ýolunyň hem örän uly ähmiýeti bardyr. Saglyk ýolundan ýöräp geçmek indi halkymyzyň asylly däpleriniň birine öwrüldi.

Futbol habarlary

Türkmenistanyň Kubogy ugrundaky bäsleşigiň finalçylary belli boldy. Bu abraýa «Ahal» hem-de «Şagadam» toparlary eýe boldular. «Ahal» topary myhmançylykda «Altyn Asyry» 2:1 hasabynda ýeňdi. «Köpetdagy» kabul eden «Şagadam» bolsa 1:0 hasabynda ýeňiş gazandy. Kubok ugrundaky bäsleşigiň ýarym final duşuşyklarynyň bir oýundan ybarat bolandygyny ýatladýarys.

Sport – saglyk

Sport bilen meşgullanmak saglygyňy gowulandyrmagyň, ömrüňi uzaltmagyň, umuman özüňi taplamagyň iň elýeterli we ýönekeý usullarynyň biridir. Adamlaryň köpüsi fiziki maşklara şübheli garaýarlar ýa-da az ähmiýet berýärler. Aslynda, günüň dowamynda bolmanda ýarym sagat sport bilen meşgullanylsa, ol adamyň fiziki we psihologik ýagdaýyna oňaýly täsir edýär. Sport bilen yzygiderli meşgullanmak bedeni taplaýar. Berk nerw durnuklylygyny kemala getirýär. Dürli maşklary ýerine ýetirmegiň pyýada ýöremegiň, ylgamagyň, welosiped sürmegiň, şeýle hem sportuň beýleki görnüşleri bilen meşgullanmagyň ynsan saglygyny berkitmekde belli bahasy ýokdur.

Döredijilik we internet bäsleşikleri

Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport instituty ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda sanly ulgamyň giň mümkinçilikleri arkaly sport žurnalistikasy boýunça «Bitarap Watanymyz nusga äleme, sport ylham berýär her bir ýürege» atly döredijilik, sport psihologiýasy boýunça «Sport psihologiýasy – beden we ruhy taýdan kämillige itergi» atly internet bäsleşiklerini geçirdi. Bäsleşikler uzak aralykdan guraldy. Talyp ýaşlary döredijilige höweslendirmek maksady bilen geçirilen bäsleşige gatnaşan talyplar öz döredijiliklerinde Bitarap Türkmenistanyň sport äleminde ýeten belent sepgitlerini, hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzda bedenterbiýäni we sporty ösdürmäge berýän üns-aladalaryny, türkmen türgenleriniň milli we halkara ýaryşlarda gazanýan üstünliklerini açyp görkezdiler.