Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport instituty ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda sanly ulgamyň giň mümkinçilikleri arkaly sport žurnalistikasy boýunça «Bitarap Watanymyz nusga äleme, sport ylham berýär her bir ýürege» atly döredijilik, sport psihologiýasy boýunça «Sport psihologiýasy – beden we ruhy taýdan kämillige itergi» atly internet bäsleşiklerini geçirdi. Bäsleşikler uzak aralykdan guraldy.
Talyp ýaşlary döredijilige höweslendirmek maksady bilen geçirilen bäsleşige gatnaşan talyplar öz döredijiliklerinde Bitarap Türkmenistanyň sport äleminde ýeten belent sepgitlerini, hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzda bedenterbiýäni we sporty ösdürmäge berýän üns-aladalaryny, türkmen türgenleriniň milli we halkara ýaryşlarda gazanýan üstünliklerini açyp görkezdiler.