Pyýada ýöremek peýdaly
Pyýada ýöremek bedeniň has oňat we netijeli işlemegine, rahatlanmagyna ýardam berýär. Adamlar pyýada ýöränlerinde gündeki gaýgy-aladalardan daşlaşýarlar, güýçlerini tiz dikeldýärler. Ýürek we damarlar berkeýär hem-de olaryň işi has gowulaşýar. Ýöreýän adamlarda ähli bar bolan keselleriň döremek töwekgelligi peselýär, olaryň immuniteti ýokarlanýar.