"Türkmen sporty" gazeti

Esaslandyryjysy: "Türkmen Sporty" gazetiniň redaksiýasy
Salgysy: Aşgabat şäheri, 1995-nji köçe 66 jaýy
Telefon belgileri: 22-33-91, 22-33-72

Habarlar

Hormatly ene-atalar we çagalar!

Aşgabat şäheriniň sport we ýaşlar syýasaty Baş müdirliginiň 4-nji sport mekdebi 2021-2022-nji okuw ýyly üçin aşakdaky sportuň görnüşleri boýunça okuw-türgenleşik sapaklaryna çagyrýar. Biziň salgymyz: Aşgabat şäheriniň Büzmeýin etrabynyň Gökje ýaşaýyş toplumynyň Mätäji köçesi.

Türgen ýaryşa taýýar bolanda

Islendik ýaryşda, aýratyn-da, Olimpiýa oýunlarynda gazanylýan üstünlik diňe bir abyrsyz çekilen zähmetiň miwesi dälmikä diýýän. Dünýäniň iň iri sport baýramynda medal gazanmak üçin özüňde bar bolan başarnygyňy gerek ýerinde görkezmelidigiň ýeňşiň esasy ädimi bolup durýar. Abraýly ýaryşda çykyş edýän türgenleriň belli wagtda, netijeli çykyş etmeginde onuň fiziki taýýarlygynyň wajyp bolşy ýaly, ruhy taýýarlygy hem esasy orna çykýar. Halypa kärdeşlerimiziň biriniň ýurdumyza belli agyr atletikaçylaryň biriniň türgenleşiklerde emgenmän galdyryp duran agramyny ýaryş münberine çykanda alyp bilmeýändigi hakynda aýdany ýadyma düşýär. Bu – tötänlik däl. Bu – hakykat. Gürrüň, elbetde, türgeniň şol pursat başdan geçirýän ahwaly, başgaça aýtsak, psihologik ýagdaýy barada. Türgen her näçe ýaryşa taýýar bolsa-da, onuň aýgytlaýjy pursatda özüni nähili duýýandygy öňdäki orna çykýar...

Gadyrly çagalar!

2021-nji ýylyň sentýabr aýynyň 5-ine Aşgabat şäherinde ýaşaýan çagalar üçin Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky «Köpetdag» sport toplumynyň («Dagdan») meýdançasynda (köç.Kemine 64) sagat 08.00-dan 10.00-a çenli Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrliginiň Futbol boýunça geljekki olimpiýaçylaryň ýöriteleşdirilen çagalar-ýetginjekler sport mekdebi 2014-nji ýylda doglan höwesjeň oglanlary saýlap-seçip, futbol mekdebine kabul edýär. Ýanyňyz bilen sport geýimleri we aýakgap getirmeli, şahadatnamanyň nusgasy we 1 surat (3х4 ölçegde).

Okuw-türgenleşik ýygnanyşygy

Futbol boýunça Türkmenistanyň ýaşlar ýygyndysynyň 2022-nji ýylda geçiriljek Aziýa Kubogynyň saýlama tapgyrynyň duşuşyklaryna taýýarlygyň çäginde paýtagtymyzda geçirilen okuw-türgenleşik ýygnanyşygy tamamlandy. Onuň dowamynda Ahmet Agamyradowyň ýolbaşçylygyndaky ýaşlar ýygyndymyz «Ahal» hem-de «Aşgabat» toparlary bilen ýoldaşlyk duşuşyklaryny geçirdi. Paýtagtymyzdaky Olimpiýa şäherçesiniň türgenleşik meýdanynda bir hepdeläp dowam eden okuw-türgenleşik ýygnanyşygynda milli ligalarymyzda çykyş edýän futbolçylaryň 23-siniň gözden geçirilendigini ýatladýarys. Ýurdumyzyň ýaşlar ýygyndysynyň ikinji okuw-türgenleşik ýygnanyşygy 16 – 21-nji awgust aralygynda paýtagtymyzda geçiriler.

Sport mekdeplerinde

Ajaýyp zamanamyzda hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda ähli ugurlarda bolşy ýaly, sporta hem uly üns berilýär. Ýaş nesilleriň sport bilen giňden meşgullanmaklary üçin ähli şertleriň döredilýändigine paýtagtymyzda hem-de welaýatlarda gurlup ulanylmaga berlen sport mekdepleri we beýleki sport desgalary aýdyň şaýatlyk edýär. Biziň etrabymyzda hem Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallasy bilen döwrebap sport mekdebi gurlup, ulanylmaga berildi. Esenguly şäherinde ýerleşýän bu sport mekdebinde türgenleşmek, ýaryşlary geçirmek üçin ähli mümkinçilikler döredilendir. Sportuň dürli görnüşleri bilen meşgullanmaga bu ýerde ajaýyp şertler bar.

Taryhda şu gün

Sagdyn durmuş ýörelgesi – bagtyýar durmuşyň gözbaşy

«Biziň maksadymyz türkmenistanlylar üçin, şeýle hem Awaza daşary ýurtlardan gelýän myhmanlar üçin dynç almak we jan saglygyny berkitmek babatda örän oňaýly şertleri döretmekden ybaratdyr» diýip nygtaýan hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň taýsyz tagallasy bilen amala aşyrylan ägirt uly işleriň netijesinde bu ajaýyp milli syýahatçylyk zolagy bu günki gün dünýäde sagdynlygyň, sportuň mekany, dynç almak hem-de saglygyňy berkitmek üçin diýseň oňat şert-mümkinçilikleriň üpjün edilen künjegi hökmünde tanalýar. Sagdyn durmuş ýörelgesine eýermekde bolsa Arkadag Prezidentimiziň her bir türkmenistanla nusgalyk görelde bolup durýanlygy döwrümiziň ajaýyp hakykatydyr. Muňa döwlet Baştutanymyzyň geçen hepdede Balkan welaýatyna bolan iş saparynyň barşynda hem aýdyň göz ýetirmek boldy. Hormatly Prezidentimiz geçen şenbede agtyklary bilen «Rahat» atly häzirki zaman gämisinde Hazar deňziniň giňişliklerinde gezelenç etdi. Ýokary derejede enjamlaşdyrylan ak gämi «Awaza» milli syýahatçylyk zolagy boýunça uzap gidýän kenardan deňiz giňişligine tarap ýüzüşe başlady.

Sportda täze belentliklere

Bedenterbiýe we sport halkymyzyň adam şahsyýetini sazlaşykly kemala getirmek medeniýetiniň möhüm düzüm bölegi hasaplanylýar. Diýarymyzyň ähli künjeklerinde sportuň hem-de köpçülikleýin bedenterbiýäniň ösdürilmegine, ilatyň arasynda sagdyn durmuş ýörelgesine eýermegiň ähmiýetiniň giňden wagyz edilmegine berilýän üns gün-günden güýçlenýär. Ýurdumyzda sagdyn durmuş ýörelgeleriniň durmuşa ornaşdyrylmagyna we türkmen sportunyň abraýynyň has-da belende göterilmegine aýratyn ähmiýet berilýär. Professional sporty ösdürmekde hem möhüm ädimler ädilýär. Ine, golaýda Watanymyza gelip gowşan hoş habar – agyr atletikaçy gyzymyz Polinanyň Tokio Olimpiadasynyň kümüş medalyny gazanandygy bu hakykatyň nobatdaky subutnamasyna öwrüldi. Watanymyza ilkinji olimpiýa medalyny getiren bu üstünlik dörtýyllygyň iň uly sport baýramçylygynyň taryhyny hemişelik bezedi. Şol bir wagtyň özünde bolsa Arkadag Prezidentimiziň taryhy başlangyçlarynyň türkmen sportuny täze belentliklere, iň uly üstünliklere alyp barýandygyny aýdyň görkezdi.

Garaşsyzlyk – çüwen bagty türkmeniň

Türkmen halky bu gün öz bagtyna – dünýä eşretleriniň elýeterli durmuşynda ýaşaýan zamanasyna buýsanýar. Garaşsyz, özbaşdak döwletlilik beýik pederlerimiziň arzuwlan Watany! Mundan 30 ýyl öň täze bir altyn sahypa açyldy. Berkararlyk Tuguny parladyp, bagtyýarlyk aýdymyny aýdyp, erkinligiň şaýoluna düşen halkymyz dünýewi, demokratik, hukuk döwletiniň binýadyny berkden tutdy. Taryhyň dürli gowgaly we galagoply döwürlerinde hem ynsanperwer ýörelgelerine uly ähmiýet beren ulus-ilimiz eşretli eýýamyň, döwletli döwranyň, Garaşsyz döwletiň eýesi boldy. Turuwbaşdan bütindünýä ykrarnamasyna eýe bolan ýurdumyz parahatçylyk söýüjilik, jebislik, milli demokratik ýol-ýörelgelerini döwlet syýasatynyň esasy ugurlary hökmünde saýlap aldy. Bu ugur dünýäniň ähli döwletleri tarapyndan gyzgyn goldanyldy. Eziz Diýarymyza dost-doganlyk goluny uzadýan, Türkmenistan bilen diplomatik gatnaşyklary ýola goýýan ýurtlaryň sany günsaýyn artdy we artýar.

Açyk sapaklar

Ýakynda Aşgabat şäheriniň sport we ýaşlar syýasaty Baş müdirliginiň 4-nji sport mekdebinde erkin göreş we adaty karate boýunça açyk sapaklary geçirildi. Mekdebiň sport zalynda guralan açyk sapaklara ýaş türgenleriň onlarçasy uly gyzyklanma bilen gatnaşdy. Erkin göreş boýunça 2012-2013-nji ýyllarda doglan türgenleriň arasynda guralan açyk sapagy tälimçi Şyhmyrat Atalyýew, adaty karate boýunça 2010-2011-nji ýyllarda doglan türgenleriň arasynda geçirilen sapagy tälimçi Diýar Hojaýew alyp bardy. Hormatly Prezidentimiziň bedenterbiýäni we sporty giňden ösdürmek, kämilleşdirmek maksady bilen, sagdyn, ruhubelent ýaşlary taýýarlamak, ýaşlary sporta giňden çekmek barada edýän atalyk aladalaryndan ugur alnyp guralan açyk sapaklarynda ýaş türgenler sport görnüşleri boýunça ukyp-başarnyklaryny görkezdiler.

Mynasyp çykyş

Sportuň her görnüşinde esasy ugurlar bolýar. Ýeňil atletikada 100 metr aralyga ylgamak, suwda ýüzmekde 50 metr aralyga ýüzmek, tennisde «Uimbldon», welosportda «Tur de Frans»... Agyr atletikada bolsa iň agyr agram bolan 109 kilogramdan ýokary bäsleşikler sportuň bu görnüşiniň esasy bezegi hasaplanýar. Köpleriň ünsüni özüne çekýän şeýle bäsleşiklere tomaşa etmegiň lezzeti-tolgunmasy has üýtgeşik bolýar. Aslynda şol bäsleşige sabyrsyzlyk bilen garaşýandygyňam, oňa aýratyn gyzyklanma bilen tomaşa edýändigiňem belki, şonuň üçin bolsa gerek. Ine, bu gezegem şeýle boldy. Tokioda dowam edýän Olimpiýa oýunlarynda agyr atletikaçylaryň bäsleşiginde iň agyr agramda çykyş edýän türgenleriň çykyşyna sabyrsyzlyk bilen garaşdym. Onda ildeşimiz Hojamuhammet Toýçyýewiň çykyş edýändigi bolsa has-da ruhlandyrdy. Bu bäsleşigiň dünýä sportunyň üns merkezindedigine hem şek-şübhe ýokdy.

TFF-niň täzelikleri

Futbol boýunça Türkmenistanyň ýaşlar ýygyndy toparynyň (U23) baş tälimçisi wezipesine Ahmet Agamyradow bellenildi. Ýurdumyzyň ýaşlar ýygyndysynyň häzirki wagtda Aziýa Kubogy – 2022-niň saýlama tapgyryna taýýarlyk işlerini alyp barýandygyny ýatladýarys.

Welaýatlardan habarlar

Golaýda mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllyk toýy mynasybetli Görogly etrabynyň 3-nji çagalar we ýetginjekler sport mekdebinde ýaşlaryň arasynda kiçi futbola bolan höwesi artdyrmak maksady bilen, etrabyň çägindäki sport mekdepleriň arasynda «Altyn top» atly ýaryş geçirildi. TMÝG-niň Daşoguz welaýatynyň Görogly etrap geňeşi bilen etrap sport we ýaşlar syýasaty bölüminiň bilelikde guramagynda geçirilen ýaryşa etrabyň çägindäki çagalar we ýetginjekler sport mekdepleriniň toparlarynyň ýedisi gatnaşdy. Netijede etrabyň 3-nji çagalar we ýetginjekler sport mekdebiniň tälimçisi Begli Pirlibaýewiň taýýarlan topary 1-nji orny eýeledi. 2-nji orna etrabyň 1-nji çagalar we ýetginjekler sport mekdebiniň tälimçisi Arazmyrat Meredowyň taýýarlan topary mynasyp boldy. 3-nji orny etrabyň 1-nji çagalar we ýetginjekler sport mekdebiniň tälimçisi Geldimyrat Orazklyçewyň taýýarlan topary eýeledi. Altyn ATAKOWA,

Pälwançylyk ýoly

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan Watanymyzy sagdynlygyň, ruhubelentligiň, sportuň mekanyna öwren Gahryman Arkadagymyz şeýle diýip nygtaýar: «Sport – gujur-gaýratyň, gözelligiň we sagdynlygyň gözbaşydyr. Beden we ruhy taýdan sagdynlyk adamyň durmuşa bolan ynamyny we höwesini artdyrýar. Ýaşlara berjek nesihatym, sporty söýüň! Sport güýç-gaýratyň, saglygyň gözbaşydyr». Ine, hormatly Prezidentimiziň şu atalyk nesihatyna eýerip, şu günki gün gujur-gaýratyň, gözelligiň we sagdynlygyň gözbaşy bolan sporty öz durmuşynyň hemişelik hemrasyna öwürýän ýaş nesilleriň sany barha köpelýär. Ýurdumyzda sagdyn durmuş ýörelgesine eýermek, sport bilen meşgullanmak üçin döredilen ajaýyp şert-mümkinçiliklerden ýerlikli peýdalanýan şeýle ýaşlaryň biri-de balkanabatly Merdan Annamämmedowdyr. 2004-nji ýylda Balkan welaýatynyň merkezi şäherinde doglan Merdan «Türkmenistan – parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýlip yglan edilen üstümizdäki ýylyň sentýabr aýyndan başlap şäherdäki 6-njy orta mekdebiň 11-nji synpynda okap başlar. Balkan welaýat sport we ýaşlar syýasaty Baş müdirliginiň Balkanabat şäherindäki 1-nji sport mekdebine bolsa ol indi 10 ýyla golaý wagt bäri, ýagny orta mekdebiň 1-nji synpynda okap ýören döwründen bäri gatnap gelýär.

Tomsuň sapaly günleri

Häzirki wagtda mekdep okuwçylarynyň tomusky dynç alyş möwsümi dowam edýär. Çagalar ýurdumyzyň dürli künjeklerinde ýerleşýän dynç alyş merkezlerinde uly ruhubelentlikde dynç alýarlar. Ahal welaýatynyň Kaka etrabynyň Hywabat jülgesinde ýerleşýän «Ýaşyl ýaýla» çagalar dynç alyş-sagaldyş merkezinde dynç alýan mekdep okuwçylary hem tomsuň sapaly günlerini şatlykly wakalara besleýärler. 2015-nji ýylda açylyp ulanylmaga berlen merkez özünde giň mümkinçilikleri jemleýär. Onda her tapgyrda çagalaryň 300-sine dynç almaga şert bar.

Dünýä rekordly ýeňişler

Bu aralygy 45,94 sekuntda geçen norwegiýaly Karsten Warholm Olimpiýa oýunlarynyň altyn medalyny gazandy. Ýeri gelende bellesek, bu aralykdaky mundan öňki dünýä rekordyny hem Warholm goýupdy. Norwegiýanyň Oslo şäherinde geçirilen «Göwher liganyň» çägindäki bäsleşikde 25 ýaşly Warholm bellenilen aralygy 46,70 sekuntda geçipdi.

Taryhda şu gün

30 ýaşly zenan suwda ýüzüji şol gün ABŞ-nyň Kiçi Diomid hem-de Russiýanyň Uly Diomid adalarynyň aralygyna 4160 metre uzaýan aralygy ýüzüp geçmegi başardy. Suwuň gyzgynlygynyň bary-ýogy 6 gradusa ýetýändigine garamazdan rekord netije gazanan Koksa bu aralygy geçmek üçin iki sagat alty minut ýeterlik bolupdyr.

Sport – dostlukly gatnaşyklaryň köprüsi

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň: «Parahatçylyk söýüji syýasaty alyp barýan Bitarap döwletimiz Halkara Olimpiýa Komitetiniň we Aziýanyň Olimpiýa Geňeşiniň agzasy bolmak bilen, halkara Olimpiýa hereketini ösdürmek, sport hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmak boýunça hem anyk başlangyçlary öňe sürýär. Parahatçylygy, dostlugy, oňyn hyzmatdaşlygy berkitmäge ýardam berjek bu başlangyçlar dünýä bileleşigi tarapyndan giňden goldanylýar» diýen parasatly sözlerindenem görnüşi ýaly, halklaryň we ýurtlaryň arasynda parahatçylygy, dostlugy, oňyn hyzmatdaşlygy berkitmekde sportuň örän uly ähmiýeti hem-de orny bardyr. Muňa döwlet Baştutanymyzyň Buýrugyna laýyklykda, XXXII tomusky Olimpiýa oýunlarynyň resmi açylyş dabarasyna gatnaşmak üçin Ýaponiýanyň paýtagty Tokio şäherine iberilen Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary S.Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýetiň amala aşyran saparynyň çäklerinde geçirilen ikitaraplaýyn möhüm duşuşyklaryň mysalynda hem bütin aýdyňlygy bilen göz ýetirmek boldy.

Ýaponiýadan hoş habar

Bu gün geldi hoş habar, bezäp sporta ak ýoly,Polinanyň ýeňişi çaýdy şatlyk ahwaly.Sport, saglyk türkmeniň täze güllän ykbaly,Gurýewanyň güýji,Başda mertebe täji,Türkmen – ýapon gatnaşyk bolup mydam rowana. Pälwan gyz orta çykdy – köňüllerde zerewşan,Gör, agyr atletikany göteripler dünýä şan.Ak ýollarda ak patany söýläp berdi Kerem Şa!Sport täze pelsepe,Ýollaryna gül sepen,Bu ýeňişe ilim şat, Göge galdy howala.

Käbe kelamy

Men bagtyýarlyk döwrüniň bagtly zenany. Gyzym Polinanyň gazanan kümüş medaly diňe bir maşgalamyzy däl, tutuş halkymyzy buýsandyrdy. Her bir türgeniň gazanýan üstünligi hormatly Prezidentimiziň sporty ösdürmek barada edýän aladalarynyň netijesidir. Gyzym Olimpiýa oýunlaryna gatnaşmak üçin ýola düşende «Käbäm, men medalsyz dolanmaryn. Öz öňümde maksat goýdum. Oňa ýetmek üçin elimde baryny gaýgyrman» diýen pursady gözüme ýaş aýlanyp gitdi. Dogrymy aýdaýyn, begendim hem ynandym. Polina sözünde tapylyp, şol ynamy doly ödedi. Men şol tolgundyryjy pursatlary internetiň üsti bilen yzarladym. Dogrusyny aýtsam, öte tolgundym. Onuň medal gazanandygyny görenimde bolsa begençden göz ýaşlarymy saklap bilmedim. Gyzymyň bu üstünligi hormatly Prezidentimize, mukaddes Garaşsyzlygymyza bagyşlamagy has-da guwandyrdy.