Okuw-türgenleşik ýygnanyşygy

13 Awgust 2021
790

Futbol boýunça Türkmenistanyň ýaşlar ýygyndysynyň 2022-nji ýylda geçiriljek Aziýa Kubogynyň saýlama tapgyrynyň duşuşyklaryna taýýarlygyň çäginde paýtagtymyzda geçirilen okuw-türgenleşik ýygnanyşygy tamamlandy. Onuň dowamynda Ahmet Agamyradowyň ýolbaşçylygyndaky ýaşlar ýygyndymyz «Ahal» hem-de «Aşgabat» toparlary bilen ýoldaşlyk duşuşyklaryny geçirdi.

Paýtagtymyzdaky Olimpiýa şäherçesiniň türgenleşik meýdanynda bir hepdeläp dowam eden okuw-türgenleşik ýygnanyşygynda milli ligalarymyzda çykyş edýän futbolçylaryň 23-siniň gözden geçirilendigini ýatladýarys. Ýurdumyzyň ýaşlar ýygyndysynyň ikinji okuw-türgenleşik ýygnanyşygy 16 – 21-nji awgust aralygynda paýtagtymyzda geçiriler.

Döwlet ATAŞOW,
«Türkmen sporty».