Sport mekdeplerinde

13 Awgust 2021
771

Ajaýyp zamanamyzda hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda ähli ugurlarda bolşy ýaly, sporta hem uly üns berilýär. Ýaş nesilleriň sport bilen giňden meşgullanmaklary üçin ähli şertleriň döredilýändigine paýtagtymyzda hem-de welaýatlarda gurlup ulanylmaga berlen sport mekdepleri we beýleki sport desgalary aýdyň şaýatlyk edýär. Biziň etrabymyzda hem Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallasy bilen döwrebap sport mekdebi gurlup, ulanylmaga berildi.

Esenguly şäherinde ýerleşýän bu sport mekdebinde türgenleşmek, ýaryşlary geçirmek üçin ähli mümkinçilikler döredilendir. Sportuň dürli görnüşleri bilen meşgullanmaga bu ýerde ajaýyp şertler bar.