Bedenterbiýe we sport halkymyzyň adam şahsyýetini sazlaşykly kemala getirmek medeniýetiniň möhüm düzüm bölegi hasaplanylýar. Diýarymyzyň ähli künjeklerinde sportuň hem-de köpçülikleýin bedenterbiýäniň ösdürilmegine, ilatyň arasynda sagdyn durmuş ýörelgesine eýermegiň ähmiýetiniň giňden wagyz edilmegine berilýän üns gün-günden güýçlenýär. Ýurdumyzda sagdyn durmuş ýörelgeleriniň durmuşa ornaşdyrylmagyna we türkmen sportunyň abraýynyň has-da belende göterilmegine aýratyn ähmiýet berilýär.
Professional sporty ösdürmekde hem möhüm ädimler ädilýär. Ine, golaýda Watanymyza gelip gowşan hoş habar – agyr atletikaçy gyzymyz Polinanyň Tokio Olimpiadasynyň kümüş medalyny gazanandygy bu hakykatyň nobatdaky subutnamasyna öwrüldi. Watanymyza ilkinji olimpiýa medalyny getiren bu üstünlik dörtýyllygyň iň uly sport baýramçylygynyň taryhyny hemişelik bezedi. Şol bir wagtyň özünde bolsa Arkadag Prezidentimiziň taryhy başlangyçlarynyň türkmen sportuny täze belentliklere, iň uly üstünliklere alyp barýandygyny aýdyň görkezdi.