Sagdyn durmuş ýörelgesi – bagtyýar durmuşyň gözbaşy

7 Awgust 2021
988

«Biziň maksadymyz türkmenistanlylar üçin, şeýle hem Awaza daşary ýurtlardan gelýän myhmanlar üçin dynç almak we jan saglygyny berkitmek babatda örän oňaýly şertleri döretmekden ybaratdyr» diýip nygtaýan hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň taýsyz tagallasy bilen amala aşyrylan ägirt uly işleriň netijesinde bu ajaýyp milli syýahatçylyk zolagy bu günki gün dünýäde sagdynlygyň, sportuň mekany, dynç almak hem-de saglygyňy berkitmek üçin diýseň oňat şert-mümkinçilikleriň üpjün edilen künjegi hökmünde tanalýar. Sagdyn durmuş ýörelgesine eýermekde bolsa Arkadag Prezidentimiziň her bir türkmenistanla nusgalyk görelde bolup durýanlygy döwrümiziň ajaýyp hakykatydyr. Muňa döwlet Baştutanymyzyň geçen hepdede Balkan welaýatyna bolan iş saparynyň barşynda hem aýdyň göz ýetirmek boldy.

Hormatly Prezidentimiz geçen şenbede agtyklary bilen «Rahat» atly häzirki zaman gämisinde Hazar deňziniň giňişliklerinde gezelenç etdi. Ýokary derejede enjamlaşdyrylan ak gämi «Awaza» milli syýahatçylyk zolagy boýunça uzap gidýän kenardan deňiz giňişligine tarap ýüzüşe başlady.

«Türkmen sporty».