Döwrebap bilim ojagymyzda
Biziň zähmet çekýän döwrebap bilim ojagymyzda gazanýan üstünlikleri bilen milli sportumyzy şöhratlandyrjak ýaşlaryň täze neslini ýetişdirmek ugrunda möhüm işler durmuşa geçirilýär. Olaryň türgenleşiklerini döwrebap hem ýokary derejede geçmekleri üçin ähli şertleriň döredilen ojagynda işleýän hünärmenler bolsa ýaşlaryň birkemsiz taplanmaklaryny gazanmak ugrunda yhlaslaryny gaýgyrmaýarlar. Türgenlere tälim berýän tälimçileriň ýurdumyzyň iň ussat hünärmenleridigi bu işiň has-da netijeliligini üpjün edýär. Ýokary okuw mekdebimizde ýaşlaryň diňe ykjam türgenleşiklerini ýa-da fiziki taýýarlygyny däl, eýsem, ahlak terbiýesini, ösen aň-düşünjeliligini gazanmaga, milli ýörelgelerimize, edim-gylymlarymyza buýsanýan, Watana wepaly nesli kemala getirmäge uly ähmiýet berilýär. Hünärmenlerimiziň okuw hem-de iş meýilnamalarynda şu aýratynlyklar eriş-argaç bolup geçýär.