"Türkmen sporty" gazeti

Esaslandyryjysy: "Türkmen Sporty" gazetiniň redaksiýasy
Salgysy: Aşgabat şäheri, 1995-nji köçe 66 jaýy
Telefon belgileri: 22-33-91, 22-33-72

Habarlar

Tokio täsirleri

ýa-da Tokio Olimpiadasynyň kümüş medalynyň eýesi Polina Gurýewa bilen sanly ulgam arkaly guralan söhbet XXXII tomusky Olimpiýa oýunlarynyň gyzgalaňly dowam edýän günleri türkmen sportunyň taryhyny hem ebedilik bezedi. Türkmen Tugunyň Günüň dogýan ýurdunda türgenimiziň olimpiýa medalynyň nyşany hökmünde belende galdyrylýan taryhy pursatlary watandaşlarymyzyň ählisini bagtyýar etdi. 2021-nji ýylyň 27-nji iýuly türkmen sportunyň üstünlikleriniň ýyl ýazgysyna iň möhüm seneleriň biri hökmünde girdi. Şol gün Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň sportuň olimpiýa görnüşleri fakultetiniň talyby, Türkmenistanyň ýokary sport ussatlygy mekdebiniň 21 ýaşly türgeni Polina Gurýewa Watanymyzyň baýrak gaznasyny XXXII tomusky Olimpiýa oýunlarynyň medaly bilen baýlaşdyrdy. Biz bu taryhy wakanyň yzysüre iri sport ýaryşynyň agyr atletika bäsleşiginde umumylykda 217 kilogram agyrlygy göterip, hem-ä ýurdumyza Olimpiýa medalyny getirmegi, hem-de öz şahsy rekordyny täzelemegi başaran türgenimiz bilen sanly ulgamyň mümkinçilikleri arkaly söhbetdeşlik guradyk.

Taryhy üstünlikden soň sere gelen setirler

Geçen asyryň 90-njy ýyllarynda adygan agyr atletikaçymyz Altymyrat Orazdurdyýewiň öz agramyndaky islendik agyrlygy ýeňillik bilen göterýän döwürleri dürli sebäplere görä Olimpiýa arzuwyna ýetip bilmändigi janköýerlerimiziň hakydasynda bolsa gerek. Ondan bäri niçe ýyllaryň geçendigine garamazdan, sport ussatlaryndan galan mirasyň haçan-da bolsa bir wagt saýlama türgenlerimiziň esasy arzuwyna – Olimpiýa medalyna ýetirjekdigine ynamymyz bardy... Hawa, nobatdaky XXXII Olimpiýa oýunlary Günüň dogýan ýurdunda Ýaponiýada geçýär. Geçen dünýä çempionatynyň ýa-da Aziýa çempionatynyň medallaryny gazanan agyr atletikaçylar Tokio-2020-de hem baş baýraklar ugrunda göreş alyp bararlar diýlip çaklanylypdy. Köpleriň bu pikiri hakykatdan daşda däldi. Sebäbi nähili ýaryşdygyna garamazdan, diýseň ynamly çykyş edýän hytaýly, filippinli, kanadaly, russiýaly, hytaý taýpeýli, fransiýaly, ýaponiýaly... türgenleriň dörtýyllygyň esasy ýaryşynyň öňüsyrasyndaky görkezen netijeleri şeýle netijä gelmäge esas berýärdi. Başga bir tarapdan bolsa, türkmen agyr atletikaçylaryna olar bilen mynasyp bäsleşmäge uly mümkinçilik döräpdi. Ildeşlerimiziň ýakynda Daşkentde geçirilen Aziýa birinjiliginde görkezen netijeleri olardan şowly çykyşa garaşmaga esas berýärdi. Tomusky oýunlara gatnaşýan bäş agyr atletikaçymyzyň (Hojamuhammet Toýçyýew +109 kg, Öwez Öwezow 109 kg çenli, Rejepbaý Rejepow 81 kg çenli,

Çyn şägirtler halypadan bellidir

Mahal-mahal kyrk ýyly alarladyberen zähmet ýolumda ― žurnalistik kärimiň dowamynda ulanan ýandepderçelerime göz aýlamak edähedim bar. Olar maňa ömrümiň agramly böleginde gören-eşidenlerimden, Muhammet Çerkez, Amandyr Atamyrat Gurbandurdy, Çary Aşyr, Nagym Aşyr, Eziz Derýa ýaly belli edebiýat hem sungat işgärleri bilen söhbetdeş bolan pursatlarymy ýatladýar. Elbetde, ýandepderçelerimdäki ýazgylarda ýurdumyzyň sport ulgamynyň wekilleriniň pikir-garaýyşlaryny, ömür ýoluny yzarlaýan setirlerem az däl. Özem nämüçindir, olaryň arasynda agyr atletika agdyklyk edýän ýaly bolup dur. Sebäbini düşündirjek bolaýyn. Halypa žurnalistimiz Batyr Hally bilen arzyly olimpiýa medalyny azruw edip, pikir alşan gezeklerimiz az bolmandy. Her gezegem sportuň haýsy görnüşinden has uly üstünlige garaşyp boljakdygy baradaky meselede pikirimiz gabat gelerdi. Asylly däpleri hem nusgalyk mekdebi bolan agyr atletika, şeýle hem göreş ugurlaryna aýratyn üns berilse, irde-giçde köp garaşdyran olimpiýa medalynyň ýalkymyna gözümiziň düşjekdigine ynamymyz uludy. Anyg-a bilemok, belki, şonuň üçindir, ýandepderçelerimdäki sporta degişli ýazgylaryň esasy gahrymanlarynyň köpüsi agyr atletika dahylly. Altymyrat Orazdurdyýew, Oleg Komlew, Artur Emirýan, Ikram Matkarimow, Umurbek Bazarbaýew, Tolkunbek Hudaýbergenow, Kristina Şermetowa... Ine, ýakynda ata Watanymyza garaşsyzlyk ýyllarynda ilkinji ol

Ýeňişleri ýaran edinen doganlar

MMA söweş sungatlarynyň garyşyk görnüşi boýunça ilkinji professional türgenlerimiziň biri Şöhrat Orazgeldiýew bilen her duşuşygymyzdan soň, elimiň galama uzamagy ýöne ýerden däl bolsa gerek. Çünki onuň ýeňişli ýoluny bezeýän üstünlikleriň yzygiderli artmagy munuň üçin degerli esas. Ine, bu gezek hem şeýle boldy. Onuň gürrüň berýän täzeliklerini ýandepderçäme belläp oturşyma bu gezekki ýazgymda onuň agasy we tälimçisi Orazgeldiniň hem sport ýoluna ünsi çekmegi ýüregime düwdüm. Galyberse-de, doganlaryň meşgullanýan sport görnüşiniň has çynlakaý we içgin taýýarlygy talap edýändigini, onuň başa-baş göreşleriň ählisiniň aýratynlyklaryny özünde jemleýändigini göz öňünde tutsaň, munuň okyjylar üçin täsirli boljakdygyna-da ynamyň artýar. Aslynda, Orazgeldiýewleriň maşgala agzalarynyň birnäçesi MMA başa-baş söweşleriň garyşyk görnüşi boýunça milli mekdebimiziň üstünliklerine özleriniň ajaýyp netijeleri bilen şärik boldular. Bu maşgalada ussatlary ýetişdirmegiň hötdesinden gelen tälimçiniň-de, dünýäniň we yklymyň çempionynyň-da, eýýäm halkara ýaryşlarynyň medallaryndan çemen baglamagy başaran ýetginjegiň hem bolmagy olaryň sportuň şu görnüşi bilen meşgullanmagy nebere ýörelgesine öwrendiginden nyşandyr. Şöhrat Orazgeldiýewiň iri halkara ýaryşlarynda gazanan üstünlikleri:

Mil­li spor­tu­my­zyň ta­ry­hy üs­tün­li­gi

Bi­lim ber­ýän ta­ly­by­my­zyň — Po­li­na Gur­ýe­wa­nyň olim­pi­ýa üs­tün­li­gi­ne eýe bol­ma­gy Ar­ka­dag Pre­zi­den­ti­mi­ziň mil­li spor­tu­my­zy ta­ry­hy üs­tün­lik­le­re, tä­ze be­lent­lik­le­re ýe­tir­mek ug­run­da­ky ta­gal­la­la­ry­nyň mi­we­si bo­lup, her bi­ri­mi­ziň ba­şy­my­zy gö­ge ýe­tir­di. Çün­ki Wa­ta­ny­myz­da sport bi­len hü­när de­re­je­sin­de meş­gul­lan­mak üçi­nem, kä­mil­leş­mek üçin hem ze­rur bo­lan şert-müm­kin­çi­lik­le­riň äh­li­si dö­re­di­len. Ine, şu­nuň esa­syn­da hem, biz tä­lim­çi­le­riň, sport ug­run­dan bi­lim ber­ýän mu­gal­lym­la­ryň aza­by, yh­la­sy has-da ne­ti­je­li hä­si­ýe­te eýe bol­ýar. El­bet­de, ze­hin­li gy­zyň yh­la­sy, hy­ju­wy, mak­sa­daok­gun­ly­ly­gy onuň uly üs­tün­lik­le­ri na­zar­la­ýan­dy­gy­ny äş­gär ed­ýär­di. Onuň özü­ne bo­lan yna­my he­re­ket­le­rin­de aý­dyň be­ýa­ny­ny tap­ýar­dy. Ýo­ka­ry okuw mekde­bi­miz­de özü­ni he­mi­şe gö­rel­de­li ta­rap­dan gör­ke­zen Po­li­na­nyň bu üs­tün­li­gi mu­kad­des Ga­raş­syz­ly­gy­my­zyň 30 ýyl­lyk şan­ly to­ýu­na uly sow­gat bol­dy. Şol se­bäp­den hem, biz mil­li spor­tu­my­zyň ta­ry­hy­ny olim­pi­ýa üs­tün­li­gi bi­len be­zän ta­ly­by­my­za ge­le­jek­de hem iň uly üs­tün­lik­le­riň ýa­ran bol­ma­gy­ny ar­zuw ed­ýä­ris. To­kio Olim­pia­da­sy­na gat­naş­ýan beý­le­ki tür­gen­le­ri­mi­ze hem ýe­ňiş­ler ýar bol­sun! Türk­men spor­tu­ny şeý­le uly üs­tün­lik­le­re ýe­ti­ren Gah­ry­

Bürünç medally türgen

Golaýda Serbiýada bu ýurduň küşt federasiýasy tarapyndan guralan halkara ýaryş – International OPEN «Paracin 2021» geçirildi. Dürli ýurtlardan gelen küştçüler iki derejeli toparda – «A» we «B» toparlarda bäsleşdiler Güýçli türgenleri özünde jemlän «A» toparynda kyrk ýurtdan baran 180 türgen bilen bilelikde türkmen küştçüsi Meýlis Annaberdiýew-de bäsleşdi. 9 tapgyrdan ybarat bolan oýunlar şweýsar ulgamy boýunça geçirildi. Meýlis alty oýunda ýeňiş gazandy, ikisini deňlikde tamamlady, bir gezegem ýeňlişe sezewar boldy. Şeýlelikde, ol mümkin bolan 9 utukdan 7 utuk gazandy.

Ussat hünärmen

Biz golaýda Aşgabat şäheriniň sport we ýaşlar syýasaty Baş müdirliginiň 2-nji sport mekdebiniň kikboksing boýunça tälimçi mugallymy Orazmuhammet Kömekow bilen söhbetdeş bolduk. – Orazmuhammet aga, söhbetdeşligimize sport ýolunda gazanan üstünlikleriňiz baradaky gürrüňler bilen başlaýalyň.

Taryhda şu gün

Tennis äleminiň ýyldyzlarynyň biri hasaplanýan belarusly Wiktoriýa Azarenko şu gün doglan gününi belleýär. 1989-njy ýylyň 31-nji iýulynda dünýä inen belarusly tennisçi 2012-nji hem-de 2013-nji ýyllarda «Uly tuwulga» bäsleşikleriniň hataryna girýän Awstraliýanyň Açyk çempionatynda ýeňiş gazanmagy başardy. WTA-nyň bäsleşikleriniň 21-sini öz peýdasyna tamamlan Azarenko 2012-nji ýylda Londonda geçirilen tomusky Olimpiýa oýunlarynda altyn hem-de bürünç medala mynasyp boldy. Ýekelikde çykyş etmekde üçünji orny eýelän bolsa, onda onuň Maks Mirnyý bilen bilelikdäki çykyşy altyn medal bilen belgilendi. ***

XXXII tomusky Olimpiýa oýunlarynda wekilçilik etjek Türkmenistanyň sport wekiliýetine

Türkmenistanyň sport wekiliýetiniň agzalary! Mähriban türgenler!

Ýeňiş hemraňyz bolsun, türkmen türgenleri!

«Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwri kämil ýörelgeleri durmuşa ornaşdyrmagyň, türkmen sportunyň abraýyny has-da belende götermegiň ajaýyp zamanasydyr. Geljegimiz bolan ýaşlara berjek nesihatym – sporty söýüň! Sport güýç-gaýratyň, gözelligiň, saglygyň we hyjuwly ýaşamagyň gözbaşydyr! Sporta söýgi durmuşa söýgüdir!» diýip nygtaýan Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallasy bilen eşretli eýýamymyzda köpçülikleýin bedenterbiýäni we sporty ösdürmek, sagdyn durmuş ýörelgesini rowaçlandyrmak döwlet syýasatynyň esasy ugurlarynyň birine öwrülip, bu babatda sanlyja ýyllaryň içinde dünýä nusgalyk işler durmuşa geçirildi. Türkmen türgenleriniň gazanýan ajaýyp üstünlikleri bolsa olar üçin döredilip berilýän diýseň oňat şert-mümkinçilikleriň tüýs ýerine düşýändiginiň aýdyň güwäsi bolup dabaralanýar. Sport älemindäki iň uly ýaryşlarda – Olimpiýa oýunlarynda çykyş etmeklige hukuk gazanmagy hem şeýle uly üstünlikleriň hataryna buýsanç bilen goşmak bolar. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň degişli Buýrugyna laýyklykda, XXXII tomusky Olimpiýa oýunlarynyň resmi açylyş dabarasyna gatnaşmak üçin Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary S.Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýetiniň Ýaponiýanyň paýtagty Tokio şäherinde gulluk iş saparynda bolmagy-da Watanymyzyň Olimpiýa hereketine işjeň goşulyşýandygyndan habar berýär. Bagtyýarlyk döwrümizde ezber türgenlerimiz

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa Ýaponiýanyň Tokio şäherinde geçiriljek XXXII tomusky Olimpiýa oýunlaryna gatnaşjak Türkmenistanyň milli ýygyndy toparyna ak pata bermek dabarasyna gatnaşyjylaryň Ýüzlenmesi

Çuňňur hormatlanylýan Prezidentimiz! Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Siziň öňdengörüjilikli baştutanlygyňyzda Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan Watanymyz parahatçylyk, döredijilik we ösüş ýoly bilen bedew batly, ynamly öňe barýar, ýurdumyzyň syýasy, ykdysady, medeni kuwwaty hem-de halkara sport abraýy barha pugtalanýar. Siziň: «Häzir Watanymyzda Olimpiýa hereketini, ýokary netijeli sporty we bu ugurda halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin ähli zerur çäreler görülýär. Geçirilýän bu işler oňat netijelerini hem berýär» diýen çuňňur mazmunly sözleriňiz, ýurdumyzda ýaşlaryň ählitaraplaýyn ösen, giň dünýägaraýyşly, watansöýüji ynsanlar bolup kemala gelmekleri barada edýän bimöçber atalyk aladalaryňyz, hormatly Arkadagymyz, Size bolan buýsanjymyzy arşa göterýär.

Olimpiýaçylarymyz abraýly ýaryşda

Türkmen türgenleriniň 9-sy dörtýyllygyň iň iri ýaryşyna – XXXII tomusky Olimpiýa oýunlaryna gatnaşýarlar. «Günüň dogýan ýurdunda» ýaşyl Tugumyzy belentde parlatmak türkmen türgenleriniň baş maksady. Olimpiýa oýunlaryna ugradylyş dabarasynda biziň habarçymyz türgenler bilen söhbetdeş bolup, olaryň taýýarlyk ýagdaýy baradaky gürrüňlerini, şeýle-de olimpiýa arzuwlaryny ýazga geçirdi. Hojamuhammet TOÝÇYÝEW:

Halypa hormaty

Hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen häzirki wagtda türgenlerimiz halkara arenalarynda netijeli çykyş etmeklerini dowam edýärler. Olaryň ýokary netije gazanmaklarynda tagalla edýän tälimçiler toplan baý tejribelerini şägirtleri bilen paýlaşyp, gazanylýan üstünliklere mynasyp goşant goşýarlar. Alnyp barylýan bu işlerde hormatly Prezidentimiziň öňe sürýän halypa-şägirtlik ýoly giňden beýanyny tapýar. Ine, biziň bu günki söhbetdeşimiz hem bütin ömrüni sportuň basketbol görnüşine bagyş eden, türgen hökmünde-de, tälimçi hökmünde hem özüni kemsiz tanadan halypalaryň biri. Oňa Wagif Mamedow diýýärler.

Düzgünleri berjaý edeliň!

Bilşimiz ýaly, Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde bedew batly ösüşleri bilen täze belentlikleri nazarlaýan ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamynda döwrebap işler durmuşa geçirilýär. Häzirki wagtda ýurdumyzyň dürli künjeginde jemgyýetçilik guramalarynyň işjeň gatnaşmagynda guralýan wagyz-nesihat duşuşyklarynda ýaşlaryň saglygyny goramak, agyz-burun boşluklaryndan geçýän dürli keselleriň öňüni almak maksady bilen ýörite niýetlenen agyz-burun örtüginiň zerurdygy we hökmany ýagdaýda ýolda, işde, öýde we köpçülik ýerlerinde dakynmalydygy barada düşündirilýär. Bellenen araçägiň saklanylmagyna pugta eýermäge çagyrylýar.

Üstünlik ýaranyňyz bolsun, olimpiýaçylarymyz!

Ýene-de sanlyja günden Ýaponiýanyň Tokio şäherinde XXXII tomusky Olimpiýa oýunlary badalga alar. Dünýäniň iň iri sport baýramy türkmen türgenleri üçin hem möhüm synag bolar. Elbetde, Olimpiýa oýunlarynyň medalyny gazanmak her bir türgeniň iň arzyly maksady. Çünki türgenler bu oýunlara gatnaşmaga ygtyýar berýän ýollanma üçin iň möhüm hem iri, diýseň ýokary ussatlygy talap edýän synaglardan geçýärler. Dünýä we yklym çempionatlarynda, beýleki iri ýaryşlarda çykyş edip, utuklary toplaýarlar. XXXII tomusky Olimpiýa oýunlaryna türkmen wekiliýetiniň gatnaşmagy Türkmenistanyň Olimpiýa hereketiniň belent ynsanperwer däplerine berk eýerýändiginiň nobatdaky subutnamasyna öwrüldi. Iri sport baýramçylygynda çykyş etjek olimpiýaçylarymyza ak pata berliş dabarasynyň guralmagy bolsa professional sportuň uly ösüşlere eýe bolýan, Olimpiýa hereketiniň galkynýan, sagdyn durmuş ýörelgesiniň berkarar edilýän ýurdunda sport dünýäsiniň iň belent sepgitlerine ynamly gadam urulýandygyny äşgär etdi. Arkadag Prezidentimiziň ynamy türkmen olimpiýaçylaryny milli sportumyzyň taryhyny olimpiýa üstünlikleri bilen bezemäge, türkmen sportunyň abraýyny arşa götermäge ruhlandyrdy.

Çary MÄMMEDOW: «Tokio Olimpiadasyndan tamamyz uly»

Agyr atletika boýunça halkara derejeli emin, Türkmenistanyň Agyr atletika milli federasiýasynyň baş kätibi Çary Mämmedowyň ady köplere tanyşdyr. Ol ýurdumyzyň çempionatlarynda, şeýle hem, halkara ýaryşlarynyň birnäçesinde eminlik etdi. Ine, indi bolsa ol XXXII tomusky Olimpiýa oýunlarynda hem eminlik eder. Biz milli ýygyndymyzyň Olimpiýa oýunlaryna ugradylyş dabarasynyň öňüsyrasynda Çary Mämmedow bilen söhbetdeş bolduk. — Gürrüňdeşlige agyr atletika gelşiňiz baradaky ýatlamalardan başlaýalyň.

Sport mekdeplerinde

Jemgyýetde sagdyn durmuş ýörelgelerini ornaşdyrmak, berk bedenli we ruhy taýdan kämil ýaş nesli kemala getirmek maksady bilen, ýurdumyzda ençeme sport desgalarynyň gurlup ulanylmaga berlendigi, ýaşlara sport bilen meşgullanmaga ähli şertleriň döredilendigi kalplary buýsanja besleýän hakykatdyr. Bu günki gün paýtagtymyzda ýerleşýän sport mekdeplerinde türgenleşýän ýaşlar ussat tälimçilerden tälim alyp, öz ukyp-başarnyklaryny kämilleşdirýärler. Paýtagtymyzda geçirilýän bäsleşiklere sport mekdepleriniň türgenleri hem işjeň gatnaşýarlar. Bu bolsa olaryň has-da kämilleşmegine şert döredýär. Nesip bolsa, ýaşlaryň tejribelerini artdyryp, ýurdumyzyň sport abraýyny has-da belende galdyrjakdyklaryna pugta ynanýarys. Şirmyrat ÝUSUBOW,

Bedew münen sag bolar

Türkmen durmuşynda bedewleriň ornuny öwrenmekde milli Liderimiziň eserleri gymmatly çeşmedir. Hormatly Prezidentimiz ahalteke bedewleri barada şeýle diýýär: «Biziň milli buýsanjymyz, Türkmenistanyň Döwlet tugrasynyň bezegi bolan ahalteke bedewi Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyzyň hakyky simwolydyr we onuň parahatçylyga we dünýäniň ähli halklary bilen dostluga ymtylyşynyň şaýadydyr». Türkmen halkynyň göz guwanjy bolan bedewleriň ynsan saglygyny goramakda we keselleriň öňüni almakda hem peýdasy uludyr. At münmek adamda duş gelýän dürli keselleri bedewe bolan ýakymly garaýyşlaryň, söýginiň täsiri bilen bejermek usulydyr. Eýýäm ir döwürlerden maýyplygy bolan adamlara saglyk kömegini bermekde ippoterapiýadan peýdalanylypdyr. Ippoterapiýada ruhy we beden sagdynlygy sazlaşýar. Has anyk düşündirip aýtsak, bedewiň ýanyna baran adam ýakymly duýgulary başdan geçirýär. Bedewiň gözelligi, mähirliligi, oňa dakylan esbaplaryň, şaý-sepleriň nepisligi, owadanlygy ruhy taýdan oňyn täsirini ýetirýär. Adam ownuk-uşak aladalardan saplanýar, göwni ganatlanýar. Ata-babalarymyz «Bedew münen hassa sagalar» diýip, ýöne ýere aýtmandyrlar. Bejergi üçin at münülende, ýarawsyz adam bedewiň üstünde eýersiz oturýar, şonuň netijesinde atyň endamynyň gyzgyny oňa täsirini ýetirýär. At münmek adamyň merkezi nerw ulgamynyň işjeňligini artdyrmak bilen, onuň hereketine tygşytlylyk, takyklyk, ynamlylyk h

Milli gymmatlyklarymyzyň naýbaşysy

Asyrlaryň jümmüşinden bitewiligini saklap gelen türkmen halkynyň dünýäniň maddy medeniýetine goşan goşandy örän uludyr. Şol gymmatlyklaryň biri-de ahalteke bedewleridir. Döwlet Baştutanymyzyň ýakyndan goldaw bermeginde türkmeniň atşynaslyk, seýisçilik sungaty özüniň gadymy dessurlaryny gaýtadan dikeldýär. Türkmen bedewiniň şan-şöhraty barha belende galýar. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen, her ýylyň aprel aýynyň soňky ýekşenbesinde ahalteke bedewleriniň gözellik bäsleşiginiň, şekillendiriş we amaly-haşam sungatynyň, ussat halyçylaryň, zergärleriň, suratkeşleriň we heýkeltaraşlaryň bedewiň waspyny ýetirýän eserleriniň arasynda döredijilik bäsleşikleriniň, halkara ylmy-amaly maslahatlaryň dabaraly ýagdaýda geçirilmegi atşynaslyk sungatyna goýulýan belent sarpanyň aýdyň subutnamasydyr. «Türkmen bedewi we dünýäniň seýisçilik sungaty» atly halkara ylmy-amaly maslahatynyň yzygiderli geçirilmegi bolsa dünýäniň ylmy jemgyýetçiliginiň ünsüni meşhur ahalteke bedewlerine gönükdirýär.

Küşt me­se­le­le­ri

Bölümi Türkmenistanyň milli oýunlarynyň merkeziniň baş tälimçisi B.Atabaýew alyp barýar.