Taryhda şu gün

30 Iýul 2021
815

Tennis äleminiň ýyldyzlarynyň biri hasaplanýan belarusly Wiktoriýa Azarenko şu gün doglan gününi belleýär. 1989-njy ýylyň 31-nji iýulynda dünýä inen belarusly tennisçi 2012-nji hem-de 2013-nji ýyllarda «Uly tuwulga» bäsleşikleriniň hataryna girýän Awstraliýanyň Açyk çempionatynda ýeňiş gazanmagy başardy. WTA-nyň bäsleşikleriniň 21-sini öz peýdasyna tamamlan Azarenko 2012-nji ýylda Londonda geçirilen tomusky Olimpiýa oýunlarynda altyn hem-de bürünç medala mynasyp boldy. Ýekelikde çykyş etmekde üçünji orny eýelän bolsa, onda onuň Maks Mirnyý bilen bilelikdäki çykyşy altyn medal bilen belgilendi.

***

Taýýarlan Allamyrat GELDIÝEW,
Aşgabat şäheriniň daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirilen 13-nji orta mekdebiniň 10-njy synp okuwçysy.