Taryhy üstünlikden soň sere gelen setirler

30 Iýul 2021
845

Geçen asyryň 90-njy ýyllarynda adygan agyr atletikaçymyz Altymyrat Orazdurdyýewiň öz agramyndaky islendik agyrlygy ýeňillik bilen göterýän döwürleri dürli sebäplere görä Olimpiýa arzuwyna ýetip bilmändigi janköýerlerimiziň hakydasynda bolsa gerek. Ondan bäri niçe ýyllaryň geçendigine garamazdan, sport ussatlaryndan galan mirasyň haçan-da bolsa bir wagt saýlama türgenlerimiziň esasy arzuwyna – Olimpiýa medalyna ýetirjekdigine ynamymyz bardy...

Hawa, nobatdaky XXXII Olimpiýa oýunlary Günüň dogýan ýurdunda Ýaponiýada geçýär. Geçen dünýä çempionatynyň ýa-da Aziýa çempionatynyň medallaryny gazanan agyr atletikaçylar Tokio-2020-de hem baş baýraklar ugrunda göreş alyp bararlar diýlip çaklanylypdy. Köpleriň bu pikiri hakykatdan daşda däldi. Sebäbi nähili ýaryşdygyna garamazdan, diýseň ynamly çykyş edýän hytaýly, filippinli, kanadaly, russiýaly, hytaý taýpeýli, fransiýaly, ýaponiýaly... türgenleriň dörtýyllygyň esasy ýaryşynyň öňüsyrasyndaky görkezen netijeleri şeýle netijä gelmäge esas berýärdi. Başga bir tarapdan bolsa, türkmen agyr atletikaçylaryna olar bilen mynasyp bäsleşmäge uly mümkinçilik döräpdi. Ildeşlerimiziň ýakynda Daşkentde geçirilen Aziýa birinjiliginde görkezen netijeleri olardan şowly çykyşa garaşmaga esas berýärdi. Tomusky oýunlara gatnaşýan bäş agyr atletikaçymyzyň (Hojamuhammet Toýçyýew +109 kg, Öwez Öwezow 109 kg çenli, Rejepbaý Rejepow 81 kg çenli, Polina Gurýewa 59 kg çenli, Kristina Şermetowa 55 kg çenli) arasynda bäsleşige ilki bilen Kristina Şermetowa goşuldy. Ol 55 kilogram agrama çenli bäsleşikde ilkinji altylyga düşmegi başardy. Indi nobat 21 ýaşly ýaş türgenimiz Polina Gurýewanyňkydy...

Orazgeldi GELDIÝEW,
«Türkmen sporty».