Sport mekdeplerinde

16 Iýul 2021
905

Jemgyýetde sagdyn durmuş ýörelgelerini ornaşdyrmak, berk bedenli we ruhy taýdan kämil ýaş nesli kemala getirmek maksady bilen, ýurdumyzda ençeme sport desgalarynyň gurlup ulanylmaga berlendigi, ýaşlara sport bilen meşgullanmaga ähli şertleriň döredilendigi kalplary buýsanja besleýän hakykatdyr. Bu günki gün paýtagtymyzda ýerleşýän sport mekdeplerinde türgenleşýän ýaşlar ussat tälimçilerden tälim alyp, öz ukyp-başarnyklaryny kämilleşdirýärler. Paýtagtymyzda geçirilýän bäsleşiklere sport mekdepleriniň türgenleri hem işjeň gatnaşýarlar. Bu bolsa olaryň has-da kämilleşmegine şert döredýär. Nesip bolsa, ýaşlaryň tejribelerini artdyryp, ýurdumyzyň sport abraýyny has-da belende galdyrjakdyklaryna pugta ynanýarys.

Şirmyrat ÝUSUBOW,