"Türkmen sporty" gazeti

Esaslandyryjysy: "Türkmen Sporty" gazetiniň redaksiýasy
Salgysy: Aşgabat şäheri, 1995-nji köçe 66 jaýy
Telefon belgileri: 22-33-91, 22-33-72

Habarlar

Türgeniň kadaly iýmitlenmegi

Sport äleminde ýokary netijeleri gazanmak, galyberse-de, sagdyn bolmak üçin fiziki we ruhy ýüklenmelere uýgunlaşan türgenlere kadaly iýmitleniş düzgünlerini yzygiderli berjaý etmek zerurdyr. Witaminlara baý bolan önümleri yzygiderli iýmek türgenleriň saglygyny berkidip, fiziki işjeňligine oňaýly täsirini ýetirýär. Sebäbi beden iýmit arkaly zerur bolan mineral maddalary, beloklary, uglewodlary, ýaglary, suwy özüne kabul edýär. Yzygiderli alnyp barylýan türgenleşik sapaklarynda fiziki ýüklenmeleri ýerine ýetirmek arkaly türgeniň bedeni özünde bar bolan kaloriýany harçlaýar. Şonuň üçin hem, olara ýokary kaloriýasy bilen tapawutlanýan, uglewodlara, beloklara baý bolan önümleri iýmek maslahat berilýär. Türgenleriň gün tertibinde türgenleşiklere başlamazdan 1-1,5 sagat öň we ýaryşdan 2-2,5 sagat soň iýmitlenmek düzgünleşdirilýär.

Welaýatlardan habarlar

TMÝG-niň Babadaýhan etrap geňeşiniň, etrap bilim bölüminiň, etrap Arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek gullugynyň we etrap jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleriniň gatnaşmaklarynda etrabyň 1-nji orta mekdebiniň ýokary synp okuwçylarynyň arasynda «Sagdynlyk ruhubelentligiň gözbaşydyr» atly şygar bilen wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi. Duşuşygyň dowamynda häzirki wagtda howanyň düzüminde tozan bölejikleriniň möçberiniň kadadan artmagy sebäpli döräp biläýjek keselleriň öňüni almak maksady bilen, agyz-burun örtüklerini hökmany ulanmagyň, şahsy gigiýenanyň düzgünlerini berjaý etmegiň, sport maşklaryny ýerine ýetirmegiň we saglyga peýdaly gök-önümleri iýmegiň wajyplygy barada aýratyn bellenildi. Maral ÇARYMYRADOWA, TMÝG-niň Babadaýhan etrap geňeşiniň guramaçylyk bölüminiň esasy hünärmeni.

Ýedi ýylda ýedinji kubok

Paýtagtymyzyň «Altyn Asyr» topary taryhynda ýedinji gezek ýurdumyzyň Naýbaşy kubogyny gazanmagy başardy. Ýazguly Hojageldiýewiň tälim berýänleri «Aşgabat» köpugurly stadionynda geçirilen duşuşykda «Köpetdagdan» üstün çykmagy başardylar. Ikitaraplaýyn hüjümlerde geçen duşuşyk 2:0 hasabynda «Altyn Asyryň» peýdasyna tamamlandy. Duşuşygyň ilkinji minutlary «Altyn Asyryň» hüjümlerinde geçdi. Toparlaryň düzümlerine seredeniňde hem munuň şeýle boljakdygyny çaklamak mümkindi. Çünki «Altyn Asyryň» hüjümine jogap berýän futbolçylaryň hemmesi diýen ýaly tejribeli oýunçylardy. Öňde çykyş eden Mihail Titowdyr Altymyrat Annadurdyýewe, şu oýunda goragda çykyş eden tejribeli Ahmet Ataýewiň ýardamy örän uludy. Duşuşykdaky ilkinji howply urgyny hem hut ýurdumyzyň geçen ýylky çempiony döretmegi başardy. Sazlaşykly oýnuň netijesinde derwezäniň öňünde ýeke özi galan Altymyrat Annadurdyýewiň depen topy derwezeden sähel sowa geçdi.

TFF-niň täzelikleri

Häzirki wagtda hormatly Prezidentimiziň tagallalarynyň netijesinde ýurdumyzda sagdyn-durmuş ýörelgesi esasy orna çykaryldy. Ýakynda Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrligi bilen Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň Mary şäherinde çagalaryň gatnaşmagynda bilelikde guran «Grassroots» futbol baýramçylygy hem bu ugurda uly işleriň alnyp barylýandygynyň nobatdaky subutnamasy boldy. Guralan baýramçylyk çäresinde Mary welaýatynyň futbol mekdepleriniň ýaşajyk futbolçylary öz ukyp-başarnyklaryny görkezdiler. Festiwalyň dowamynda çagalar guramaçylar tarapyndan ýörite guralan türgenleşik işlerine, dürli ugurdaky bäsleşiklere gatnaşdylar.

Birinji aýlaw sanlarda

Gazetiň şu sanynda häzirki wagtda dowam edýän Türkmenistanyň futbol çempionatynyň birinji ýarymynda hasaba alnan sanlar we maglumatlar bilen tanyş etmegi makul bildik. Bilşiňiz ýaly iki aýlawdan ybarat bolan futbol çempionatymyzda birinji aýlawyň duşuşyklary tamamlanyp, onuň netijesinde «Ahal» topary birinji orny eýeleýär. Türkmenistanyň futbol çempionatynyň birinji aýlawynda myhmançylykda geçiren duşuşyklarynyň ikisinde ýeňiş gazanan «Altyn Asyr» bu babatda aýlawda iň ýokary netijäni görkezdi.

Diňe futbol barada...

Angliýadaky «Uembli» futbol stadionynda türgenleşikleriň geçirilmeýändigini bilmek gyzykly bolsa gerek. Bu stadion diňe futbol duşuşyklary üçin niýetlenendir. ***

Ynsan saglygy – döwletiň baş baýlygy

Halkymyzyň saglygy berkarar Watanymyzyň rowaçlyklarynyň we üstünlikleriniň gözbaşydyr. Hut şu nukdaýnazardan, ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamynyň ylmy we hukuk esaslaryny pugtalandyrmak, şäherlerimizde we obalarymyzda adam saglygy baradaky aladany has-da güýçlendirmek döwlet syýasatymyzyň esasy ugrudyr. Hut şonuň esasynda hem, bu gün eziz Diýarymyzda mähriban halkymyzyň saglygyny berkitmek we goramak, ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da ýokarlandyrmak döwletimiziň baş aladasyna öwrüldi hem-de ynsan ömrüniň dowamlylygyny uzaltmak ugrunda ägirt uly işler amala aşyryldy.

Tehnologiýalar we sport

Jemgyýetimiziň islendik ugruna nazar aýlanyňda hem ylmyň ornunyň örän uludygyny görmek bolýar. Sport babatynda bolsa onuň täsiri has-da duýulýar. Häzirki wagtda sporty tehnologiýasyz göz öňüne hem getirip bolanok. Şonuň bilen bagly gazetiň şu sanynda täze tehnologiýalaryň sportdaky orunlary barada gürrüň ederis. Gandboldaky akylly top

Bagtyýar ýaşlar

Hormatly Prezidentimiziň tagallalarynyň netijesinde ýurdumyzda talyp ýaşlaryň ýokary derejede bilim we terbiýe almagy, bedenterbiýe hem-de sport bilen yzygiderli meşgullanyp, berk bedenli, sagdyn ruhly şahsyýetler bolup ýetişmekleri üçin giň mümkinçilikler döredilýär. Biziň bilim alýan ýokary okuw mekdebimiziň – Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň talyplarynyň ýurdumyzda we daşary ýurtlarda geçirilýän abraýly ýaryşlarda medallary gazanmaklary hem munuň aýdyň subutnamasydyr. Ýakynda hem institutymyzyň birnäçe talyby we uçurymy ýurdumyzyň ýaşlar baýragynyň eýesi boldy, ýene-de birnäçesi bolsa halkara ýaryşlarynyň medallaryny gazandy. Şeýle üstünlikler ähli talyp ýaşlary begendirýär, guwandyrýar. Mähriban Arkadagymyzyň tagallalary bilen ýaş türgenleriň sportuň dürli görnüşlerinden türgenleşik geçmekleri we ýaryşlara gatnaşyp, üstünlikli çykyş etmekleri üçin ähli mümkinçilikler döredilýär. Asuda, abadan Watanymyzda Gahryman Arkadagymyzyň biz – ýaşlar barada edýän aladalary bilen gurşalyp, döwrebap binalarda bilim almaga, ähli amatlyklary bolan sport desgalarynda türgenleşmäge döredilýän şertler täze üstünliklere ruhlandyrýar.

Taryhda şu gün

Sport ýoluna 1996-njy ýylda başlan çehiýaly tennisçiniň ATP-niň reýtingindäki iň ýokary netijesi 2006-njy ýyla gabat gelip, şol ýyl ol 8-nji orunda ornaşmagy başarypdy. Ol türgen hökmündäki çykyşlaryny 2017-nji ýylda tamamlaýandygyny mälim edipdi.

Sagdynlygyň mekanydyr eziz ata Watanym

«Sport ynsany beden we ruhy taýdan taplaýan, dünýägaraýşyny kämilleşdirýän gymmatlykdyr. Bedenterbiýä we sporta biz jemgyýetimizi jebisleşdirýän, halkymyzy beýik ösüşlere ruhlandyrýan güýç hökmünde garaýarys. Şundan ugur alyp, köpçülikleýin bedenterbiýe-sagaldyş hereketini ösdürýäris» diýip nygtaýan hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň sagdyn durmuş ýörelgesine eýermekde, yzygiderli sport bilen meşgullanmakda her bir raýata nusgalyk görelde görkezmegi döwrümiziň ajaýyp hakykaty bolup dabaralanýar. 13-nji noýabrda hem biz bu ajaýyp hakykatyň ýene bir ýola şaýady bolduk. Mähriban Arkadagymyz şol gün egindeşleri bilen Hazaryň kenarynda gurlan köpugurly sport toplumynda bedenterbiýe maşklaryny ýerine ýetirdi. Bilşimiz ýaly, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Hazar deňziniň ekologik taýdan arassa türkmen kenarynda ýerleşýän «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda dynç alyş bilen bir hatarda, sportuň dürli görnüşleri bilen meşgullanmak, bedenterbiýe maşklaryny ýerine ýetirmek üçin ähli zerur şertler üpjün edildi. Sagdyn durmuş ýörelgesine eýermekdäki asylly başlangyçlary bilen ähli watandaşlarymyza, ozaly bilenem ýaşlara şahsy görelde görkezýän Arkadag Prezidentimiz sport toplumynda egindeşleri bilen kiçi futbol boýunça ýaryş gurady.

Ýaşlar – Watanyň buýsanjy

Ýaş nesliň Watanymyzyň güýji we kuwwaty, mertebesi hem-de abraýy, beýik geljegi bolup durýandygyny aýdýan hormatly Prezidentimiz türkmen ýaşlarynyň amala aşyrýan işlerine, gazanýan üstünliklerine ýokary baha berip, olaryň ýokary hilli bilim almagy, bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmagy, sagdyn, bagtyýar durmuşda ýaşamagy ugrunda uly tagallalary edýär. 16-njy noýabrda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň döredilmeginiň 30 ýyllygyna gabatlanyp dürli ugurlarda tapawutlanan hem-de ýurdumyzyň içeri we daşary syýasatyny, durmuşa geçirilýän beýik özgertmeleri, olaryň halkymyzyň durmuşyndaky taryhy ähmiýetini wagyz-nesihat etmekde ýokary döredijilik başarnygyny, işjeňligini görkezen ýaşlaryň «Türkmenistanyň Ýaşlar baýragynyň eýesi» diýen at bilen sylaglanmagy Diýarymyzda ýaşlar hakyndaky köptaraply aladanyň hem-de olaryň zehinine, ukyp-başarnygyna, zähmetine goýulýan belent sarpanyň nyşanydyr. Hormatly ada mynasyp bolan ildeşlerimiziň arasynda sport üstünlikleri bilen Watanymyzy şöhratlandyran türgenleridir hünärmenleriň hem bolmagy guwandyryjydyr. Bizem yhlasly zähmeti we tutanýerliligi bilen üstünlik gazanyp, abraýly baýraga mynasyp bolan ýaşlaryň ýürek buýsanjyny okyjylarymyza ýetirmegi makul bildik. Polina GURÝEWA,

Parahatçylyk – bagtyýar durmuşyň kepili

Baky Bitarap Watanymyzda Gahryman Arkadagymyzyň paýhasly başlangyçlary netijesinde üstünlikli durmuşa geçirilýän il-ýurt, umumadamzat bähbitli işler parahatçylyga, ynanyşmaga we deňhukukly gatnaşyklara daýanýar. Amala aşyrylýan islendik işiň gözbaşynda parahatçylyk, agzybirlik we ruhubelentlik bar. Halkymyzyň agzybirligine, jemgyýetiň parahatçylygyna we ylalaşyga, ynanyşmaga binýat bolýan başlangyçlar biziň her birimizi yhlasly, päk ýürek bilen zähmet çekmäge ruhlandyrýar. Munuň özi halkymyza geljege ynamly garamaga, demokratik özgertmeleri tapgyrlaýyn durmuşa geçirmäge, döwlet hem-de jemgyýetçilik durmuşyny kämilleşdirmäge, halkara gatnaşyklaryny üstünlikli ösdürmäge giň mümkinçilik döredýär. Milli Liderimiziň üstünlikli amala aşyrýan özgertmeleriniň, geçirýän her bir maslahatlarynyň ozaly bilen halkymyzyň jebisligini berkitmek, il abadanlygy, ýurt parahatçylygy, Watan berkararlygy bilen berk baglydygyna, umumadamzat ähmiýetli asylly başlangyçlaryň gözbaşynda durandygyna biz her ädimde şaýat bolýarys. Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň islendik hoşniýetli döwlet we onuň halky bilen mähirli, dostlukly gatnaşyklary ýola goýmagy hem-de ösdürmegi hemişe ileri tutýandygyny ýygy-ýygydan belleýär.

Nobatdaky okuw-maslahat

17-nji noýabrda Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrliginiň, Bilim ministrliginiň, Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetiniň bilelikde guramagynda sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçirilýän «Türkmen ýaşlary – golunda eýýamyň beýik işleri» atly okuw-maslahatyň nobatdaky tapgyry geçirildi. Onda Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň baýry mugallymlarynyň alyp barmagynda ýaş nesilleri döwrebap, hemmetaraplaýyn sazlaşykly ösen, zähmetsöýer, Watana, il-güne wepalylyk ruhunda terbiýelemekde meýletinçilik hereketiniň ähmiýeti barada söhbet edildi. Okuw-maslahatyň ahyrynda oňa gatnaşyjylaryň arasynda gyzyklanma bildirilýän ugurlar boýunça sowal-jogap alşyldy. Şeýle hem ýaşlaryň we ösüp gelýän nesilleriň bagtyýar durmuşda ýaşamagy, sport bilen meşgullanmagy, ylymly-bilimli, ýokary düşünjeli adamlar bolup ýetişmekleri ugrunda döredip berýän mümkinçilikleri üçin hormatly Prezidentimiziň adyna sagbolsun aýdyldy.

Türkmen türgenleriniň üstünligi

11 – 14-nji noýabrda Daşkent şäherinde geçirilen Sambo boýunça dünýä çempionatynda türkmen türgenleri üç bürünç medal gazanmagy başardylar. Ildeşlerimiziň ilkinji bürünç medalyny Nedir Allaberdiýew (79 kg çenli) gazandy. Ýaryşyň soňky güni bürünç medallary Abdylla Babaýew (71 kg çenli) hem-de Rüstem Penjiýew (79 kg çenli) gazandylar. N.Allaberdiýewiň bürünç medala barýan ýolda geçen ýylyň dünýä çempiony, Ýewropanyň birnäçe gezek çempiony belarusly Aleksandr Kokşadan üstün çykandygyny bellemek ýakymlydyr.

Abdyllanyň nobatdaky medaly

Ýurdumyza wekilçilik edip, iri ýaryşlarda ussatlygyny görkezýän, hormat münberine çykýan türgenlerimize biziň her birimiz buýsanýarys. Eger olary ýakyndan tanaýan, bile okaýan ýa-da bileje işleşip ýören bolsagam begenjiň-buýsanjyň goşalanan ýaly bolýar. Ine, Özbegistanyň paýtagty Daşkentden gelip gowşan hoş habarlar hem kalbymyzy şeýle duýgulara besledi. Ol ýerde geçirilen Sambo we söweş sambosy boýunça dünýä çempionatynda ildeşlerimiziň üçüsi bürünç medala mynasyp boldy. Olaryň biri-de 71 kg agramda göreşip, şeýle netije gazanan Abdylla Babaýewdir. Ol indi birnäçe ýyl bäri biziň sport mekdebimizde tälimçi bolup zähmet çekmek bilen, sambonyň we söweş sambosynyň inçe syrlaryny ýaş pälwanlara öwredip, olara bu ugurda görelde bolup gelýär.

«Yhlasa – myrat»

Bagtyýarlyk etrabynyň Garadaşaýak ýaşaýyş toplumyndaky Aşgabat şäheriniň sport we ýaşlar syýasaty Baş müdirliginiň 7-nji sport mekdebi 2015-nji ýylyň 1-nji sentýabrynda işe girizildi. Häzirki wagta bu ýerde ýaşajyk türgenleriň 459-sy sportuň 5 görnüşi – milli göreş, grek-rim göreşi, söweş sambosy, boks, gylyçlaşmak boýunça tälim alýar. Tejribeli tälimçiler tarapyndan her günde iki wagtyna geçirilýän okuw-türgenleşik işleri türgenleriň sportuň inçe tilsimlerini ymykly ele almaklaryna ýardam berýär. Sport mekdebimizde erkin göreş boýunça halypa tälimçi Annagurban Bäşimow we onuň şägirtleri Ahmet Bäşimow, H.Mämmedow, söweş sambosy boýunça Farhat Nurmetow, Arslan Imamow, Şöhrat Annamuhammedow, grek-rim göreşi boýunça Muhammetmyrat Orazow, gylyçlaşmak boýunça Ahmet Agaýew hem-de birnäçe ýaş ezber tälimçiler okuw-türgenleşik sapaklaryny geçýärler. Sport mekdebimiz etrabymyzdaky orta mekdepler bilen hem ýakyn aragatnaşyk saklaýar. Mekdep okuwçylaryny sporta çekmek maksady bilen, häli-şindi «Men sporty saýladym», «Sport we saglyk» ýaly birnäçe temalarda wagyz-nesihat ähmiýetli gürrüňdeşlikleri geçirýäris. Sport ýaryşlarynda ýeňiji bolan mekdep okuwçylaryny bilim alýan orta mekdebine baryp, Hormat hatlarydyr sowgatlar bilen höweslendirýäris. Orta mekdepler bilen işleşmek sporta höwes bildirýän ýaşlaryň has-da köpelmegine ýardam edýär.

Sport we ýaşlar syýasaty

Ýakynda Türkmenbaşy şäheriniň Sport we ýaşlar syýasaty bölüminiň 2-nji sport mekdebinde gandbol boýunça açyk sapak geçirildi. Mekdebiň sport zalynda guralan açyk sapaga ýaş türgenleriň onlarçasy uly gyzyklanma bilen gatnaşdy. 2009-2010-njy ýyllarda doglan türgenleriň arasyndaky bu açyk sapagy tälimçi-mugallymlar Şemşat Pälwanowa we Nadežda Bondarenko alyp bardy. Hormatly Prezidentimiziň bedenterbiýäni we sporty giňden ösdürmek, kämilleşdirmek maksady bilen, sagdyn, ruhubelent ýaşlary taýýarlamak, olary sporta giňden çekmek barada edýän aladalaryndan ugur alnyp guralan bu açyk sapak ýaş türgenleriň sportuň beýleki görnüşleri boýunça hem ukyp-başarnyklaryny artdyrmagyna niýetlendi.

Wagyz-nesihat duşuşygy

Bäherden etrap sport we ýaşlar syýasaty bölüminiň guramagynda Bäherden etrabynyň sport mekdebinde etrabyň jemgyýetçilik guramalary bilen bilelikde wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi. Oňa sport mekdebiniň türgenleri we tälimçileri, lukmanlary gatnaşdy. Duşuşykda etrap sport we ýaşlar syýasaty bölüminiň başlygy hökmünde maňa hem söz nobaty berildi. Sport mekdebiniň lukmany Ýaýlymnazar Hudaýlyýew, Kärdeşler arkalaşyklarynyň etrap birleşmesiniň esasy hünärmeni Döwlet Babanazarow çykyş edip, halkymyzyň saglygyny ähli zatdan ileri tutýan hormatly Prezidentimiziň sargytlaryndan ugur alnyp, sport mekdebinde häzirki günlerde sagdyn durmuş ýörelgesini, şahsy arassaçylyk düzgünlerini berjaý etmek barada möhüm işleriň alnyp barylýandygyny belläp geçdiler. Wagyz-nesihat duşuşygynyň dowamynda her bir türgeniň sagdyn durmuş ýörelgeleriniň kadalaryny hemişe berjaý etmelidigi we arassaçylyk babatda hemişe görelde bolmalydygy nygtalyp geçildi. Wagyz-nesihat duşuşygyna gatnaşyjylar halkymyzyň abadan durmuşda ýaşamagy baradaky edýän tagallalary üçin Gahryman Arkadagymyza hoşallyk sözlerini aýtdylar.

Türkmen sportunyň kämil mekdebi

Hormatly Prezidentimiziň türkmen sportuny ösdürmek barada edýän tagallalarynyň netijesinde zähmet çekýän ýokary okuw mekdebimizde ýaşlaryň dünýä ülňülerine laýyklykda ýokary derejede bilim almagy üçin ahli mümkinçilikler döredilendir. Talyp türgenler saýlap alan sport görnüşleri boýunça bilimlerini amaly sapaklardyr türgenleşikleriň üsti bilen berkidýärler. Munuň üçin institutyň çäklerinde ähli şertler bar. Tejribeli tälimçileriň, öz döwründe dünýä çempiony bolan, Olimpiýa oýunlaryna gatnaşan mugallymlaryň geçýän her bir sapaklary bolsa ýaşlaryň halkara tejribesinden habarly bolmagyna getirýär. Her ýyl ýaşlaryň uly topary Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutyny tamamlap, ýurdumyzyň dürli ýerlerindäki sport mekdepleridir toplumlarynda zähmet çekmäge iberilýär. Olar sport ugurlary boýunça toplan tejribelerini ýaşlara öwredýärler. Ýaşlaryň sporta imrigip gitmekleri üçin alada edýärler.